2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ÇEPER ELLI ZENANLAR

Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň dokma pudagynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary» atly bäsleşik yglan edildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan yglan edilen hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyry Baýramaly şäherine görk berýän ajaýyp bina, «Bagtyýar türkmen» dabaralar mekanyňda uly buýsanja beslendi.

Welaýat zenanlar bölümi tarapyndan guralan hünär bäsleşigine düzüminde bäş adam bolan toparlaryň 5-si gatnaşdy. Welaýatyň çägindäki dokma toplumlaryndan, tikinçilik kärhanalaryndan bäsleşige gatnaşan dokmaçy hem tikinçi gyz-gelinler göz öňünde tutulan şertleriň üçüsini ýerine ýetirmekde başarnyklaryny görkezdiler. Bäsdeşler «Gadymy nagyşlaryň syrlary» atly şert boýunça gadymy milli lybaslaryň we olara salynýan nagyşlaryň döreýşi, gadymylygy, nagyşlara siňen syrly şekilleriň aňladýan manysy we aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Bäsleşigiň «Sungatym bar, hormatym bar» diýen şertinde bäsleşige gatnaşýan toparlaryň hersinden bir zenan öňe çykyp, öz ýany bilen getiren milli lybaslarynyň (kürte, çyrpy, ýaka nagşy, tahýa we şuňa meňzeşler) belli bir nagşyny berlen wagtyň dowamynda keşdelemek arkaly çeper elli ussatdygyny görkezdi. Bäsleşigiň «Kesbi käriň nesillere görelde» diýen şertinde bäsdeş zenan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz döreden el işleriniň özboluşlylygyny, reňk tapawutlaryny, keşdelerini goşgy, aýdym, rowaýat ýa-da çeper sözde wasp etmekde ussatlygyny aýan etdi.

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar öz taýýarlan el işleriniň sergisini guradylar. Muzeý gymmatlyklaryndan, türkmen durmuşyna degişli el işlerinden, dokma önümlerinden guralan sergiler, Beýik Ýüpek ýolunyň şekili, bäsleşige özboluşly millilik çaýdy.

Milli lybaslaryň döwrebap biçüwdäki görnüşini geýen çagajyklaryň görkezme çykyşlary hem bäsleşige öwüşgin berdi. Eminleriň beren bahalaryna görä, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň topary birinji, Marynyň dokma fabriginiň topary ikinji, Wekilbazardaky dokma toplumynyň topary üçünji orunlary eýelediler.

TKA-nyň Mary welaýat birleşmesi tarapyndan bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly, tapawutly çykyş edenlere höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

 

Ö. Pollyýew,

“Maru-şahu jahan” gazeti.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.