2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

OKUW MASLAHATY

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de «Daşoguzsyýahat» DSK-nyň bilelikde guramagynda «Arkadagyň ak ýolundan barýarys» atly şygar astynda okuw-maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gӧzegçisi Begenç Rejepow «Zähmet depderçelerini bermegiň, ýӧretmegiň we saklamagyň tertibi hem-de zähmet depderçeleriniň nusgasy» diýen mowzuk bilen ýygnananlaryň ӧňünde çykyş etdi. Okuw maslahatynyň dowamynda berkarar dӧwletimiziň hukuk we syýasy ulgamlarda dünýä giňişliginde gazanýan üstünlikleri barada KA-nyň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Jumagül Hojaýewa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen kabul edilen «Durnukly ӧsüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli gӧrnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýasy hakynda, «Daşoguzsyýahat» DSK-nyň hünärmeni Bagtygül Meretgylyjowa «Dünýä dolan şӧhratymyz» atly mowzuk esasynda çykyş etdiler.

Şeýle hem saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gӧzel Aşyrowa «КА-nyň ilkinji guramalarynda esasy iş resminamalary», hyzmat ulgamy işgär­leriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gurbangül Orazgeldiýewa «2017-nji ýyl üçin kabul edilen kӧpçülikleýin şertnamalaryň ýerine ýetirilişi we täze ýyl üçin baglaşmak» hakynda diýen mowzuklar esasynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Şeýle hem çykyş edenler «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ӧňünde durýan wezipeler dogrusynda ӧzara pikir alyşdylar.

 

Yӧrite habarçy “Daşoguz habarlary” gazeti

18.01.2018ý.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.