2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ÄLEME ÝAŇ SALAN WAKALAR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň täze belentliklerine çykyp  bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Şonuň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär, ýurdumyzyň täze taryhy altyn harplar bilen ýazylýar.

Geçen hepde hem şeýle boldy. Gahryman Arkadagymyzyň gadymy Mary topragyna gadam goýmagy bilen, älem-jahana ýaň salan buýsançly wakalaryň şaýady bolduk. Welaýatymyzyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan——Owganystan—Päkistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, Türkmenistan-Owganystan—Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat—Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli geçirilen belent dabaralar bütin halkymyzyň göwnüni joşa getirip, beýik buýsançlara eýe etdi. Bu wakalar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň diňe özüniň däl, eýsem dünýä halklarynyň aladalary bilen ýaşaýandygyny ýene-de bir gezek äleme ýaýdy. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, dünýä halklarynyň parahatçylykly, asuda, abadan ýaşaýşy biziň üçin uly bagtdyr.

Uzynlygy 1840 kilometre barabar boljak gaz geçirijisi doly ulanylmaga berlenden soň ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik berer.

Biz eziz Watanymyzyň halkara abraýyny, mertebesini şeýle belent derejelere ýetirýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

 

Jemal Begenjowa,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 5-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.