2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Tennis yaryşy geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz iň ýurdumyzda sporty ösdürmek babatda başlangyçlaryndan ugur alnyp, sagdyn we ruhubelent ýaşlary kemala getirmek maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär.

Şeýle bäsleşikleriň biri Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde geçirildi. Daşoguz welaýatynyň kubogyny almak ugrunda gyzlaryň we oglanlaryň arasynda geçirilen bäsleşik sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça geçirildi. Oňa welaýatyň ähli etraplaryndan we şäherlerinden türgenler toparlary gatnaşdylar.

Bäsleşikde Görogly etrabynyň gyzlar topary 1 nji orna, Daşoguz şäheriniň gyzlar topary 2-nji orna, Akdepe etrabynyň gyzlar topary 3-nji orna mynasyp boldy.

Daşoguz şäheriniň oglanlar topary 1-nji orny, Görogly etrabynyň oglanlar topary 2-nji orny, Türkmenbaşy etrabynyň oglanlar topary 3-nji orny eýelediler.

Ýeňiji bolanlara Daşoguz welaýatynyň Sport baradaky komitetiniň Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Şageldi BERDIÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.