2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ KUWWATLY KÖPRÜSI

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji fewralynda dünýä ýaň salan taryhy wakalar bolup geçdi: hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Türkmenistan OwganystanPakistanHindistan halkara gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna, şonuň bilen birlikde TürkmenistanOwganystanPakistan halkara elektrik geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ilkinji metrlerine badalga berildi. Şol gün SerhetabatTurgundy (Owganystan) demir ýoly hem açyldy. Bu taryhy wakalar mynasybetli welaýatymyzyň çäginde, türkmen-owgan serhedinde guralan toý dabaralaryna hormatly Prezidentimiz bilen birlikde halkara gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge dahylly döwletleriň wekilleri hem gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň uzynlygynyň 1840 kilometre, onuň ýyllyk kuwwatynyň 33 milliard kub metre barabardygyny gutlag sözünde aýdyp geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa ýurtlary gadymy döwürlerden bäri mäkäm söwda aragatnaşygynda bolupdyrlar. Häzirki bolup geçýän taryhy wakalar — amala aşyrylýan möhüm halkara taslamalary şu döwletleriň hem-de halklaryň arasynda öňden gelýän gatnaşyklary täze, heniz görlüp-eşidilmedik belentliklere çykarýar.

Bu möhüm taslamalaryň hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda amala aşyrylýandygyny taryhy dabaralara gatnaşýan myhmanlaryň aýratyn nygtamaklary biziň kalplarymyzda joşgun, guwanç we buýsanç duýgularyny döretdi. Türkmen-owgan serhedinde we Hyrat şäherçesinde bolup geçen dabaralarda çykyş edenler badalga berlen möhüm taslamalaryň türkmen Lideriniň başlangyjy netijesinde durmuşa geçýändigine aýratyn üns berdiler, şonuň üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler. Taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan halklaryň ählisiniň pähimlerinde hem ynsanperwerlik syýasatyny goldan bermeýän döwletiň iň gowy goňşudygy hakynda aýdylýar. Bu biziň türkmen döwletimize degişli iňňän ýerine düşýän hakykatdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ynsanperwerlik gatnaşyklaryny guramakda bitirýän dünýä ähmiýetli işlerini bu gün jümle-jahan ykrar edýär. Dünýäniň çar ýanyna uzaýan halkara gaz geçirijileri muňa aýdyň mysaldyr.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň gory ummasyzdyr. Şolaryň biri diňe bir içerki ulanyjylara däl, eýsem dünýäniň çar ýanyna eksport ugurlary ýaýbaňlandyrylyp iberilýän tebigy gazymyzdyr. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi «mawy ýangyjyň» Ýewraziýa yklymynyň ähi ugurlaryna gazyň uzak möhletleýin iberilmegini guramaga mümkinçilik berýär. Üstesine biziň bu milli baýlygymyz sebitde parahatçylygy berkidýär we gülläp ösüşleri üpjün edýär. Şu babatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy hem örän ähmiýetlidir. Taslamanyň ykdysady peýdasy hem iňňän uludyr. Ilki bilen ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen sebitde goşmaça 12 müňe golaý iş ornunyň dörejekdigini ýatlap geçeliň. Türkmen tarapynyň teklip etmegi esasynda Aziýanyň Ösüş banky bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin maliýe serişdeleri bilen üpjün edýär.

TOPH taslamasy durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermekde, energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň anyk ädimleri ädýändigini has äşgär görkezdi. Häzirki wagtda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmek döwletimiziň alyp barýar daşary syýasatynyň esasy ugrydyr Şu maksat bilei gaz känlerini özleşdirmek boýunça döwrebap desgalaryň toplumlarynyň ençemesi guruldy. Türkmen döwletinden gaz geçirijileriň şahalary çar ýan uzaýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini hem aýdyň görkezýär. Olar türkmen halkynyň we döwletiniň umumy öýümiz bolan Zeminiň ähli ýaşaýjylarynyň parahatçylykly ýaşamalydyklary baradaky arzuwlaryna ganat bagladýarlar.

 

Derýaguly GYLYÇMYRADOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Serhetabat etrap birleşmesiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.