2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Taryhy ýyla bagyşlanan çäre

Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp zamanasynyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda okuwçy ýaşlaryň ýurdumyzyň taryhyny öwrenmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Dänew etrap Geňeşiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda etrabyň 43-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ol taryhy ýyla bagyşlandy. Bu çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan bölekler okaldy, ondaky rowaýatlar sahnalaşdyryldy. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluna degişli eserleriň sergisi guraldy.

 

Şirinbaý BALTAÝEW,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Dänew etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň hünärmeni.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.