2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Sport saglygyň sakasydyr

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň T.Baýramdurdyýew geňeşligindäki Sport mekdebiniň bilelikde guramagynda ýaş pälwanlaryň arasynda sportuň milli göreş görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ösüp gelýän ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa bolup ýetişmeklerini gazanmak bäsleşigiň esasy maksady boldy. Ýaş pälwanlar özleriniň ukyp-başarnygyny, sporta bolan höwesini hem-de ýeňişe bolan maksada okgunlylygyny erjellik bilen görkezdiler.

Ýetginjekleriň arasynda geçen ýaryşda birinji orna etrapdaky 26-njy orta mekdebiň okuwçysy H.Baýramow, ikinji orna etrapdaky 27-nji orta mekdebiň okuwçysy A.Babaýew, 3-nji orna etrapdaky 6-njy orta mekdebiň okuwçysy D.Durdyýew dagy mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Arslan AMANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň işgäri.

27.11.2017 ý Ahal durmuşy




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.