2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

DURMUŞA SÖÝGI DÖREDÝÄR

         Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri ýokary derejede ösdürilýär. Welosiped sporty, ýeňil atletika, taekwon-do, kýokuşinkaý we beýleki görnüşleri ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma eýedir.

Sportuň kýokuşinkaý karate görnüşi boýunça indi 12 ýyl bäri höwesjeň türgenlere tälim berip gelýän gara guşagyň 2-nji danynyň eýesi, sport ussady, welaýat ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Merdan Orazdurdyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparynda türgenleriň 100-den gowragy türgenleşik geçip, kämilleşýärler. Türgenlerden Şatlyk şäherindäki 4-nji orta mekdebiň 6-10-njy synp okuwçylaryndan Kuly Çaryýew, Batyr Welmämmedow, Didar Hakberdiýew, Geldi Geldiýew welaýat, ýurt möçberinde geçirilýän ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, baýraklara eýe bolýarlar.

Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyp birinjiligi alan Geldi Geldiýewiň üstünligi kýokuşinkaý karate bilen meşgullanýan türgenlerimizde ýeňişlere ýetmäge höwes döretdi.

Golaýda bolsa etrabyň Şatlyk şäherinde ýerleşýän sport we ýaşlar syýasaty baradaky bölümiň guramagynda ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda ýaş türgenlerimizden Kuly Çaryýew, Batyr Welmämmedow, Didar Hakberdiýew dagy ussatlarça çykyş edip, emelleri çalasynlyk bilen ulanmakda tapawutlanyp, ýeňiş gazandylar. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

Ş. Jumaýew,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýatynyň Şatlyk şäher birleşmesiniň esasy hünärmeni.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.