2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

SPORT HABARLARY

  Welaýat sport baradaky komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň woleýbol boýunça geçiren ýaryşyna edara-kärhanalaryň işgärlerinden düzülen toparlaryň sekizisi gatnaşdy. Balkanabat şäherindäki bedenterbiýe we sagaldyş toplumynda gyzykly hem çekeleşikli geçen oýunlaryň netijesinde birinji orny welaýat sport baradaky komitetiniň topary eýelemegi başardy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň woleýbolçylary ikinji, Balkan sement zawodynyň işgärleri üçünji baýrakly orunlara mynasyp bolmaklygyň hötdesinden geldiler.

 

Aşyr BERDIÝEW.

«Balkan» gazeti  16.12.2017ý.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.