Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

Türkmenistan we Russiýa strategiki hyzmatdaşlyk hakynda şertnama baglaşdylar

Şu günüň ikinji ýarymynda türkmen paýtagtyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen geldi.

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-yň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň ýanyndan uzalyp gidýän haly ýodasynyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly nyzama düzüldi. Ýola goýlan asylly däbe görä, milli lybasly oglan we gyz Russiýanyň Baştutanyna duz-çörek hödür etdiler hem-de gül desselerini gowşurdylar.

Russiýanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni howa menzilinden motosiklçileriň hormat garawulynyň ugratmagynda “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde öz russiýaly kärdeşi Wladimir Putini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, “Oguzhan” zalyna barýarlar, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär.
Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Iki döwletiň Baştutanlary Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Belent mertebeli myhman ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. Prezident Wladimir Putin, öz nobatynda, Türkmenistanyň Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soň, milli Liderimiz belent mertebeli myhmany 
“Altyn zala” çagyrýar, bu ýerde ýokary derejedäki dar düzümde türkmen-russiýa gepleşikleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin russiýaly kärdeşine minnetdarlyk bildirmek bilen, şu günki ýokary derejedäki duşuşyga ýurdumyzda uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna şu ýyl 25 ýyl dolýandygynyň özboluşly mana eýedigi barada aýdyp, milli Liderimiz geçen ýyllarda strategik häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň uly hukuk binýadynyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi.

Häzir biziň ýurtlarymyz diňe ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, halkara derejesinde hem syýasatda hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň gatnaşyk edýärler.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatynyň bardygyny nygtap, soňky ýyllarda türkmen-russiýa parlamentara gatnaşyklarynyň hem berkidilendigini belledi.

Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň giň mümkinçiliklere eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň halklarynyň rowaçlygynyň bähbitlerine kybap gelýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-russiýa dostlugyny pugtalandyrmak işine goşan şahsy goşandy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi hem-de jogapkärli döwlet işinde oňa uly üstünlikleri, şeýle hem Russiýanyň ähli halkyna iň oňat abadançylygy arzuw etdi.

Prezident Wladimir Putin Türkmenistana gelmek baradaky çakylyk üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirip, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli häsiýetini belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň döwletara gatnaşyklarynyň ösüşine beren bahasyny goldap, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, ilkinji nobatda, öz türkmen kärdeşini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly üstünligi bilen gutlamak isleýändigini nygtady.

Russiýanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu Aşgabadyň hem-de tutuş ýurduň köp wagtlap taýýarlyk gören we uly işleri geçiren ägirt uly wakasy boldy. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman halkara ýaryşlaryny geçirmek boýunça Türkmenistanyň ähli meýilnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirijiligine, şeýle hem toplanan tejribäniň we döredilen sport düzümleriniň netijeli peýdalanyljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Wladimir Putin türkmen-russiýa hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňi dowam edip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi bermek, özara haryt dolanyşygyny yzygiderli artdyrmak maksatlarynda anyk çäreleri görmek babatda pikirini aýtdy.

Mähirli kabul edilendigi üçin Russiýanyň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da depginli ösdürmäge gönükdirilen şu günki duşuşygyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň Liderleri türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler, şol ugurlarda tagallalaryň birleşdirilmeginiň geljegi uly bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, dürli pudaklarda hyzmatdaşlygyň täze netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamak, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin köptaraplaýyn mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Ynsanperwer ulgamy türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar, bu ugurda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda däbe öwrülen gatnaşyklary baýlaşdyrmak üçin amatly şertler bar. Şunuň bilen birlikde, sport we syýahatçylyk ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de tejribe alyşmak üçin gowy mümkinçilikler açylýar.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit hem-de dünýäniň gün tertibine degişli möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler “Gorkut ata” zalynda giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryny Aşgabatda ýene bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistanda Russiýanyň Prezidentiniň şu saparyna, şol sanda bu saparyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bolup geçýändigi sebäpli şanly waka hökmünde uly ähmiýet berilýändigini belledi. Geçen ýyllarda uly hukuk binýady işlenip taýýarlanyldy. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň däbe öwrülen, şeýle hem täze ugurlarynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyndan habar berýär.

Milli Liderimiz döwletara syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, Russiýa tarapyna halkara giňişliginde Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Biziň ýurtlarymyz BMG, ÝHHG, GDA we beýleki birnäçe halkara düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, sebitiň we dünýäniň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler.

Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda tagallalaryň birleşdirilmegini özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem Russiýanyň Merkezi Aziýadaky bähbitlerine düşünmek we hormat goýmak bilen garaýandygyny belledi. Biz sebitde durnuklylygy berkitmäge, esasy hem sazlaşyklylyk berýän ýagdaý hökmünde ýygjam we ulgamlaýyn gatnaşyklarymyzy dowam etmäge hemişe taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Owgan meselesi barada durup geçmek bilen, milli Liderimiz Owganystanyň biziň ýakyn we gadyrly dostumyz bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýanyň bu döwletdäki ýagdaýy diňe parahatçylykly we diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýändiklerini belledi.

Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu ýerde biziň ýurtlarymyz onuň derejesini parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň deňzi hökmünde berkitmek ugrunda çykyş edýärler. Biz Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji maslahatynda Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky konwensiýanyň üstünde bilelikde işlemegiň tamamlanandygy baradaky meselä garaljakdygyna umyt edýäris. Bu mesele biz üçin strategiki ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňzinde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda söwda-ykdysady, ulag ulgamy ýaly möhüm ugurlarda ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekip, degişli ugurda 2017—2019-njy ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça çäreleriň we taslamalaryň meýilnamasynyň ylalaşylandygyny aýtdy. Munuň özi üç ýyllyk döwür üçin ýol görkeziji ugur bolup durýar. Şonda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary, şol sanda özara söwdanyň harytlaryny artdyrmak gurşalyp alynýar. Ileri tutulýan ugurlar hökmünde bu ýerde senagat, energetika, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar, hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlary görkezmek bolar.

Logistika ulgamynda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bu babatda milli Liderimiz iki ýurduň Hazar deňzindäki port düzümlerini, Türkmenbaşy we Astrahan şäherleriniň arasynda parom gatnawlaryny peýdalanmagyň, şeýle hem degişli söwda-logistiki merkezini döretmegiň geljeginiň uludygyny belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.

Medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-russiýa gatnaşyklary, şol sanda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça gatnaşyklar barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gatnaşyklaryň hemişe döwletara gatnaşyklarynda aýratyn orun eýeländigini hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň arasynda dostlugyň, özara düşünişmegiň we mähirliligiň mäkäm köprüsi bolup hyzmat edendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz russiýaly kärdeşine ýurtlaryň ikisinde hem uly ähmiýet berilýän sporty ösdürmek meselelerine berýän ünsi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Umuman, şu ýyllaryň içinde sazlaşykly ösýän türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň mazmunyna ýokary baha bermek bilen, milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasynda hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-birege hormat goýmagyň taryhy däpleriniň, şeýle hem uzakmöhletleýin maksatlaryň we bähbitleriň umumylygyna düşünilmeginiň durandygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda pursatdan peýdalanyp, russiýaly kärdeşine iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de beýik Russiýanyň halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine söz berilýär. Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana gelip görmek barada iberen çakylygy üçin ýene bir gezek sag bolsun aýdyp, şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçýändigini belledi. Şu geçen döwrüň içinde biziň ýurtlarymyzyň durmuşynda köp zatlar bolup geçdi diýip, Russiýanyň Baştutany ähli ugurlarda döwletara gatnaşyklarynyň çalt depginler bilen ösýändigini belledi.

Russiýanyň Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek biz üçin ýakymlydyr diýip, Prezident Wladimir Putin sözüni dowam etdi. Parlamentara gatnaşyklary hem ösdürilýär. Elbetde, ykdysady gatnaşyklara hem uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi. 
Dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň gurallarynyň tutuş ulgamy döredildi. Şunda esasy orun Hökümetara topara degişli bolup durýar diýip, RF-yň Baştutany belledi.

Fewral aýynda kabul edilen 2017-2019-njy ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy eksport-import alyşmalar düzümini gowulandyrmaga gönükdirilendir, ol dürli çäreleriň we taslamalaryň 80-sini öz içine alýar. Onuň amala aşyrylmagy maýalary artdyrmaga ýardam eder. Russiýanyň eksport merkezi hem bilelikdäki daşary ykdysady maksatnamalara ýardam etmegi ugur edinýär.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Wladimir Putin Russiýa tarapynyň 
türkmen hyzmatdaşlaryna dürli ugurlarda geljegi uly bolan täze taslamalar babatda beren tekliplerine jikme-jik garaljakdygyna hem-de ikitaraplaýyn derejede degişli çözgüdiň kabul ediljekdigine umyt edýändigini belledi.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Russiýa tarapy nebitgaz ulgamynda hem hyzmatdaşlygy dowam etmäge gyzyklanma bildirýär. Şunda energiýa serişdelerini gözläp tapmak, çykarmak we gaýtadan işlemek babatda hem bilelikdäki işleriň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Mysal üçin, Gazprom Hazar deňziniň ýalpaklygynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmäge gyzyklanma bildirýär.

RF-yň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynda tagallalary üstünlikli birleşdirmegiň mysaly hökmünde “Tatnebit” we “ARETI” kompaniýalar toparynyň türkmen bazarynda alyp barýan işlerini mysal getirdi. Russiýaly hyzmatdaşlar, hususan-da, “Tehnopromeksport” elektroenergetika pudagynda, şol sanda bar bolan elektrik stansiýalarynyň durkuny täzelemek we olaryň täzelerini gurmak işinde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrlar.

Prezident Wladimir Putin medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklar barada durup geçmek bilen, türkmen kärdeşine Türkmenistanda rus dilini goldamak meselesine berýän ünsi üçin minnetdarlyk bildirdi. Biz muny aýdyň görýäris, ýokary baha berýäris diýip, belent mertebeli myhman onuň diňe raýatlar üçin şahsy görnüşde däl-de, eýsem, iş alyp barmak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň islendik meselelerini çözmek babatda hem bu ugruň ähmiýetini belledi.

RF-nyň Baştutany ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňe dolanmak bilen, Türkmenistanda russiýa maýasynyň gatnaşmagynda kärhanalaryň 190-na golaýynyň işleýändigini belledi. Olar KAMAZ, UAZ, “TÝAŽMAŞ”, “Rosteh” ýaly belli kompaniýalardyr diýip, belent mertebeli myhman geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýän Russiýanyň beýleki kompaniýalarynyň hem Türkmenistanyň goldawyna eýe boljakdygyna umyt bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanan soň, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Mary şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen “Orýol şäheri” munisipal birleşiginiň dolandyryş edarasynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda Mary şäheri bilen Orýol şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Ylalaşyga; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Krasnodar ülkesiniň Administrasiýasynyň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy (Türkmenistan) bilen Tehniki kadalaşdyryş we metrologiýa boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda standartlaşdyrmak we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda 2018—2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 2013-nji ýylyň 17-nji sentýabryndaky Deňiz ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek barada Teswirnama; Oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Şeýle hem Migrasiýa ulgamynda ygtyýarly edaralaryň wekilhanalaryny özara açmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga, Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Bilelikdäki Beýannama hem-de 
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekýärler.

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde gol çekilen ynsanperwer ugurda — bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň uly bukjasynyň ýokary derejede gol çekilen resminamalaryň üstüni ýetirendigini bellemek gerek.

Olaryň hatarynda: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň (Sankt-Peterburg ş.) arasynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşyk; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Federal döwlet awtonom bilim berýän ýokary bilim edarasy bolan “Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (uniwersitetiniň)” arasynda Ylalaşyk; Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen I.M.Gubkin adyndaky Russiýanyň nebit we gaz döwlet uniwersitetiniň (Milli barlag uniwersiteti) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Akademik S.P.Korolýow adyndaky Samara milli barlag uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen “M.F.Reşetnýow adyndaky Sibir döwlet ylym we tehnologiýalar uniwersiteti” ýokary bilim berýän federal döwlet býujet bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Russiýanyň D.I.Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen “Russiýanyň binagärlik we gurluşyk ylymlar akademiýasy” Federal döwlet býujet edarasynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.

Umuman, bu waka uzakmöhletleýin geljegi, taraplaryň geljekde hem däbe öwrülen gatnaşyklary has-da berkitmek, özara gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerini doly peýdalanmak maksatlaryny nazara almak bilen guralýan türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýetiniň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol mümkinçilikleriň amala aşyrylmagy umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin “Magtymguly” zalyna barýarlar. Bu ýerde olary Türkmenistanyň hökümetiniň, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglamak hakynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany okalýar.

Prezident Wladimir Putin türkmen Liderini bu hormatly sylag bilen mähirli gutlap, bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aleksandr Newskiý ordenini gowşurýar.

“Daşary döwletleriň görnükli syýasy işgärleri Russiýa bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek işine goşan şahsy goşantlary üçin şu orden bilen sylaglanýarlar” diýip, belent mertebeli myhman Moskwanyň we Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köp babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde ösýändigini belledi.

Milli Liderimiz bildirilen uly hormat üçin RF-iň Prezidenti Wladimir Putine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagy uly mertebe, tutuş türkmen halkyna goýlan belent sarpa, däp bolan dostlukly türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň okgunly ösýändiginiň we hemmetaraplaýyn pugtalanýandygynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Häzirki wagtda Russiýanyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýär diýip, döwlet Baştutanymyz halklarymyzyň arasyndaky ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň mundan beýläk-de türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin mäkäm binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan – dünýäde bitaraplyk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen ýörite kararnama bilen tassyklanan ýeke-täk döwlet bolup durýar, biziň ýurdumyz Russiýa Federasiýasynyň dünýä ýüzündäki parahatçylygy berkitmek işine goşýan goşandyna ýokary baha berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz ýokary sylag üçin Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Prezident Wladimir Putine berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Russiýanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijelerini teswirlemek bilen, açyklyk, özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeli häsiýetini belledi. Türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki gatnaşyklaryň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin we strategik häsiýetini tassyklap, ony berkitmek hem-de hyzmatdaşlygyň örän uly mümkinçiliklerini açmak üçin zerur bolan ähli işleri geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Häzir Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy şol mümkinçiliklere eýe bolup durýarlar.

Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň we Russiýanyň halkara we sebit syýasatynyň ençeme meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belläp, munuň iki ýurduň dünýä giňişliginde üstünlikli hyzmatdaşlygynyň girewi bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-da we beýleki abraýly halkara guramalarynda öz netijeliligini tassyklan birek-biregi goldamak tejribesi dowam eder.

Biziň ýurtlarymyz häzirki döwrüň ählumumy wehimleri – halkara terrorçylygy, neşeleriň bikanun dolanyşygy, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyk bilen netijeli göreşmek işinde özara gatnaşyklary dowam ederler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde amala aşyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meseleleriniň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi. Türkmenistan we Russiýa bu sebite Ýewraziýadaky strategiki durnuklylygyň mäkäm halkasy, ählumumy ähmiýeti bolan giň gerimli energetika, ulag, ekologiýa taslamalarynyň amala aşyrylýan ýeri hökmünde garaýarlar.

Iki ýurduň Hazar deňzindäki ýakyn gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy. Bu gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, Hazarýaka döwletleriniň hemmesiniň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanandyr. Türkmenistan we Russiýa Hazarda söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda, beýleki birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça köptaraplaýyn ylalaşyklara gol çekilmegini goldaýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Hazar deňzindäki – Türkmenbaşy we Astrahan şäherlerindäki portlaryny, olaryň arasyndaky parom geçelgelerini peýdalanmagyň, şeýle hem Astrahan oblastynyň çäginde Türkmenistanyň söwda-logistik merkezini döretmegiň möhümdigi bellenildi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy Owganystandaky ýagdaýy BMG-niň öňdebaryjy orny bilen giň umumymilli gepleşikler esasynda parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmak, bu ýurduň sebitleýin ykdysady, düzüm taslamalaryna goşulmagy ugrunda çykyş edýärler.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň yzygiderli, gyzyklanma bildirilýän we özara bähbitli häsiýeti bellenildi, ony giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda energetika, ulag we kommunikasiýalar, obasenagat toplumy, tehnologiýalar, hyzmatlar ulgamy, beýleki birnäçe ugurlar görkezildi.

Türkmenistan milli bazarymyzda Russiýanyň iri kompaniýalarynyň ornuny giňeltmegini goldaýar, onuň uzakmöhletleýin häsiýetini belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň birnäçe sebitleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhümdigi tassyklanyldy.

Gepleşikleriň barşynda iki döwletiň medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyna aýratyn orun berildi. Taraplar ony has-da giňeltmäge, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda gatnaşyklary höweslendirmäge taýýardygyny tassykladylar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ylym-bilim ulgamynda özara gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi, olar ýylsaýyn giňelýär hem-de yzygiderli, uzakmöhletleýin esasda amala aşyrylýar. Saparyň barşynda gol çekilen Türkmenistanyň we Russiýanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň we ylym merkezleriniň birnäçesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyklar munuň subutnamasy bolup durýar. Bu ylmy işleri geçirmek, talyplary alyşmak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we taslamalaryny döretmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Biz dostlukly döwletiň okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň ýaş hünärmenlerini taýýarlamak işinde ýardam edýändigi üçin Russiýa minnetdarlyk bildirýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Şu sapar Russiýa Federasiýasynyň biz üçin ygtybarly dost, jogapkärli we 
päk ýürekli hyzmatdaş bolup durýandygyny tassyklady diýip, döwlet Baştutanymyz Russiýanyň ýurdumyzyň Bitarap daşary syýasy ugruny, ählumumy ösüşiň möhüm meseleleri boýunça halkara başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen tarapy hem, öz nobatynda, Russiýa Federasiýasyny onuň ähli netijeli başlangyçlarynda goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigi üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.

Russiýanyň Lideriniň saparynyň netijelerinden örän kanagatlanýandygyny aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň barşynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekilendigini belledi. Şu gün Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan ýakyn we köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklara ygrarlydygyny we oňa ymtylýandygyny nobatdaky gezek görkezdiler. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelip, dünýä ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak we berkitmek işine uly goşandyny goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara hem-de russiýaly kärdeşine ýüzlenip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putiniň ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylaglarynyň biri — “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen orden bilen sylaglanýandygyny yglan etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu çözgüt Russiýanyň Baştutanynyň türkmen-russiýa gatnaşyklaryny ösdürmek we pugtalandyrmak işine, onuň parahatçylygyň üpjün edilmegine hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine goşan uly goşandynyň ykrar edilmegi bolup durýar.

Türkmenistanda Wladimir Wladimirowiçi parasatly we öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde tanaýarlar we çuňňur hormatlaýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýokary döwlet wezipesinde onuň netijeli işi, uly syýasy tejribesi hem-de öz belent wezipesini ýokary derejede ýerine ýetirýändigi diňe bir Russiýada ählihalk goldawyny däl-de, eýsem, bütin dünýäde abraý we hormat getirdi. Onuň ýokary döwlet işlerine jogapkärli çemeleşmegi, parasatlylygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine öz ýurduna ynamly ýolbaşçylyk etmäge, Russiýanyň halkyny täze belentliklere alyp gitmäge, durnuklylygy saklap galmaga hem-de pugtalandyrmaga we döwletiň bütewiligini gorap saklamaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda diýen ýaly, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzy birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de ösüşe ymtylmak ýaly ýörelgelere esaslanan ýakyn gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Soňky ýyllarda hemmetaraplaýyn döwletara gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bolmagy hem-de taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy netijesinde aýratyn üstünlikli ösdürilýär.

Türkmenistan mundan beýläk-de, Russiýa Federasiýasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyr, bu dostlukly ýurt bilen taryhy taýdan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary emele geldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hyzmatdaşlygyň iki ýurduň uzakmöhletleýin özara bähbitlerine kybap gelýändigine, döwletara gatnaşyklarynyň strategiýasyna laýyk gelýändigine ynam bildirdi.

Soňra milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagyny—“Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen ordeni dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti russiýaly kärdeşini gutlap, oňa tüýs ýürekden berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde täze uly üstünlikleri, şeýle hem Russiýanyň dostlukly halkyna abadançylyk, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýär.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti jogap sözünde öz işine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, türkmen halkyna, dabara gatnaşyjylara tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Wladimir Putin özüne gowşurylýan hormatly sylagy Russiýa we rus halkyna uly hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belläp, bu wakanyň biziň halklarymyzyň köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklarynyň çuňňurlygynyň we mäkämliginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygyny belledi.

“Biz uzak ýyllaryň dowamynda bir bitewi döwletiň düzüminde bolduk, indi bolsa özygtyýarly ýurtlaryň, Birleşen Milletler Guramasynyň agzalarynyň derejesinde gatnaşyklarymyzy gurýarys. Meniň pikirimçe, biz muny mynasyp derejede, üstünlikli ýerine ýetirip, ýolumyzda duş gelýän ähli kynçylyklary üstünlikli ýeňip geçýäris. Biziň geljekde hem şunuň ýaly netijeli hereket etjekdigimize ynanýaryn” diýip, RF-iň Baştutany belledi.

Prezident Wladimir Putin şu günki gepleşikler barada durup geçmek bilen, habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, olaryň örän netijeli bolandygyny, halkara meseleleriniň hemmesi boýunça diýen ýaly, biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da örän ýakyndygyny belledi. Duşuşygyň barşynda dünýä ýüzündäki esasy we ýiti nokatlar, ozalky soýuzyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy, Orta Aziýadaky, Owganystandaky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy.

Elbetde, biz söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berdik diýip, RF-iň Baştutany sözüni dowam etdi. Onuň belleýşi ýaly, dürli ugurlarda, şol sanda maşyngurluşygy, ulag düzümi, saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üçin gowy mümkinçilikler bar.

Şu gün ähli ugurlar boýunça diýen ýaly, resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi diýip, Russiýanyň Prezidenti gazanylan ylalaşyklaryň eýýäm birnäçe ýyl bäri üstünlikli işläp gelýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň işjeň gatnaşmagynda amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi.

RF-iň Prezidenti çykyşyny tamamlap, türkmen tarapyna şu günki duşuşygyň oňat guralandygy hem-de bilelikde netijeli işlemäge döredilen ýagdaý üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem şu gün Russiýa Federasiýasynyň Baştutany paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde bina edilen hem-de milli gahrymanlarymyzyň — Watan goragçylarynyň, şeýle hem 1948-nji ýylyň weýrançylykly Aşgabat ýertitremesiniň şehitleriniň ýagty ýadygärligini ebedileşdiren “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy. Bu ýerde Prezident 
Wladimir Putin “Baky şöhrat” ýadygärligine gül goýdy.

Agşam belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Russiýanyň Baştutanlary mähirli hoşlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin şu gün ýokary derejede geçirilen duşuşygyň hem-de onuň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň däbe öwrülen döwletara hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine we täze mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Russiýa Federasiýasynyň Baştutany Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi hem-de Aşgabatdan ugrady.

Türkmen döwlet habarlary

02.10.2017 ýyl.

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article9399&cat19

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.