2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Okuwçylar bäsleşdiler

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan türkmen sportuny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň sport mekdeplerinde, sport-sagaldyş toplumlarynda yzygiderli sport çäreleri ýokary derejede guralyp, ýaş türgenlerimiziň tejribeleri has-da artdyrylýar. Türgenlerimiz hormatly Prezidentimiziň sportumyzy ösdürmekde alyp barýan parasatly syýasatyna eýerip, ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda oňat netijeleri gazanýarlar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly mynasybetli, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Altyn asyr etrap Geňeşiniň we etrap sport baradaky komitetiniň bilelikde guramagynda, «Sportda gülleýär Watan, sagdyn durmuş dowam bu gün» diýen at bilen bäsleşik geçirildi. Sportuň woleýbol görnüşi boýunça geçirilen bäsleşige etrabyň orta mekdeplerinden birnäçe uly hem-de kiçi ýaşly okuwçylardan düzülen toparlar gatnaşdylar.

Şeýlelikde, sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik diýseň gyzykly geçdi. Bäsleşigiň netijesi boýunça uly ýaşly okuwçylaryň arasynda etrapdaky 2-nji orta mekdebiň okuwçy gyzlarynyň topary, kiçi ýaşly okuwçylaryň arasynda etrap sport mekdebiniň ýygyndy topary ýeňiji boldular. Bäsleşikde öz ussatlyklaryny görkezip ýeňiş gazanan toparlara Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Altyn asyr etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Maýa SARYÝEWA, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Altyn asyr etrap Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.