2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Sport ýaryşy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin edýän aladasyny durmuşa geçirmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 365 orunlyk Sport mekdebinde etrabyň edara-kärhanalarynyň we daýhan birleşikleriniň toparlarynyň gatnaşmagynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşyň dowamynda etrabyň edara-kärhanalaryndan we daýhan birleşiklerinden gatnaşan her topar özleriniň ussatlygyny görkezdiler. Üç günläp dowam eden ýaryşyň netijesi boýunça etrabyň sport baradaky komitetiniň tälimçi mugallymlarynyň topary 1-nji ýere, Boldumsaz etrap polisiýa bölüminiň topary 2-nji ýere, etrap elewatorynyň topary 3-nji ýere mynasyp boldular. Faruh Mätýakubow «Iň gowy hüjümçi», Geldimyrat Jumamyradow «Iň gowy derwezeban», Daston Gazakbaýew «Iň gowy goragçy» diýen atlara mynasyp boldular. Baýrakly ýerleri eýelän toparlara hem-de tapawutlanan türgenlere Boldumsaz etrap sport baradaky komitetiniň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Boldumsaz etrap birleşmesiniň göçme kubogy we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaryşa gatnaşanlar ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Tekebaý DUŞEMOW,

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.