2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

SPORT HABARLARY

   Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp milli göreş boýunça Gumdag şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Şäherdäki 1-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşa ýerli we balkanabatly ýaş pälwanlar gatnaşdylar.

  Çekeleşikli we gyzykly geçen tutluşyklaryň netijesinde Gumdag şäherinden Söýün Tahyrgulyýew, Ýusup Babajanow, Umyt Nuryýew, Dawut Mämmedow, Çary Gurbangylyjow, Watan Maşatgulyýew, Nazarmämmet Hananaýew, Baýramdurdy Ödäýew, Bagtyýar Altybaýew, Balkanabat şäherinden Lukman Arazgulyýew, Baýrammyrat Nursähedow, Şamyrat Orazmyradow ýeňiji bolmagy başardylar.

  Ýeňijilere şäher sport baradaky komitetiniň ýörite diplomlary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

 

Döwlet MÄMMEDOW.

«Balkan» gazeti  9.12.2017ý.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.