2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

SPORT SAGLYGYŇ KEPILIDIR

Türkmenistan döwletimiziň sport abraýynyň barha belende göterilýändigini ýurdumyzdaky geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryndan hem görmek bolýar. Türkmen sportuna öz goşandyny goşýanlaryň biri hem Tagtabazar etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçisi Toýly Janmyradowdyr.

Toýly Janmyradow Türkmenistanyň çempiony bolup, ol häzirki wagtda sportuň milli göreş görnüşi boýunça ýaş türgenlere tälim berýär. Onuň tälimini alan türgen Derýa Abdyýew Diýarymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy. Şeýle-de T.Janmyradow Agaýusup Garaýew, Aganepes Ýagşysähedow, Enwer Jumamyradow, Döwran Hudaýgulyýew, Meýlis Geldiýew ýaly sportsöýer türgenlerimize milli göreş boýunça yzygiderli tälim berýär.

Toýly Janmyradow bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy Ý.Abdyrahmanowyň geçiren söhbetdeşligi esasynda çap edildi.

Çary Amangeldiýew.

Maru-şahu jahan” gazeti,  2.12.2017 ý




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.