2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Sport we ýaşlar syýasaty

Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini döretmek hakynda resminama gol çekmegi il-günümizi, ylaýta-da, sporty söýýän ýaş nesillerimizi, türgenlerimizi tüýs ýürekden begendirdi.

Sport ynsanlaryň fiziki we bilim ukyplary hem mümkinçilikleri boýunça umumy kabul edilen kadalara, düzgünlere laýyklykda guralýan hem-de özara bäsdeşlige esaslanýan aýratyn işjeňligidir, şonuň ýaly-da şeýle işjeňligiň, ýagny sport ýaryşlarynyň dowamynda we olara taýýarlyk döwründe ýüze çykýan şahsyýetara gatnaşyklarydyr. Sport arkaly adamyň beden we aň mümkinçilikleri. ukyp-başarnyklary ýokarlanýar, kämilleşýär, saglygy berkeýär, ruhubelentligi artýar, maksada okgunlylygy. ýeňşe bolan ynamy, ýokary netijeleri gazanmaga bolan yhlasy has-da güýçlenýär, Sport jemgyýetiň sagdynlygyna hem öz uly täsirini ýetirýär.

«Alyp barýan syýasatymyzyň esasy maksady jemgyýetimizde sagdyn ýaşaýyş- durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhubelent nesilleri kemala getirmek bolup durýar» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde sporta, ynsanlaryň saglygyny goramaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary, üns-aladasy bimöçberdir.

«Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä öwrülmelidir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan ruhlanan sport we bedenterbiýe ulgamynyň işgärleri tarapyndan netijeli işler durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan işleriň netijesinde ussat türgenlerimiz abraýly halkara ýaryşlarynda altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolýarlar.

Gahryman Arkadagymyz ýaşlar syýasatyny elmydama üns merkezinde saklaýar. Ýaşlar syýasaty hem sport bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Berk bedenli ýaşlary sowatly adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmek şu günüň möhüm meseleleriniň biridir. Şonuň üçinem bu ministrligiň döredilmegi ýaşlar bilen iş salyşýan bizi hem çäksiz begendirdi.

Türkmen sportuny belent sepgitlere ýetirmek, ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek barada irginsiz aladalanýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, abraý-mertebesi mundan-da belent bolsun!

 

Jumadurdy JUMAÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.