2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

SPORT HABARLARY

TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de «Balkan» sport kluby bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda konserniň düzümine girýän edara-kärhanalaryň işgär- lerinden düzülen toparlaryň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirdi. 12 toparyň arasynda geçen gyzykly duşuşyklaryň netijesinde baýrakly orunlaryň ählisini Balkanabat tilsimat ulaglary müdirliginiň toparlary eýeläp, birinji orun «Gara altyn», ikinji orun «Gara altyn-2», üçünji orun «Nebitgazgurluşyk» toparlarynyň paýlaryna düşdi.

 

Aşyr BERDIÝEW

«Balkan» gazeti  9.12.2017ý.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.