2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

BAGTA ELTÝÄN ÝOLLAR

SerhetabatTurgundy demir ýoly bilen ilkinji otlynyň türkmen topragyndan dabaraly ýagdaýda ugradylyp, owgan topragynda uly şatlyk we mähir bilen garşylanylyşyna bütin ýurdumyz telewideniýe arkaly tomaşa edendir. Bu wakalara hut özüň gatnaşyp durkaň, mähriban Watanymyza we bütin dünýä ykrar edýän milli Liderimize bolan buýsanç duýgularyň joşýar. Şeýle kuwwatly ykdysadyýeti bolan döwletiň bagtly raýatydygyňa begenýärsiň.

Türkmenistan täze geoykdysady giňişlikde binagärligiň düýbünitutujy bolup taryha girdi. Eýýäm Türkmenistandan dünýäniň çar ýanyna tarap uzaýan ýollar Hytaý, Eýran, Owganystan, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere çykmaga mümkinçilik berýär. Hyzmatdaşlyk etmegiň täze, has giň gerimli görnüşi döredilýär.

Dünýäde söwda ulgamynyň, şeýle hem önümçiligiň esasy böleginiň Aziýa kontinentine geçýän häzirki döwründe Aziýanyň bazarlaryna çykmagyň ähmiýeti barha ýokarlanýar. Türkmenistanyň bu babatdaky başlangyçlary geljekde Baltika we Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna çykmak arkaly, Gara deňziň sebiti hem-de Zakawkazýe bilen birlikde Merkezi Aziýany. Hazar deňzi sebitindäki döwletleri birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadynyň tutulmagyna-da ýardam berer.

Türkmenistanyň ösüş aýratynlygy onuň taryhy taýdan halkara ykdysady-söwda we ynsanperwer gatnaşyklaryň jümmüşinde ýerleşendigidir. Munuň özi häzirki zaman şertlerinde hem örän möhümdir. Berkarar döwlet bolan Türkmenistanyň köp pudaklaýyn we möhüm wezipeleriň ençemesini çözmäge kuwwaty ýeterlik bolan ykdysadyýeti kemala geldi.

Hormatly Prezidentimiziň halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky teklipleridir başlangyçlary BMG tarapyndan goldanyldy. Eýýäm Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly hereketde. Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara demir ýolunyň Kerki — Akina (Owganystan) bölegi işe girizildi. Ynha, indi hem Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň hem dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylmagy mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda dünýä uzaýan bagtyýarlyk ýollarynyň üstüni ýetirýär. Ulag-üstaşyr geçelgeleri ýurtlaryň we halklaryň arasynda gatnaşyklara kuwwatly itergi berýär. Bu iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň dünýä ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösmeginde möhüm ähmiýeti bardyr.

Durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň ýene-de, gadymda hem bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden, bütinleý täze mazmunda döremegine işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň täze keşbi peýda bolýar, ol Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda täze görnüşde ulaglaryň we ýollaryň ähli görnüşlerini özüne birleşdirýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda gurlan we gurulýan halkara demir ýollary ulag geçelgesinde müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymyndaky halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň täze röwüşde dikeldilmegidir. Üstaşyr ulag geçelgeleriniň sebit we dünýä derejesinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda geljegi has uludyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýollar ösüşiň we rowaçlygyň täze sepgitlerine getirýär, parahatçylygyň we durnuklylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna tagallalary we hoşniýetli erk-islegleri birleşdirýärler. Ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk ulgamy babatda iri möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» Türkmenistan Ýewropa — Ýuwaş Ummany we Günorta — Gündogar Aziýa çäginde ykdysady ulgamlary baglanyşdyrýan halka hökmünde kesgitlenilýär. Biz bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini diňe bir Türkmenistanyň içinde gurulýan ýollaryň ýa-da ulag menzilleriniň, halkara Türkmenbaşy portunyň däl, eýsem dünýäniň çar künjüne uzaýan polat ýollaryň mysalynda hem aýdyň görýäris.

 

Döwlet JUMAÝEW,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Serhetabat etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.