2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

YKJAM TAÝÝARLYK

         Gahryman Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylyň möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakasy golaý gelýär. Bu waka—Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarydyr. Şu günler biziň etrabymyzda-da öňde durýan saýlawlary kemsiz taýýarlykly garşylap, bu syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek üçin netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri hödürlemek bilen bagly çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Syýasy partiýalar, raýatlar toparlary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenýänler bilen duşuşyklar işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakasyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen etrabymyzda alnyp barylýan çärelere geňeşimiziň işgärleri işjeň gatnaşýarlar.

 

 

Çarymyrat Esenow,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Garagum etrap Geňeşiniň başlygy




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.