Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy öz daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplap, GDA-nyň döwletleri bilen gatnaşyklary hoşniýetli erk-islegiň, taryhy taýdan emele gelen dostlukly däpleriň, birek-biregiň bähbidini hormatlamagyň esasynda, deňhukukly açyk gatnaşyklar hem-de özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guraýar.

Biziň ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde dürli çärelere yzygiderli gatnaşmak bilen, öz çäginde Arkalaşygyň möhüm duşuşyklaryny we maslahatlaryny, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerini kabul etdi. Şunda hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýän, Türkmenistanyň söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, medeni-ynsanperwer, ekologiýa, sport, syýasatçylyk ýaly ileri tutulýan ugurlarda tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin köpugurly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga uly üns berýändigini nygtamak gerek.

2012-nji hem-de 2016-njy ýyllarda Mary we Daşoguz şäherleriniň Arkalaşygyň medeni paýtagtlary diýlip yglan edilendigini bellemek gerek. Bu şäherlere hormatly derejäniň berilmeginiň çäklerinde geçirilen çäreler Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmaga, GDA döwletleriniň halklarynyň taryhy-medeni mirasyny geljek nesiller üçin aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak işine mynasyp goşandy boldy.

Şeýle hem ýurdumyz sebit hem-de dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleriniň, ozaly bilen, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmak, tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak babatda GDA döwletleri bilen özara gatnaşyklara ygrarly bolup galýar.

2012-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň başlygy bolmak bilen, bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmäge örän düýpli we jogapkärçilikli çemeleşmesini görkezip, GDA-nyň agza ýurtlarynyň arasynda däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Döwletara derejesinde hem-de abraýly sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugrudyr.

Duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde 10-njy oktýabrda Soçi şäherinde GDA-nyň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, onuň işine DIM-niň ýolbaşçysynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

Iki ýarym sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Soçi şäheriniň Halkara howa menziline gondy. GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet baýdaklary hem-de Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baýdagy bilen bezelen howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini kabul edýän tarapyň resmi adamlary garşyladylar.

Türkmen Lideri howa menzilinden Gara deňziniň gözel kenarynda ýerleşen “Radisson Blu Resort & Congress Centre” kaşaň myhmanhanasynyň Kongresler merkezine bardy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy boldy.

Russiýanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, Soçi şäherine gelip görmek hem-de GDA-nyň sammitine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de ýakynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda RF-niň wekiliýetine mähirli myhmansöýerli bildirendigi üçin türkmen kärdeşine hoşallyk bildirdi.

Prezident Wladimir Putin Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm, düýpli ylalaşyklara gol çekilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa netijeli bilelikdäki iş üçin ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Baştutany hoşniýetli sözler hem-de Soçide geçirilýän sammite gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, pursatdan peýdalanyp, Russiýanyň Liderini ýakynda bellenilen doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine berk jan saglyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri we abadançylyk arzuw edip, rus kärdeşine Wepaly atly alabaý güjügi sowgat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, alabaý itleri gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň wepaly hemrasy we dostudyr. Wepaly atly alabaý itiniň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde saýlanyp alynmagy tötänden däldir.

Prezident Wladimir Putine gowşurylan bu sowgat köpasyrlyk türkmen-russiýa dostluk ýörelgelerine ygrarlylygyny hem-de iki döwletiň Baştutanlarynyň özara ynama esaslanýan şahsy gatnaşyklaryny alamatlandyrýar.

Türkmen Lideri Russiýanyň Prezidentiniň ekologiýa, haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak meselelerine uly üns berýändigini nygtap, sowgat berlen güjügiň alabaý tohumynyň iň gadymy we täsin wekilidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutany güjügiň ýeňsesinden tutup, ýokaryk galdyrdy hem-de şeýdip, itiň häsiýetine baha berilýändigini düşündirdi. Şunda Wepaly özüni iň gowy tarapdan görkezdi, diýmek, ol batyrgaý we çydamly it bolup ýetişer.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň Baştutanlary ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri hem-de dürli ugurlarda özara bähbitli tagallalary birleşdirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dostluk hem-de strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassyklap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda “Radisson Blu Resort & Congress Centre” Kongresler merkezinde GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Myhmanhananyň merkezi eýwanynda Türkmenistanyň Prezidentini Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti garşylady. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen salamlaşyp, däbe görä, ýadygärlik surata düşdüler.

Forum başlamazdan ozal sammite gatnaşýan Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň sammite gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baýdaklarynyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baýdagynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra Kongresler merkeziniň Kiçi mejlisler zalynda GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň dar düzümdäki mejlisi açyldy.

Pikir alyşmalaryň barşynda Arkalaşygyň işiniň jemleri seljerildi, geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de sebit we halkara syýasatynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra sammitiň işi Uly mejlisler zalynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Mejlisiň gün tertibine möhüm ugurlarda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, Arkalaşygyň işiniň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna uýgunlaşdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy girizildi. Medeni-ynsanperwer ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugrukdyryjy ugrudyr we şeýle bolmagynda galýar. GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem maşgalany we däp bolan maşgala gymmatlyklaryny sagdyn hem-de durnukly geljegiň üpjün edilmegi üçin ygtybarly binýat hökmünde goldamak meselesini sammite gatnaşyjylar gyzyklanma bilen ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň bilen birlikde, birnäçe guramaçylyk meselelerine, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmek baradaky meselä hem garaldy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti giňişleýin düzümde geçirilýän duşuşyga gatnaşyjylary mübärekläp, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan GDA-da Täjigistanyň başlyklyk etmäge başlaýandygy bilen baglylykda, Täjigistanyň Prezidentine, soňra bolsa 2019-njy ýylda başlygy kabul etjek Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýändigini aýtdy. 
Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär.

Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki duşuşygyň barşynda örän möhüm meselelere garalandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy ulgamda hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňe geçip, Türkmenistanyň GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlyga sarpa goýýandygyny, oňa Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň daşary gatnaşyklarynyň örän ähmiýetli bölegi hökmünde garaýandygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, türkmen Lideri GDA ýurtlarynyň arasyndaky özara ynamyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna üns bermegiň maksada laýykdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi zerurdyr. Şunda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň uly mümkinçilikleri peýdalanylmalydyr. Yzygiderli ýagdaýda geçirilýän DIM-ara geňeşmeler GDA giňişliginde toplanan birnäçe meseleleriň çözülmeginde çynlakaý gural bolup hyzmat ederdi.

Mundan başga-da, BMG, ÝHHG –sy ýaly iri halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň derejesi ýokarlandyrylmalydyr, häzirki wagtda ählumumy gün tertibiniň öňünde durýan wezipelere ýetmek üçin iri halkara düzümlerinde Arkalaşygyň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek üçin çäreler görülmelidir.

Türkmenistanyň Baştutany bular barada aýtmak bilen, häzirki wagtda GDA-nyň ählimumy we sebit guramalarynyň işlerine gatnaşmakda uly tejribe eýe bolup durýandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy Birleşen Milletler Guramasynyň resmi hyzmatdaşy bolup durýar, şeýle hem ÝHHG-niň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara birleşikleriniň we düzümleriniň işine işjeň gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary nazara almak bilen, GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrliklerine syýasy-diplomatik ulgamda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen hereketleriň orta möhletleýin maksatnamasyny işläp düzmegi tabşyrmagy dogry hasap edýändigini belledi.

Türkmen Lideri söwda-ykdysady ugurda işleri anyklaşdyrmagyň geljekki möhüm waka bolup durýandygyny belläp, Arkalaşygyň öz ägirt uly mümkinçiliklerini aýratyn giňişlik hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklaryna has işjeň hem-de doly derejeli goşulyşmagynyň zerurdygyny nygtady. GDA-nyň giňişliginde ulag we energetika taslamalary amala aşyrylýar, häzirki zaman düzümleri, sebitara ähmiýetli aragatnaşyk –logistika merkezleri döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda anyk çäreleriň kabul edilmelidigi barada pikir aýtdy, munuň özi umumy bähbitlere hem, aýry-aýry ýurtlaryň bähbitlerine hem laýyk gelýär.

Elbetde, şeýle wezipäni ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki işlere täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamak zerur bolar diýip, Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam etdi. Bu babatda GDA-nyň ykdysady ulgamda özara gatnaşyklarynyň köpýyllyk tejribesine daýanmak bilen, biz hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmegiň mümkinçiliklerine seredip bilerdik. Olar Arkalaşygyň çäklerinde diňe ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge däl-de, eýsem olary yklym we yklymara derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Milli Liderimiz şeýle çemeleşmäniň ykdysady hyzmatdaşlykda eýýäm ýola goýlan hem-de GDA döwletleriniň arasynda hereket edýän ykdysady hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirip biljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdanlaryny jemlemek bilen, Türkmenistanyň bitarap derejesini nazara almak hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde halklarymyzyň we döwletlerimiziň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça özara gatnaşyklary dowam etmäge, özara bähbitli syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ygrarly bolup galýandygyny belledi.

Russiýa Federasiýasynyň şu ýyl GDA başlyklyk ediji ýurt hökmünde netijeli işleri alyp barýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek bilen milli Liderimiz türkmen tarapynyň 2018-nji ýylda bu wezipä Täjigistanyň saýlanmagyny uly hormat bilen goldaýandygyny belledi, şeýle hem geljek ýylda Türkmenistanyň başlyklyk edijileriň biri hökmünde goldanylýandygy üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetine minnetdarlyk bildirdi.

Mejlisiň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy, GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko söz berildi, ol bu Assambleýanyň işi hem-de onuň häzirki zaman şertlerine uýgunlaşdyrylyşy hakyndaky habar bilen çykyş etdi.

Şunuň bilen baglylykda, W.Matwiýenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň maslahatlarynyň birini Türkmenistanda geçirmäge çakylyk üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. 
GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi jemleýji resminamalara gol çekilmegi bilen tamamlandy. Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynda 2018-nji ýylda Täjigistan Respublikasynyň başlyklyk etmegi hakynda çözgüt kabul edildi. Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer.

Hormatly Prezidentimiz iş saparyny tamamlap, Soçi şäheriniň Halkara howa menziline geldi hem-de bu ýerden Watanymyza ugrady.

Iki sagada golaý wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy, bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

Türkmen döwlet habarlary

11.10.2017 ýyl.

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article9559&cat19

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.