2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

Güýçlüler öňe saýlandy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Altyn asyr etrap birleşmesiniň etrabyň sport baradaky komiteti bilen bilelikde guramagynda, sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Oňa etrabyň edara-kärhanalaryndan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Bu ýaryşda etrabyň edara-kärhanalaryndan düzülen toparlar öz ussatlyklaryny görkezmegi başardylar.

Woleýbol ýaryşy boýunça geçirilen ýaryşda 1-nji orna «Dökünhimiýa» bazasynyň topary, 2-nji orna Altyn asyr etrabynyň sport baradaky komitetiniň topary, 3-nji orna etrabyň Bilim bölüminiň topary mynasyp boldy.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Altyn asyr etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Berdimuhammet PORSYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Altyn asyr etrap birleşmesiniň başlygy.

23.11.2017ý.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.