2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

«BERKARARDA» BOLAN BUÝSANÇLY MASLAHAT

  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda kabul eden «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýasynyň syýasy ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Welaýat häkimligi tarapyndan guralan bu maslahata ulag ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we beýleki adamlar gatnaşdylar.

  Ýurdumyzda ulag ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Suw ulaglary ýaşyl Baýdagymyzy parladyp, mawy giňişlikde erkana ýüzýärler. Täze gämiler satyn alynýar. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Demir ýol ulaglarynyň tehniki binýady pugtalanýar. Lokomotiw parky barha giňelýär, täze desgalar işe girizilýär. Polat ýollar barha uzaýar. Howa ulaglary dünýäniň çar ýanyna uçuşlary amala aşyrýarlar. Iň häzirki zaman uçarlary howa gämileriniň üstüni ýetirýär. Awtomobil ulaglary ýük daşamakda, ýolagçy gatnatmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýärler. Täze awtoýollar çekilýär.

Maslahatda çykyş edenler bular barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ulag pudagyny ösüşiň täze belentliklerine çykarmak baradaky aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýtdylar. Milli Liderimiziň beýleki ugurlarda bolşy ýaly, ulag ulgamy bilen baglanyşykly öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň ählumumy goldawa we dünýä bileleşiginiň ykrar etmegine eýe bolýandygyny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň munuň aýdyň subutnamasydygyny buýsanç bilen nygtadylar.

  Maslahatyň dowamynda suw, demir ýol, awtomobil, howa ulaglarynyň ösüşini teswirleýän wideorolikler görkezildi. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar ulaglaryň görnüşleri hakda söhbet açýan suratlaryň sergisine uly gyzyklanma bilen syn etdiler.

  Maslahatyň barşynda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Sungat ussatlary Watan, bagtyýar döwrümiz, batly ösüşlerimiz hakyndaky aýdymlary aýtdylar. Tans toparlary joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler.

Çäre Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň «Dagdan» folklor toparynyň tansçylarynyň «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirmekleri bilen jemlendi.

 

Şamyrat BEGJANOW

«Balkan» gazeti  30.12.2017ý.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.