2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

RAÝATLARYŇ HUKUKLARY GORALÝAR

Geçen hepdäniň anna güni Ahal welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň, welaýat kazyýetiniň hem-de welaýat prokuraturasynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Onda «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, şeýle-de beýleki kanunçylyk namalaryny ilata düşündirmek maksat edinildi. Oňa welaýat, etrap, şäher häkimleriniň orunbasarlary, häkimlikleriň degişli hünärmenleri, edara-kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri gatnaşdy.

Maslahaty Ahal welaýat häkiminiň orunbasary J.Geldymamedowa açmak bilen, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty, döwletli tutumlary netijesinde ýurdumyzyň ähli ugurlar babatda sazlaşyky ösýändigi, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli pugtalanýandygy, şonuň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygy, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygy dogrusynda aýdyp, il-günümiziň eşretli durmuşy ugrunda edýän bimöçber aladalary üçin milli Liderimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Welaýat häkiminiň orunbasary maslahatyň gün tertibi barada aýtmak bilen, onda «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny düşündirmegiň maksat edinilýändigini, şeýle-de welaýat häkimligine gelen arza-şikaýatlara seredilişiniň netijeleri bilen baglanyşykly meseleleriň maslahatlaşyljakdygyny nygtady.

Maslahatda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary G.Annaýewiň, welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar bölüminiň başlygy Aýna Durdynazarowanyň çykyşlary degişlilikde arza-şikaýatlaryň welaýat boýunça seredilişi, welaýat häkimligine gelen arza-şikaýatlara seretmegiň netijesi barada geçirilen barlagyň kepilnamasy dogrusynda boldy. Şol çykyşlar maslahata gatnaşyjylar tarapyndan ünsli diňlendi hem-de bu ugurdaky işleriň netijeli häsiýete eýedigine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Welaýat kazyýetiniň başlygy T.Hudaýnazarowyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty B.Myradowanyň, welaýat prokurorynyň kömekçisi M.Annaýewanyň çykyşlarynda «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, geçen ýyl kabul edilen «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny şu ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girizildi. Ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda administratiw önümçilik işini tertipleşdirmek maksady bilen kabul edilen täze Kanun administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini, önümçilik düzgünlerini belleýär. Onda administratiw edara ýüz tutmaga bolan hukugyň we administratiw önümçilikde hukuk ukyby we kämillik ukyby baradaky düşünjeler beýan edilýär.

Çykyşlarda «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilip, güýje giren soň, 1999-njy ýylda kabul edilen «Raýatlaryň ýüz tutmalary we olara garamagyň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, 2016-njy ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendiniň öz güýjüni ýitirendigi aýratyn nygtaldy. Şonuň bilen baglanyşykly, çykyş edenler täzelikde güýje girizilen Kanunda administratiw önümçilige gatnaşýan taraplaryň administratiw nama şikaýat etmäge bolan hukuklarynyň we şol şikaýaty etmegiň tertibiniň kadalarynyň anyk görkezilýändigini, administratiw şikaýata seretmegiň tertibi we möhleti barada düşündirişiň berilýändigini belläp geçdiler.

Maslahata gatnaşyjylar täze taryhy döwürde adam hakdaky aladany döwlet syýasatynda ileri derejä çykarandygy, raýatlaryň kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmek ugrunda ajaýyp işleri durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

Ýörite habarçy "Ahal durmuşy" 22.01.2018 ý




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.