2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Ýörelgämiz — ýagşy ündew

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly mynasybetli wagyz-nesihat çäreleridir maslahatlar giň gerimde geçirilýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini düşündirmek, milli ýörelgelerimiziň daýanjy bolan halallygy, sagdynlygyň sakasy hasaplanylýan sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy ündemek geçirilýän çäreleriň baş maksady bolup durýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň ýygnaklar jaýynda etrabyň il sylagly, kümüş saçly eneleri bilen «Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby esasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirmegiň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler bu gymmatly eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýän watanperwerlik duýgularyna ýugrulan wakalaryň, rowaýatlardyr tymsallaryň ýaş nesli terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini belläp geçdiler.

Ýaşlara ýagşy ýörelgeleri ündeýän mähriban eneler halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.

 

Sülgün BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.