Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan 
ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň barşynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Ýaşulular maslahatyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, möwsümi bellenilen möhletlerde tamamlamak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz daýhanlar üçin döredilýän şertleriň, tehnikalaryň netijeli işledilmeginiň we tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekişde tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeýändigini, şoňa görä-de bugdaý ekişiniň gündelik depgininiň pesdigini aýdyp, hususan-da, welaýatyň Tejen, Sarahs we Ak bugdaý etraplarynda bugdaý ekişiniň pes derejede guralandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda pagta ýygýan kombaýnlaryň az sanlysynyň işledilýändigi sebäpli, gündelik ýygylýan pagtanyň hem möçberiniň azdygyny, şu babatda, aýratyn-da, welaýatyň Kaka we Altyn asyr etraplarynda pagta ýygymynyň pes derejede alnyp barylýandygyny aýdyp, bu ýagdaýlary düýpli seljerip, işleri degişli derejede ýola goýmagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny berjaý etmegiň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, ondan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň oba ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna düýpli täsir edýändigini nygtady. Şoňa görä-de, maksatnamada kesgitlenen wezipeleriň ählisini berk berjaý etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz häkime degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda welaýatda geçiriljek Ýaşulular maslahatynyň ähmiýeti barada aýdyp, umumy döwlet häsiýetli bu möhüm çärä hemmetaraplaýyn düýpli taýýarlyk görülmegini we onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, hususan-da, bugdaý ekişiniň depginini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň günbatar sebitinde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Etrek, Serdar we Bereket etraplarynda bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigine ünsi çekip, ýol berilýän kemçilikleri düzetmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen täze çemeleşmeler barada aýdyp, ähli agrotehniki çäreleriň hasyllylygy ýokarlandyrmak, ekin dolanyşygyny we tohumçylygy kämilleşdirmek esasynda alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň öndürijilikli zähmet üçin ähli zerur şertler bilen üpjün edilişine berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatda durmuş maksatly desgalaryň, senagat kärhanalarynyň gurluşygy baradaky meseläni gozgap, häkime Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalara gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz nobatdaky Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görülmegi baradaky meseläniň üstünde durup geçip, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew ekerançylyk ýerlerinde agrotehniki çäreleriň geçirilişi, hususan-da, bugdaý ekişi, pagta ýygymy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim demirgazyk sebitde täze gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky we Ruhubelent etrabynda bugdaý ekişiniň hem-de Köneürgenç we Akdepe etraplarynda pagta ýygymynyň guralyşynda düýpli säwliklere ýol berilýändigine ünsi çekip, bu ugurda ýol berilýän kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, işleri talabalaýyk ýola goýmagy häkimden berk talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan desgalaryň ýagdaýy, aýratyn-da, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalardaky işler bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz demirgazyk sebitiň ýaşaýjylarynyň Ýaşulular maslahatyna guramaçylykly taýýarlanmagy boýunça häkime tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew pagta ýygymy we bugdaý ekişi boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Häkim öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri, dürli desgalaryň gurluşygy we sebitiň düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly işleriň ýagdaýy hakynda hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerleri we suwaryş suwyny rejeli peýdalanmak, geçirilýän agrotehniki çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz bugdaý ekişiniň alnyp barlyşynda tehnikalaryň bildirilýän talaplaryň derejesinde işledilmeýändigine we şu sebäpli, esasan-da, welaýatyň Sakar, Birata we Hojambaz etraplarynda ekişiň gündelik depgininiň pesdigine häkimiň ünsüni çekdi.

Welaýatda pagta ýygymynyň depginleri baradaky meselä degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Birata we Atamyrat etraplarynda pagta ýygymynyň pes derejede guralandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz işleriň ýaramaz guralmagynyň sebäplerini seljermegi hem-de kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, işleriň depginlerini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalardaky işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Ýaşulular maslahaty ýaly şeýle wajyp umumymilli foruma hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda pagta ýygymynyň, bugdaý ekişiniň barşy, umuman, sebitiň oba hojalygynyň netijeliligini has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek, sebitiň çäklerinde gurulýan desgalaryň hiline hem-de möhletlerine gözegçilik etmek, şanly senelere bagyşlanan köpçülikleýin-medeni çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara, tassyklanan meýilnama laýyklykda bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň Oguzhan hem-de Wekilbazar etraplarynda tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeýändigi üçin bugdaý ekişiniň depgininiň pes derejede barýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Baýramaly, Mary we Garagum etraplarynda pagta ýygymynyň depginleriniň yza galýandygyny, ýygymda döwlet tarapyndan satyn alynýan kuwwatly tehnikalaryň netijeli işledilmeýändigini nygtap, bu ýagdaýlary düýpli seljermegi we işleri ýola goýmak üçin ähli çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmelidigine ünsi çekip, alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz nobatdaky Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görlüşi baradaky gürrüňe ünsi çekip, welaýatdan bu ählumumy çärä gatnaşjak wekilleriň düzümi we şuňa meňzeş beýlekiler bilen baglanyşykly meseleleriň hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çözülmelidigini tabşyrdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek we paýtagtymyzyň çäklerinde degişli arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz medeni-durmuş, inženerçilik-tehniki we ekologiýa ugurlaryny öz içine alýan abadanlaşdyryş işleriniň geçirilişine oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylaryň amatly durmuşy üçin ýokary ekologiýa görkezijileriniň üpjün edilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baş talaby bolup durýandygyny belläp, döredilýän ýaşyl zolaklaryň gerimini mundan beýläk-de giňeltmegi, şol bir wagtyň özünde bar bolan bag nahallaryna degişli idegiň ýola goýulmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalaryň döwrüň ruhuna laýyk derejede geçirilmegi halkymyzyň bagtyýarlygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şanly seneler mynasybetli dürli maksatly binalaryň açylyş dabarasynda guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, Türkmenistanyň ýeten derejesiniň beýanyny tapmalydygyny belledi.

Hususan-da, häkime Aşgabatda geçiriljek açylyş dabaralar mynasybetli guraljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi babatda birnäçe anyk görkezmeler berildi.

Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz ýakynda geçiriljek Ýaşulular maslahatynyň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhüm talap durýandygyny bellemek bilen, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň, Türkmenistanyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Türkmen döwlet habarlary

02.10.2017 ýyl.

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article9398&cat19

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.