2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Sport bäsleşigi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşi Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, etrap sport komiteti bilen bilelikde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş guraldy. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna bagyşlanyp etrabyň sport desgasynda geçirilen bu çärä edara-kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän ýaşlaryň uly topary gatnaşdy.

Bu ýerde woleýbol, futbol. Ýeňil atletika. Karate, şaşka, küşt boýunça bäsleşikler geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşlar ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýandyklaryny görkezdi. Ýokary netijeleri gazanan toparlara, aýratyn tapawutlanan ýaşlara guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Sport desgasynda geçirilen çärede etrap merkezi hassahanasynyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ kitabynda berilýän maslahatlaryň esasynda melhem çaýlaryň sergisini guradylar we ýaryşa gatnaşyjylara hödür etdiler.

Türkmen gündogary gazeti

02.12.2017ý.

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.