2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

USSAT HALYPA

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň tejribeli mugallymy Baýmyrat Gurdow özüniň manyly ömrüniň kyrk bäş ýyldan gowragyny ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň binýatlyk sütüni bolan nebitgaz ulgamynyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekmeklige bagyşlan adam.

1965-nji ýylda Balkanabat (ozalky Nebitdag) şäherinde ýerleşýän hünärment mekdebini tamamlap, ne- bit guýularyny ýerasty bejermek hünärini ele alan ýaş ýigit şol wagtky «Nebitdagnebit» birleşiginiň nebitli guýulary ýerasty bejerýän toparynda zähmet ýoluna başlaýar. Elbetde, önüm bermesini togtadan guýulary ýerasty bejerip, täzeden önümçilige bermegiň köp zähmeti talap edýändigine Baýmyrat şol ýyllarda örän oňat göz ýetirdi. Bu ýeňil bolmadyk, ýöne arzyly käre bolan höwes, çäksiz bilesi- gelijilik oňa bilmeýän zatlaryny halypalardan öwrenip, hünärini pugta ele almaklyga ýardam berdi.

Şol ýyllarda ýurdumyzyň günbatar sebitinde örän köp gory bolan täze nebit känleriniň üstüniň açylmagy önümçiligiň ähli ýerlerinde ýokary bilimli, ýaş milli hünärmenleriň zerurlygyny ýüze çykardy. Şoňa görä, Baýmyrat Gurdow hem birleşigiň ýolbaşçylarynyň beren gymmatly maslahatlary hem-de kömek-goldawlary esasynda Türkmen politehniki institutynyň (häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) nebitçilik fakultetine okuwa girýär.

Instituty üstünlikli tamamlandan soň, ýaş hünärmen «Türkmengaz» döwlet konserniniň şol wagtky «Şatlykgazçykaryş» (häzirki «Marygazçykaryş) müdirliginde guýulary ýerasty we düýpli bejeriş sehinde işe başlaýar. Ol şol ýyllarda ussa, inžener wezipelerinde zähmet çekip, önüm bermesini azaldan gazly guýularyň ençemesinde bejeriş işleriniň geçirilmegine gatnaşypdyr. Müdirligiň Gündogar Şatlyk, Günbatar Şatlyk, Üçdepe, Mollakör we beýleki gaz känlerindäki guýularda geçirilen düýpli bejeriş işleri şol guýularyň tehniki mümkinçiliginiň artdyrylmagyna ýardam beripdir.

Özüniň bütin zähmet ýoluny ýurdumyzyň nebitgaz pudagy bilen baglan Baýmyradyň Döwletabat gaz käninde zähmet çeken ýyllarynda täze-täze gazly guýular özleşdirilip, önümçilige girizilipdir. Bu sebitden çykarylýan tebigy gazyň möçberi has artypdyr.

Nebitgaz pudagynda baý iş tejribesini toplan halypa hünärmen indi bir-näçe ýyldan bäri Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde mugallym bolup zähmet çekýär. Ol mekdepde geljekde nebitgaz ulgamynda zähmet çekjek talyp ýaşlara nebitgaz guýularyny gazmak, olary özleşdirmek, guýulardan nebiti we gazy ýygnamak, arassalamak, toplamak hem-de önümi nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ugratmak, magistral gaz geçirijilerine hyzmat etmek ugurlary boýunça sapak berip, olaryň saýlap alan hünärini ele almaklary ugrunda ýadawsyz zähmet çekýär.

- Biziň okuw mekdebimizde ýaşlaryň hünärleri pugta ele alyp, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Talyplara hünär öwretmekde tejribeli mugallymlar zähmet çekýärler. Baýmyrat Gurdowam döredijilikli işleýän halypa mugallymlarymyzyň biri. Ol geçýän nazary sapaklarynyň her birini ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümçiligi bilen pugta baglanyşdyryp, talyplary Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda pudaga innowasiýalaryň, täze tehnologiýalaryň, kämil häzirki zaman enjamlarynyň ornaşdyrylyşy bilen giňden tanyşdyrýar. Bu bolsa geçilýän her bir sapagyň maksadyny üpjün edýär - diýip, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň direktory Şamyrat Hydyrow gürrüň berýär.

 

Ibraýimguly ILAMANOW,

«Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.