2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞY

24-nji noýabrda paýtagtymyzyň «Bagtyýarlyk» sport toplumynda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Bitaraplyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda sport çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň agzalarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri, ýagny ýaglyga towusmak, tanap çekmek, şaşka, daş götermek, darts boýunça ýaryşlar gurnaldy.

Biz şol ýaryşa gatnaşanlaryň käbirleri bilen söhbetdeş bolduk.

Döwletmuhammet MYRADOW,

Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy:

— Her bir güni, her bir pursady ösüşlere, özgerişlere gurşalan, toý-baýramlara, şanly senelere beslenen Türkmenistan döwletimiz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bagtly geljege barýar. Eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň her bir güni asudalykda, agzybirlikde geçýär. Eziz Diýarymyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, sportuň abraýy hem barha belende galýar. Her bir raýatyň saglygy üçin bimöçber aladalary edilýän ýurdumyz sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi. Sport her bir adama ruhubelentlik eçilýär. Sport bilen yzygiderlilikde meşgullanýan ynsanyň ruhy hem baý bolýar. Öz kärdeşlerimiziň arasynda geçirilen bu sport çäresi gyzykly geçdi. Işden boş wagtlarymyzy sport bilen meşgullanmaklyga bagyş edip, wagtymyzy hoş geçirýäris. Halk bähbitli işleriň sakasynda durýan, türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar, sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin uly işleri edýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, başy dik bolsun!

 

Kadyr AMANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat, seljeriş we habar beriş bölüminiň müdiri:

— Saglygyň gadyryny bilýän halk hemişe sagdyn hem ruhubelentdir. Bu günki gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen sportunyň galkynýan zamanasy boldy. Eziz Diýarymyzda ähli raýatlarymyzyň sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin hemme mümkinçilikler bar. Halkyň saglygyny ähli zatdan ileri goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda döwrebap sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, türgenleşik zallary gurlup ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzyň merkezinde gurlan Olimpiýa stadiony şäherimiziň gözelligine görk goşýar. Milli Liderimiziň döredip berýän şeýle mümkinçiliklerinden biz — bagtly raýatlar giňden peýdalanýarys. Dünýä ýurtlarynyň arasynda, halkara ýaryşlarynda türkmen türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmek ugrunda edýän ýadawsyz tagallalarynyň miwesi bolup durýar.

Ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň ylymly, bilimli, sagdyn bedenli bolmagy üçin uly işleri bitirýän hormatly Prezidentimize çyn ýüregimizden çykýan alkyş sözlerini aýdýarys.

Bu geçirilen ýaryşda sportuň darts görnüşi boýunça 1-nji orna Merjen Gurbandurdyýewa, 2-nji orna Enejan Hudaýberdiýewa, 3-nji orna Maýa Çaryýewa mynasyp boldy. Daş götermek görnüşi boýunça 1-nji orna Gurbangeldi Amanow, 2-nji orna Nyzam Akyýew, 3-nji orna Enwer Gylyjow, ýaglyga towusmak boýunça 1-nji orna Allamyrat Çaryýew, 2-nji orna Nury Ataýew, 3-nji orna Möwlam Saryýew, şaşka boýunça 1-nji orna Gözel Hojakowa, 2-nji orna Gülendam Jumagulyýewa, 3-nji orna Bilbil Ahmedowa, tanap çekmek boýunça 1-nji orna Babageldi Hydyrow, Çary Hezretgulyýew, Çaryýar Kurtlyýew, Guwanç Jumaýew, Kerim Möwlamow, 2-nji orna Jeýhun Orazow, Mekan Çaryýew, Azym Suwhanow, Täzebaý Garajaýew, Halnepes Döwletow, 3-nji orna Azym Öwezmyradow, Wiktor Kutin, Ata Garaýew, Aleksandr Marionda, Didar Nurmyradow mynasyp boldular. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň agzalarynyň arasynda geçirilen bu ýaryş örän gyzykly geçdi. Ýaryşda ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

Taýýarlan Jennetgül ORAZOWA, «Watan».




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.