2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

«Türkmenistan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe» atly monografiýasyndan

II bap. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwlet we jemgyýet

1. Döwletiň we jemgyýetiň hukuk esaslarynyň kämilleşmegi

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy  türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň we kämilliginiň hukuk esasy bolup durýar. Onuň kabul edilmegi milli ylalaşyk, türkmen halkynyň täze döwletini gurmak üçin syýasy-hukuk esasy döretdi. Ol daşary ýurt döwletleriň, şeýle hem öz ýurdumyzyň hukugynda ençeme onýyllyklaryň dowamynda emele gelen häzirki döwrüň konstitusiýalaşdyrmasynyň esasyny we meýillerini özünde jemledi, döwleti we jemgyýeti ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň konseptual ugurlarynyň birnäçesini öz içine alýar. Mysal üçin, girişde bellenilişi ýaly, onuň kabul edilmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny berkitmek, her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirmek, parahatçylygy we milli ylalaşygy üpjün etmäge ymtylmak, halk häkimiýetliliginiň, demokratik, dünýewi, hukuk döwletiniň sütünlerini berkarar etmek, daşary syýasatda asuda ýaşamak ýörelgelerini goldamak bilen bagly bolup durýar1. Konstitusiýa hemme zady öz içine alýan häsiýetnamasy bilen baglylykda, deklaratiw kadalaryň, maksat-kadalaryň we kada-ýörelgeleriň birnäçesine eýe bolup durýar. Munuň özi döwlet we jemgyýetçilik institutlaryny ösdürmegiň ugurlaryny, şeýle hem adam hukuklaryny amala aşyrmagyň degişli usullaryny kesgitlemek üçin zerurdyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklarynyň özgermegini şertlendirdi, döwlet-hukuk institutlarynyň mazmunyna, döwlet häkimiýetiniň guralyşyna üýtgetmeleri girizdi. Döwlet-hukuk institutlarynyň ewolýusiýasy düýpli özgerişlikleri bilen tapawutlanýar. Bu aýratyn-da, döwlet häkimiýetiniň guralyşyny düzgünleşdirmek, kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet edaralarynyň düýbünden başga ulgamyny gurmak we bölmek babatynda has aýdyňdyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanuny bolup durýar. Şonuň üçin onuň esasy orny Konstitusiýanyň ähli gatnaşyklarda diňe döwlet we jemgyýetçilik edaralaryny döretmek we ösdürmek üçin başlangyç nokat bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olary kämilleşdirmegiň geljegi uly bolan ugurlaryny hem kesgitleýär diýip ynamly aýtmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanda konstitusion gatnaşyklar demokratik, hukuk we dünýewi döwleti döretmäge we ösdürmäge gönükdirilendir (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasy). Döwlet dolandyryş görnüşi boýunça Türkmenistan prezident respublikasy bolup durýar.

Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşinde we kämilleşmeginde konstitusion esaslar Konstitusiýanyň we kanunlaryň Türkmenistanyň çäginde has netijeli hereket etmegi üçin ykdysady, syýasy we durmuş ulgamlarynda düzülýär. Konstitusiýa ýurtda syýasy ýagdaýy durnuklaşdyrmaga ýardam etdi, ol syýasy özgertmeleriň kadaly ösmegi üçin esas döredip, täze syýasy edaralary we düzümleri kanuny edip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşýanlaryň hemmesine umumy talaplary bildirýär. Olar hemmeler üçin hökmany bolan konstitusion çäklerde hereket etmelidir.

Häzir Türkmenistan pajarlap ösmegi hem-de döwlet häkimiýeti institutlarynyň kämilleşdirilmegi bilen häsiýetlenýär. Ol täze döwre Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam basyp, bu döwür Türkmenistanyň Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde mundan beýläk-de ösmeginiň we berkemeginiň döwrüne öwrüldi. Bu döwürde täze özgertmeleriň başy başlanýar hem-de döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda konstitusion düzgünleri kämilleşdirmek babatda başlangyçlar ýaýbaňlanýar.

2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi2. Ol milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegini alamatlandyrdy we ýurdumyzda döwlet-hukuk özgertmeleri üçin şert boldy. Esasy Kanun häkimiýetleri bölmegiň düýbünden täze häsiýetnamasyny, olaryň ygtyýarlyklaryny kesgitledi, häkimiýetiň ähli şahalarynyň ornuny nazara almak bilen, olaryň arasyndaky özara gatnaşyklary başgaça häsiýetlendirdi. Mundan başga-da, onda dünýä bileleşiginiň döwletleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň konstitusion kanunçylygynda emele gelen meýiller nazara alyndy. Konstitusion özgertmeler milli-döwlet gurluşyny has-da kämilleşdirmegiň geljegini kesgitledi, soňky ýyllarda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda, ykdysadyýetde, syýasatda we ýurduň aňyýet-durmuşynda bolup geçen düýpli özgerişlikleri şöhlelendirdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde diňe halkara hukugyna däl-de, eýsem, ýurduň içindäki hukuga gatnaşýanlaryň arasyndaky hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde halkara hukugyny ykrar etmek işinde öňe tarap uly ädim ädildi. Ol halkara hukugynyň birnäçe kadalaryna salgylanmalar bilen utgaşýar. Mysal üçin, Konstitusiýanyň 6-njy maddasynda ilkinji gezek halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgeleriniň ileri tutulýandygy jar edildi, Türkmenistanyň hukuk ulgamynda halkara şertnamalarynyň ähmiýeti we orny berkidildi3.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli kanunçylygyň özeni bolup durýar. Şonuň üçin döwletiň we jemgyýetiň hukuk esaslarynyň ösüşi konstitusion, şeýle hem häzirki kanunlaryň ösmegi we kämilleşdirilmegi bilen üznüksiz baglydyr. 2007-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Karary kabul etdi4. Ol milli kanunçylygy ösdürmegiň esasyna öwrüldi. Kanunçylygy özgertmegiň baş maksady — hukuk döwletiniň esaslaryny berkitmek, jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmak, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan syýasy, ykdysady, durmuş, ylmy we medeni özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, milli kanunçylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek bolup durýar.

Şeýlelikde, 1992-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy wagtyň synagyndan üstünlikli geçdi. Ol döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň düýbünden täze syýasy-hukuk esasyny, degişli düzümleri döretdi. Konstitusion özgertmeleriň çäklerinde 2008-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň esaslaryny has-da kämilleşdirmek boýunça düýpli çäreler amala aşyryldy. Türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ugurlarynda bolup geçýän düýpli özgertmeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynda olary beýan etmek zerurlygyny ýüze çykaryldy. Şeýlelikde, ýurdumyzyň Esasy Kanunyna möhüm üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi, bu bolsa döwlet häkimiýeti we dolandyryş ulgamyny, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny özgertmek üçin zerur bolan hukuk şertlerini döretmäge mümkinçilik berdi. Konstitusiýanyň esasynda kabul edilen Kanunlar aýratyn uly ähmiýete eýe bolup durýar, çünki olar demokratik ýörelgeleri, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny, döwleti we jemgyýeti ösdürmegiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek üçin anyk şertleriň döredilmegini ugur edinýär.

Şeýlelikde, Konstitusiýany döwleti we jemgyýeti ösdürmegiň hajatlaryna laýyk getirmek boýunça uly işler geçirildi. Esasy Kanunyň aýry-aýry kadalarynda göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirildi. Ýurdumyzda häkimiýetiň wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralarynyň hukuk binýady döredildi we kämilleşdirildi. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň has netijeli işlemegi üçin zerur şertler üpjün edildi. Emma häzirki wagtda täze ýagdaýlary, halkara hukuk kadalaryny we standartlaryny nazara almak bilen, döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de özgertmek üçin konstitusion düzgünleri we kadalaşdyryjy hukuk namalary bildirilýän talaplara laýyk getirmek zerurlygy ýüze çykdy. 2014-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň V çagyrylyşyň deputatlarynyň öňünde çykyş etmek bilen, «Esasy Kanunymyzy rejelenen görnüşinde kabul edip, onuň esasynda jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki tapgyrynda geçiriljek hukuk özgertmeleriniň maksatlaryny we wezipelerini işläp taýýarlamaly hem-de tassyklamaly»5 diýip belledi.

Konstitusion özgertmeler milli kanunçylygy ösdürmek we kämilleşdirmek bilen üznüksiz baglydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan özgertmelerini amala aşyrmagyň çäklerinde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýady berkidilýär we kämilleşdirilýär.

Konstitusion toparyň 2014-nji ýylyň 6-njy awgustynda geçirilen 1-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti çykyş edip, «Amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryny tapgyrma-tapgyr ösdürmegi, döwlet-hukuk institutlarynyň işini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagy hem göz öňünde tutýar. Bu bolsa, kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, kazyýet häkimiýetleriniň ähmiýetini we ornuny kesgitlemek hem-de özara netijeli hyzmatdaşlyk etmegini gazanmak bilen hem baglydyr. Umuman, biz jemgyýetimiziň we döwletimiziň ähli ulgamlaryny düýpli özgertmek, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini we bedew bady bilen ynamly öňe gitmegini gazanmak maksady bilen Esasy Kanunymyzy kämilleşdirýäris»6 diýip belledi.

Mejlisiň, Ministrler Kabinetiniň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň kabul edýän kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge, döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmaga, olaryň mazmunyny anyk çäreler bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Olaryň esasy maksady-ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň demokratik ýörelgelerini has-da ösdürmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny, umumy ykrar edilen kadalary we halkara hukugynyň ýörelgelerini üpjün etmek bolup durýar.

Milli parlamentiň işi Türkmenistanyň Prezidentiniň üns merkezinde durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygy uly ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň strategiýasyny we esasy ugurlaryny kesgitledi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti «...biz geljekde hem jemgyýetimizde demokratiýany ösdürmek, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak boýunça netijeli işleri alyp barmaly. ...Biz demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen maksatlaryny, kanunçylyk binýadyny doly we aýdyň kesgitlemeli»7 diýip belledi.

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kanun çykaryjylyk işiniň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu meýilnama laýyklykda, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň hukuk esasyny ösdürmek şu ugurlara eýe bolup durýar: a) adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak; b) kanunçylygy we onuň kadalaryny kämilleşdirmek; ç) ykdysadyýet; d) durmuş syýasaty; e) ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty; ž) daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we obasenagat toplumy; z) daşary syýasat8.

Döwletiň we jemgyýetiň hukuk esaslaryny ösdürmek jemgyýetçilik-syýasy durmuşy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmazdan, raýat jemgyýeti edaralaryny kämilleşdirmezden, halk häkimiýetliligi, ýerli öz-özüňi dolandyryş ýörelgeleri bolmazdan mümkin däldir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň milli parlamentiň deputatlarynyň öňünde eden çykyşynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesini girizmegiň, halk maslahatynyň we Geňeşleriň işini, saýlaw kanunçylygyny kämileşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi9.

Şeýlelikde, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi durnukly ösüşe, şeýle hem umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk gelýär. Döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän syýasy ugry hem-de milli parlamentiň bellän çäreleri türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň hukuk esaslaryny has-da ösdürmäge, Garaşsyz we özygtyýarly Türkmenistanyň kanunçylyk hukuk binýadyny berkitmäge gönükdirilendir.

Durnukly ösüş öz nobatynda jemgyýetçilik institutlaryny ähli derejelerde döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir hem-de ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň gazanylan derejesini beýan edýär. Şonuň üçin döwletiň we jemgyýetiň hukuk esasyny ösdürmek hakynda gürrüň edilende ozaly bilen, jemgyýetçilik-syýasy we durmuşy ykdysady özgertmeleriň dolanuwsyz häsiýete öwrülip, demokratik özgerişlikleriň barşynda raýat jemgyýeti institutlary tarapyndan işlenip taýýarlanan maksatlaryň we wezipeleriň amala aşyrylmagy bilen üpjün edilýän ösüş barada aýtmak gerek.

Türkmenistanyň ösüşiniň her bir tapgyry özüniň aýratynlyklary bilen häsiýetlenýär, täze düzedişleri girizýär. Türkmenistan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam basdy. 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi10. Üýtgetmeler we goşmaçalar türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň durmuşynda, onuň ykdysadyýetinde, ideologiýasynda soňky ýyllardaky düýpli özgertmeleri şekillendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi döwlet-hukuk gurluşynyň täze taryhy döwrüni, milli döwlet gurluşynyň mundan beýläk kämilleşmeginiň uzakdan görüjiligini alamatlandyrýar.

 

2. Döwlet dolanyşygynyň döwrebaplaşdyrylmagy

Döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolunmagy bilen, Türkmenistanda ýurdy ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatlaryny gazanmakda möhüm şert bolan döwleti dolandyryşynyň netijeli ulgamyny döretmek meselesi esasy wezipe bolmagynda galýar. Türkmenistanda döwleti kemala getirmegiň ilkinji on ýyllygy jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda bolup geçen özgerişlikleri nazara almak bilen, döwlet dolandyryşynyň täze ulgamynyň döredilip başlanmagyny öz içine aldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň we özygtyýarlygynyň jar edilmegi ozal ýola goýlan sowet dolandyryş ulgamyny üýtgedip gurmak arkaly düýpli özgerişlikleri amala aşyrmaga hem-de demokratik we hukuk döwletini döretmäge girişilmegine mümkinçilik berdi.

Täze ykdysady syýasat ähli derejelerde ýolbaşçylyk etmegiň täze usullaryna geçilmegini, giňden demokratiýalaşdyrmagy, adam mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýardy. Bu şertlerde döwlet tarapyndan dolandyrylmagynyň zerurlygy döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek zerurlygyndan gelip çykýar. Bu syýasat tebigy, zähmet, maddy we maglumat serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, girdejileriň adalatly bölünmegine hem-de esasy durmuş hukuklarynyň kepillendirilmegine, jemgyýetçilik tertibiniň saklanmagyna gönükdirilendir.

Döwleti dolandyrmagyň jemgyýetçilik ähmiýeti onuň maksatlaryndan we wezipelerinden gelip çykýar. Öz içerki gurluşy nukdaýnazaryndan döwlet dolandyryşy çylşyrymly guramaçylyk ulgamy bolup durýar, onuň hereket etmegi ozaly bilen, raýatlaryň ruhy we maddy hajatlaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki döwürde döwlet dolandyryşy diýlip, döwlet häkimiýeti edaralarynyň üsti bilen jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryna ýolbaşçylyk etmek boýunça döwlet işi hökmünde düşünilýär. Olara hökümete degişli däl edaralary we raýat jemgyýetiniň subýektlerini çekmek bilen kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we ähli derejelerdäki kazyýet edaralary degişli bolup durýar.

Geçiş döwründe ýurdumyzda şu özgertmeler amala aşyryldy: birinjiden, Türkmenistan dünýä döwletlerine mahsus ähli syýasy we hukuk alamatlary bolan Garaşsyz we özygtyýarly döwlete öwrüldi; ikinjiden, Türkmenistanda milli ykdysadyýeti döwlet dolandyryş ugrundan bazar şertlerine birsydyrgyn geçirmek, onuň täze düzümini döretmek amala aşyryldy; üçünjiden, döwlet kadalaşdyrmasynyň täze görnüşlerine we usullaryna geçmek tamamlandy; dördünjiden, ýurdumyzda döwletiň hasabyndan aýyrmagyň we hususylaşdyrmagyň, hususy-toparlaýyn (döwlete dahylly däl) ulgamyň, telekeçiligiň paýyny kem-kemden artdyrmak bilen, täze ugurlary döretmegiň hasabyna ykdysadyýetde gyradeňligi giňden ulanmagy ugur edinýän döwlet düzümlerini özgertmek işleri geçirildi.

2012-nji ýylda Türkmenistan ösüşiň täze tapgyryna – Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam basdy, geçiş döwri tamamlandy, Türkmenistanda döwlet dolandyryş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin mümkinçilikler toplandy we jemgyýetçilik-syýasy hem-de kanunçylyk-hukuk esaslary döredildi. Döwleti dolandyrmagyň maksatlaryny we wezipelerini üýtgedip guramak, bir bitewi döwlet ulgamy hökmünde döwleti dolandyrmagyň täze usullaryny kemala getirmek ony döwrebaplaşdyrmagyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistanda döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmegiň iki ugry mahsusdyr. Bu birinjiden, türkmen döwletini ösdürmek işiniň üznüksizligidir. Döwlet ösüşiniň dürli döwürleri döwlet we jemgyýetçilik edaralarynynyň has-da kämilleşdirilmegine uly täsirini ýetirdi. Ikinjiden, bu döwlet we jemgyýetçilik görnüşlerini ösdürmekde taryhy yzygiderlilikdir. Hususan-da, dolandyrmagyň buýruk beriji dolandyryş düzümini kemeltmek we amatlaşdyrmak, döwlet dolandyryş işgärleriniň sanyny azaltmak, bazar ykdysadyýetine geçmegiň şertlerine uýgunlaşan döwlet dolandyryş ulgamyny kemala getirmek geçiş döwründe esasy wezipe boldy.

Häzirki döwlet dolandyryş ulgamy syýasy-administratiw ulgamda adamlaryň aýratyn toparynyň işiniň hünär esasynda amala aşyrylmagy hökmünde häsiýetlendirilýär. Olar Konstitusiýanyň, adamyň we raýatyň konstitusion-kanuny hukuklaryny goramak we üpjün etmek, raýatlaryň deňhukuklylygy ýörelgesi boýunça jemgyýetçilik hyzmatlaryny etmek baradaky kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda döwletiň erk-islegini amala aşyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň raýat jemgyýetiniň ösüşiniň hem-de döwlet dolandyryş institutlaryny kemala getirmegiň häzirki derejesine barabar bolan milli döwletliliginiň düzümlerini ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, yglan edilen türkmen döwletini gurmagyň täze başlangyçlary häzir döwlet diwanyny jemgyýetiň döwlet edarasynyň möhüm bölegi hökmünde özgertmäge täze çemeleşmeleri talap edýär.

Ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi häzirki döwre mahsus ykdysady gatnaşyklaryň täze derejesine gabat gelýän döwleti dolandyrmagyň täze düzümini, görnüşlerini we usullaryny guramagyň zerurlygyny döretdi. Täze guramaçylyk düzümlerini döretmek, döwleti dolandyrmagyň görnüşlerini we usullaryny ösdürmek döwlet diwanynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, hukuk medeniýetini döretmäge, döwletiň we jemgyýetiň ähli düzümleriniň işjeňliginiň özbaşdak görnüşlerini ösdürmäge, raýatlaryň döredijilik ukybyny açmaga we döwleti dolandyrmaga gatnaşmagyna esaslanýar.

Şular döwlet dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary bolup durýar: a) döwleti dolandyrmagyň hilini, durmuş netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek; b) raýat jemgyýetiniň subýektleri bilen dürli döwlet dolandyryş düzümleriniň özara gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen täze maglumat, durmuş, innowasion tehnologiýalary , ornaşdyrmak; ç) döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilen dolandyrmagyň häzirki zaman görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmak; d) raýatlaryň başlangyçlaryny we döredijiligini höweslendirmek.

Türkmenistanda döwlet dolandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny şu döwürlere şertleýin bölmek bolar: birinji— 1990-1996-njy ýyllar, ikinji – 1996-2006-njy ýyllar hem-de üçünji – 2007-nji ýyldan häzirki wagta çenli.

Birinji döwür (1990-1996-njy ýyllar) döwleti gurmagyň işjeň prosesi, Türkmenistanda ozal hereket eden sowet administratiw-buýruk beriji ulgamyň ýerine demokratik esasda döwlet dolandyryş ulgamyny gurmak synanyşygy bilen häsiýetlenýär. 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda «Türkmenistan SSR-niň döwlet özygtyýarlylygy hakynda» jarnamanyň kabul edilmegi, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda döwlet garaşsyzlygynyň jar edilmegi, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bu döwür üçin häsiýetli bolup durýar.

Döwlet özygtyýarlylygy hakynda jarnama Türkmenistanyň halkynyň erk-isleginiň, milletiň öz ykbalyny özi kesgitlemäge, hökmürowanlygyna, özbaşdaklygyna bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagynyň, Türkmenistanyň çäginde häkimiýetiň bitewüliginiň we bölünmezliginiň, garaşsyzlygynyň we daşarky gatnaşyklarda deňhukuklylygynyň beýanyna öwrüldi. Ol Türkmenistanda döwleti dolandyrmagyň düýbünden täze ulgamyny döretmegiň syýasy-hukuk esasyna öwrüldi. 1990-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda «Türkmenistan SSR-inde dolandyrmagyň prezident görnüşini esaslandyrmak hem-de Türkmenistan SSR-iniň Konstitusiýasyna (Esasy Kanuny) üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistan SSR-niň Kanuny kabul edildi11. Oňa laýyklykda, 1990-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda ilkinji gezek respublikada TSSR-niň ilkinji Prezidenti saýlanyldy.

1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanda döwlet Garaşsyzlygy hakynda mesele boýunça ählihalk sala salşygy geçirildi, ertesi gün onuň netijeleri boýunça «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň konstitusion kanuny kabul edildi12. Bu Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet gurluşy respublika hökmünde jar edilip, onda halk döwlet häkimiýetiniň gözbaşy bolup durýar. Ýurduň ähli çäginde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Kanunlarynyň hökmürowanlygy kesgitlendi.

Mundan başga-da, Konstitusion kanun Türkmenistanda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjylyk, ýerine ýetirijilik we kazyýet häkimiýetliligine bölünmek ýörelgesi boýunça amala aşyrylýandygyny kesgitledi. Türkmenistanda eýeçilik hukugy onuň islendik görnüşinde ykrar edilýär we döwlet tarapyndan goralýar.

Türkmenistan maliýe syýasatyny we pul ulgamyny özbaşdak kesgitläp, öz döwlet we bank edaralaryny döredip başlady (mysal üçin, Türkmenistan SSR-iniň Prezidentiniň 1991-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Buýrugyna laýyklykda, Aşgabatda SSSR-iň Daşary ykdysady bankynyň bölümi açyldy).

Görkezilen namalara laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary Soweti kanun çykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan edara hökmünde kesgitlenipdi. Türkmenistan SSR-niň Ministrler Soweti (Hökümeti) ýatyrylypdy. Onuň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylyk edýän Prezident Sowetine berildi. Türkmenistanyň Prezidenti döwlet Baştutany hem-de Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamy hökmünde kesgitlendi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýerine ýetiriji häkimiýete ýolbaşçylyk etdi. Döwlet ykdysadyýet dolandyryşy nukdaýnazaryndan Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna geçilip başlandy. 1991-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ýokary Soweti «Türkmenistan SSR-niň bazar ykdysadyýetine geçmeginiň Maksatnamasy hakynda» Karar kabul etdi. Kararda Türkmenistan SSR-niň Hökümetine döwlet häkimiýet we ähli derejelerdäki dolandyryş edaralary bilen bilelikde halk hojalygyny ösdürmegiň kesgitlenen ugurlaryny amala aşyrmak tabşyryldy. Mundan başga-da, Hökümetiň üstüne sarp ediş bazaryny we pul dolanyşygyny tiz wagtda durnuklaşdyrmak, ilaty durmuş taýdan goramagyň ygtybarly döwlet usulyny döretmek, ilatyň durmuş derejesiniň pese gaçmagyna ýol bermezlik boýunça işleri gysga möhletde takyk guramak wezipesi ýüklenipdi.

Türkmenistany bazar ykdysadyýetine geçirmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak özara bagly çäreleriň toplumyny, hususan-da: a) bazaryň hukuk esaslaryny üpjün edýän kanunlaryň we kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak; b) ilaty goramagyň durmuş kepillikleriniň usulyny döretmek; ç) eýeçiligi döwletden aýyrmak we hususylaşdyrmak maksatnamasyny işläp taýýarlamak; d) guramaçylyk dolandyryş düzümlerini bazaryň talaplaryna laýyk getirmek; e) bazar düzümini döretmek; ž) telekeçiligiň erkinligini üpjün etmek we beýleki çäreleri öz içine aldy13. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan SSR-niň Prezidentiniň 1991-nji ýylyň 11-nji martynda gol çeken «Türkmenistan SSR-niň bazar ykdysadyýetine geçmegi boýunça ilkinji nobatdaky çäreler hakynda» Buýrugy bilen kanun çykaryjylyk işleriniň meýilnamasy tassyklanyldy, degişli namalaryň taýýarlanmagy üçin jogapkär ministrlikleriň, döwlet komitetleriniň we edaralaryň, ylmy edaralaryň degişli namalary işläp taýýarlamagynyň möhletleri kesgitlendi.

Türkmenistan SSR-niň Prezidentiniň 1991-nji ýylyň 22-nji awgustyndan «Respublikanyň çäginde ýerleşýän soýuz tabynlygyndaky edaralaryň we kärhanalaryň Türkmenistan SSR-niň garamagyna geçmegi hakynda» Permanyna laýyklykda, şol kärhanalar we edaralar Türkmenistan SSR-niň garamagyna geçdi.

Şeýlelikde, başlangyç tapgyrda döwlet dolandyryş edaralarynyň düzümi we ulgamy ençeme gezek üýtgedi. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllary täze çözgütleri gözläp tapmagyň, döwleti dolandyrmagyň bir ýagdaýyndan beýleki ýagdaýyna, ýokary hilli we netijeli ýagdaýyna geçmegiň ýyllary bolupdy, dolandyryş edaralarynyň guramaçylyk düzümini we işini has-da kämilleşdirmek boýunça çäreler görüldi, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň we döwlet diwanynyň bölümleriniň arasynda wezipe ygtyýarlyklar anyklanyldy.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwleti dolandyrmagyň täze ulgamynyň kemala gelmegine ýol açdy. Hususan-da, onda häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji hem-de kazyýet häkimiýetlerine bölünýändigi yglan edildi (4-nji madda), hususy eýeçilik we eýeçiligiň eldegrilmesizligi ykrar edildi (9-njy madda).

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyny güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Ýokary Sowet Mejlis adyny kabul etdi, onuň wezipeleri we ygtyýarlyklary kesgitlendi. Türkmenistanyň halk deputatlary 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli eýe bolan ähli ygtyýarlyklaryny saklap galmak bilen, Mejlisiň deputatlary derejesine eýe boldular. Hökümet Ministrler Kabineti adyny we derejesini kabul etdi, Hökümetiň Baştutanynyň orunbasarlary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary derejesine eýe boldular.

Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyny güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistan SSR-iniň Prezidentine 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli döwlet komitetlerini ministrliklere öwürmek, Ministrler Kabinetiniň düzümini tertipleşdirmek we döretmek, gös-göni ýurduň Prezidentine tabyn bolan gözegçilik edarasyny döretmek boýunça çäreleri amala aşyrmak teklip edildi.

1992-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň düýbünden täze ulgamyny kesgitledi. Mysal üçin, Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetliliginiň iň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde kesgitlendi (45-nji madda), döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany, iň ýokary wezipeli adam hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti görkezildi (54-nji madda), Türkmenistanyň Mejlisi (Parlament) kanun çykaryjy edara diýlip yglan edildi.

Şeýle hem birinji tapgyrda Türkmenistanyň dolandyryş çäk gurluşy kämilleşdirildi. Ol ýurtda täze sebit syýasatynyň döredilendigine şaýatlyk etdi. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyny güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurtda şu welaýatlar: Ahal (ozalky Aşgabat oblasty), Balkan (ozalky Balkan oblasty), Daşoguz (ozalky Daşhowuz oblasty), Mary (ozalky Маry oblasty), Lebap (ozalky Çärjew oblasty) welaýatlary döredildi, Aşgabat şäheri Türkmenistanyň paýtagty diýlip yglan edildi (Türkmenistanyň Konstitusiýasy, 15-nji madda).

Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetine hem-de döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň täze ulgamyna geçmegi bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň eýeleýän orny hem ep-esli giňeldi. Hususan-da, strategik nukdaýnazardan kanun çykaryjylyk işi üýtgedi we täze görnüşe eýe boldy. Parlamentiň işiniň işjeňleşmegi ýurduň ykdysadyýeti we durmuş taýdan ösüşi ulgamynda kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugruny kesgitlemek, täze milli döwletiň binýadyny döretmek bilen baglydyr. Bular ozaly bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, kanun çykaryjylyk işleriniň 1996-1999-njy ýyllar üçin meýilnamasynda, Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň 1993 — 1996-njy ýyllar üçin esasy ugurlarynda, 1992-nji ýylyň 14-nji dekabrynda kabul edilen «On ýyl abadançylyk» toplumlaýyn milli maksatnamada we beýlekilerde öz beýanyny tapdy.

Täze Konstitusiýa laýyklykda, 1992-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi, 1992-nji ýylyň 26-njy iýunynda bolsa Türkmenistanyň Ministrler Kabineti döredildi, 1995-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi «Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etdi14. Bu Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň ýerine ýetiriji häkimiýet we dolandyryş edaralaryna ýolbaşçylyk edýän, olaryň ylalaşyp işlemegini üpjün edýän kollegial ýerine ýetiriji we serenjam beriji edara hökmünde häsiýetlendirilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ministrlikleriň hem-de beýleki merkezi döwlet dolandyryş edaralarynyň işine ýolbaşçylyk edýär hem-de olaryň sazlaşykly işlemegini üpjün edýär.

Birinji tapgyrda Garaşsyz we özygtyýarly Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynyň täze ulgamynyň esaslary goýuldy, olar ozal hereket eden Sowet dolandyryş buýruk beriji ulgamyndan düýpli tapawutlanýardy. Döwlet Garaşsyzlygy jar edilmezden öň, Türkmenistan SSR-niň Ýokary Soweti 1988-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistan SSR-niň halk hojalygyny dolandyrmagyň Baş meýilnamasyny tassyklady15. Bu meýilnama laýyklykda, döwlet dolandyryş edaralarynyň we tutuş döwlet diwanynyň guramaçylyk düzümi kämilleşdirilip başlandy, şonuň netijesinde olaryň  döwrebaplaşdyrylmagy düzümleriň ýöriteleşdirmeginiň we birleşmeginiň has-da ösmegine getirdi.

1992-nji ýylyň 19-njy maýynda «Daşary ykdysady iş hakynda», «Maýa goýum işi  hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi16. Olar ilkinji gezek Türkmenistanyň çäginde daşary ýurtly maýadarlaryň daşary ykdysady işlerini amala aşyrmagynyň guramaçylyk-hukuk we ykdysady esaslaryny kesgitledi hem-de halk hojalygynda daşary ýurt öňdebaryjy tehnologiýalaryny, dolandyryş tejribesini, maddy we maliýe serişdelerini çekmäge hem-de netijeli ulanmaga, açyk görnüşli ykdysadyýeti, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge  gönükdirildi.

1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda «Eýeçilik hakynda», «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bilen eýeçilik gatnaşyklary hem düýpli üýtgedi, ýurtda telekeçiligi ösdürmäge badalga berildi17. Mundan başga-da, 1990—1996-njy ýyllarda geçirilen özgertmeleriň barşynda bazar ykdysadyýetiniň aýry-aýry alamatlarynyň girizilmegi bilen, täze ministrlikler we edaralar döredildi, ykdysadyýet ulgamynda döwlet dolandyryş edaralarynyň ozalky ulgamy üýtgedilip guruldy, olaryň käbirleri bolsa ýatyryldy, dolandyryş düzümleriniň wezipe borçlary üýtgedildi. Olar köp babatda Türkmenistanyň täze ykdysady-bazar gatnaşyklaryna geçmegine gönükdirilipdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanda döwlet dolandyryş ulgamyny emele getirmek we döwrebaplaşdyrmak işleri Garaşsyzlygyň yglan edilen pursatyndan bäri amala aşyrylýar we häzire çenli dowam edýär. Özgertmeleriň barşynda geçen döwrüň içinde häkimiýetiň ähli derejeleriniň arasynda wezipeleri takyk bölmek hem-de özgertmeleri döwleti dolandyrmagyň aşaky, ýerli derejelerde geçirmek bilen döwlet häkimiýetiniň ähli derejelerinde dolandyrmagyň milli nusgasy döredildi.

Birinji tapgyr döwlet edaralarynyň we umuman, tutuş döwlet diwanynyň wezipelerini we ygtyýarlyklaryny gaýtadan guramagy şertlendiren geçiş döwrüni alamatlandyrýar. Ol şeýle hem milli ykdysadyýetiň geriminiň giňelmegi, eýeçiligiň köp dürli görnüşinde hojalygy dolandyrmagyň täze görnüşleriniň we usullarynyň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy şertnamalaýyn başlangyçlaryň artmagy, başlangyç tapgyrda zerur bolan bazar gatnaşyklarynyň alamatlarynyň döremegi bilen häsiýetlenýär.

Türkmenistanda ministrlikleriň we beýleki merkezi edaralaryň wezipelerini we iş usullaryny özgertmek işleri başlandy. Ykdysady özgertmeler, dolandyrmagyň guramaçylyk düzümlerini kämilleşdirmek, önümçilik işlerini döwlet tarapyndan dolandyrmagyň görnüşlerini we usullaryny üýtgetmek, onuň esaslaryny demokratiýalaşdyrmak geçiş döwründe düýpli özgertmeleriň esasy ugry hökmünde kesgitlendi.

Umuman, ýurduň syýasy ösüşiniň bu döwri döwleti dolandyrmagyň oňaýly nusgasynyň gözlenmegi bilen tapawutlandy. Ol döwleti dolandyrmagyň parlament we prezident görnüşleriniň arasyndaky saýlawy, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň arasyndaky wezipeleri çäklendirmäni, şeýle hem merkezi we ýerli edaralaryň arasynda häkimiýetiň dolandyryş wezipeleriniň gaýtadan bölünmegini öz içine alýar. Şonuň bilen birlikde ol döwlet dolandyryşynyň täze ulgamyny döretmegiň diňe suduryny aňladyp, şunda gowşak ýerleri ýüze çykardy, kabul edilen kadalaşdyryjy kanunçylyk namalary kämil bolmasa-da, döwlet dolandyryşynyň täze ulgamyny döretmegiň, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, adamlaryň hajatlaryna çeýe, tiz kabul edýän ýokary netijeli halk hojalygynyň hereket etmeginiň düýbüni tutmaga mümkinçilik berdi.

Döwleti dolandyrmagy kämilleşdirmegiň ikinji tapgyry (1996-2006-njy ýyllar) döwleti dolandyrmagyň has netijeli ulgamyny kemala getirmäge bolan zerurlyk bilen şertlendirilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, merkezi we ýerli döwlet dolandyryş edaralarynyň işini guramagyň kanunçylyk — hukuk esaslaryny emele getirmek, Türkmenistanda döwlet dolandyryş ulgamyny toplumlaýyn özgertmek üçin degişli düzüm esasyny döretmek bu tapgyr üçin häsiýetli boldy.

1999-njy ýyldan 2006-njy ýyla çenli döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi döwlet dolandyryşyny düzümleýin we wezipeleýin döwrebaplaşdyrmagy dowam etmäge ýardam etdi. Galyberse-de, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmegiň oňaýly «türkmen nusgasyny» gözlemegiň barşynda parlamentiň, kazyýet häkimiýetiniň, beýleki döwlet düzümleriniň ornuny güýçlendirmäge gönükdirilen syýasy çözgütler kabul edildi. Mysal üçin, 1997-nji ýylyň 12-nji iýunynda «Döwlet organlarynyň apparatyndaky gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen hukuk ulanyş tejribesine «döwlet organynyň apparaty», «döwlet gullukçysy» diýen düşünjeler girizildi, olar döwlet dolandyryş işgärlerini kemala getirmek boýunça işe girişmäge mümkinçilik berdi18.

1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda kabul edilen «Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwlet eýeçiliginiň dürli görnüşlerindäki desgalary döwletiň garamagyndan aýyryp we hususylaşdyryp başlamaga ýardam etdi19. Kanuna laýyklykda döwletiň garamagyndan aýyrmaga we hususylaşdyrmaga degişli desgalar hökmünde döwlet eýeçiligindäki kärhanalar, olara degişli şahamçalar we golçur kärhanalar, şeýle hem sehler, önümçilikler, bölümler, binalar, desgalar, beýleki özbaşdak emläk, maddy we maddy däl aktiwler kesgitlendi. Paýdarlar jemgyýetleriniň (birleşikleriniň) esaslyk maýasyndaky döwlete degişli aksiýalar (paýlar) hem hususylaşdyrylýan desgalar boldy. Diňe döwlet eýeçiligi bolan desgalar döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrylmaga degişli edilmedi.

1998-nji ýylyň 17-nji iýulynda kabul edilen Türkmenistanyň Raýat kodeksi hojalygy dolandyrýan subýektleriň arasyndaky emläk gatnaşyklaryny düýbünden täzeçe kesgitledi20. Ýurdumyzyň täze raýat kanunçylygy gatnaşyjylaryň öz kadalaşdyrýan gatnaşyklarynyň deňliginiň ykrar edilmegine, eýeçiligiň eldegrilmezligine, şertnamanyň erkinligine, kimdir biriniň şahsy işlere esassyz  goşulmagyna ýol bermezlige, raýat hukuklaryny bökdençsiz amala aşyrmagyň zerurlygyna, bozulan hukuklary dikeltmegiň üpjün edilmegine, olaryň kazyýet goraglylygyna esaslanýardy. Şahsy we edara görnüşli taraplar şertnama esasynda  öz hukuklaryny we borçlaryny, islendik şertnamalaýyn şertleri kesgitlemekde erkin  boldular.

«Lizing hakynda» (1999-njy ýylyň 15-nji sentýabry), «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» (1999-njy ýylyň 23-nji noýabry), «Kärhanalar hakynda» (2000-nji ýylyň 15-nji iýuny) Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hojalygy dolandyrýan subýektleriň we döwlet dolandyryş edaralarynyň arasynda täze gatnaşyklary kemala getirmäge we ösdürmäge ýardam etdi21. Kanunçylygyň kämilleşdirilmegi netijesinde Türkmenistanda önümçilik işlerini dolandyrmagyň täze guramaçylyk-hukuk  görnüşleri: döwlet kärhanasy, hususy kärhana, kooperatiw kärhana, jemgyýetçilik guramasy kärhanasy, hojalyk jemgyýeti, paýdarlar jemgyýeti ykrar edildi.

Şeýlelikde, eýýäm 2000-nji ýylyň başyna kanunçylyk-hukuk namalarynyň we maksatnamalaryň toplumy ýurdumyza döwleti dolandyrmagyň milli nusgasyny kämilleşdirmek bilen jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakda belli bir üstünlikleri we ösüşi gazanmagyna mümkinçilik berdi. Şertnamalaýyn başlangyçlar döwlet dolandyryş derejeleriniň, hojalygy dolandyrýan subýektleriň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyna öwrüldi, munuň özi şertnamalaýyn kanunçylygyň täze görnüşiniň döremegini alamatlandyrýardy. Bu şertlerde eýýäm ozal bolşy ýaly, ýokary edaralaryň çözgütlerini durmuşa geçirmek däl-de, eýsem her bir dolandyryş derejesine häsiýetli bolan borçlary gös-göni ýerine ýetirmek döwlet dolandyryş  subýektleriniň gös-göni borjuna öwrüldi. Şundan ugur almak bilen, anyk döwlet dolandyryş edarasynyň borçlary we ygtyýarlyklary takyk kesgitlendi.

Döwlet dolandyryş ulgamynyň we edaralarynyň gaýtadan guralmagy netijesinde ministrlikleriň, döwlet komitetleriniň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň hukuk derejesi hem düýpli üýtgedi. Döwlet dolandyryş düzüminiň gaýtadan guralmagy döwlet edaralarynyň çäkli ýöriteleşdirilmegine hem getirip, dolandyryş  düzümleriň wezipeleri üýtgedi. Olar belli bir derejede eýýäm täze ykdysady-bazar gatnaşyklaryny ugur edinip başladylar.

Bu şertlerde Türkmenistanyň döwlet dolandyryş ulgamyndaky täze düzümler: paýdarlar jemgyýetleri, assosiasiýalar, konsorsiumlar, konsernler, birleşikler hojalyk wezipelerini çözmegiň möhüm guramaçylyk görnüşine we serişdesine öwrülýär. Ministrlikler görkezilen düzümlerden tapawutlylykda ýokardan aşaklygyna ýöriteleşmäniň netijesi hökmünde döredildi we umumy utgaşdyrma nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň Prezidentine we gös-göni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tabynlykda boldy. Bu ýöriteleşdirme görkezilen döwürde döwlet dolandyryş ulgamynyň wezipeleriniň toparlara bölünmesine laýyk gelýärdi. 1996-2006-njy ýyllarda Türkmenistanda döwlet dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işleri üznüksiz häsiýete eýe boldy. Munuň özi örän dogry boldy, sebäbi ykdysadyýetde, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlarynda milli nusganyň döredilmegi öz nobatynda döwleti dolandyrmagyň nazarýetini we tejribesini, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň tejribesini üznüksiz öwrenmegi talap edýärdi.

Şonuň ýaly işleri kämilleşdirmegiň we Türkmenistanyň döwlet-hukuk strategiýasynyň baş ugruny amala aşyrmakda — hukuk döwletini kemala getirmekde durnukly-hukuk ýagdaýyny döretmegiň çäklerinde 2000-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti döredildi, 2000-nji ýylyň 19-njy dekabrynda bolsa, Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksi kabul edildi22. Bu namalara laýyklykda telekeçiniň derejesine eýe bolan edara görnüşli we şahsy taraplaryň bozulan ýa-da garşy çykylýan hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, ykdysady gatnaşyklardan gelip çykýan jedelli meselelere garamak, ykdysady ulgamda kanunylygy berkitmek we beýlekiler arbitraž kazyýet işiniň wezipeleri diýlip kesgitlendi.

2000-nji ýylyň 23-nji martynda kabul edilen Reformalary we özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň maksatnamasy hem bu tapgyrda uly orun eýeledi23. Ol döwlet gurluşy, düzgün-tertip we kanunylyk, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň milli ruhyýetini we medeniýetini dikeltmek meseleleri boýunça teklipleri we iş maslahatlaryny öz içine alypdy. Döwletiň ykdysady özbaşdaklygyny berkitmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly we sazlaşykly ösüşini gazanmak, ilatyň mynasyp durmuş derejesini saklamak Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň baş ýörelgesi bolupdy. Türkmenistanda eýeçiligiň we hojalyk işleriniň ähli görnüşleri ösüşe eýe boldy, ýurduň bank, karz, maliýe ulgamy düýpli özgerdildi. Mundan başga-da, ýurdumyzda adamlary durmuş taýdan goldamak we goramak üçin amatly şertler, şeýle hem bazar ykdysadyýetini we umuman döwlet dolandyryş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy binýat döredildi.

2002-nji ýylyň 9-njy awgustynda kabul edilen «Türkmenistanda döwlet gullugyna döwlet ýolbaşçylaryny we wezipeli adamlary seçip-saýlap almak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwlet dolandyryş ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde möhüm orun eýeledi24. Ol Türkmenistanyň döwlet wezipeli adamlarynyň we döwlet wezipeleriniň ulgamyny (köpbasgançaklylyk), olaryň hukuklaryny we wezipe borçlaryny kesgitledi. Bu kanunyň kabul edilmegi Türkmenistanda döwlet dolandyryş edaralarynyň tutuş ulgamynyň işgärler esasyny döretmäge ýardam etdi. Kanun döwlet edaralarynyň işgärleriniň gulluk ediş ulgamyny, döwlet gullugyny geçmegiň tertibini we ş. m. kesgitledi.

Şeýlelik bilen, ikinji tapgyr Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda döredilen döwlet dolandyryşynyň esaslarynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi, onuň hil taýdan täze düzüminiň, döwlet dolandyryşyny özgertmegiň çäklerinde bellenilen maksatlary hem-de wezipeleri durmuşa geçirmegiň täze gurallarynyň kemala getirilmegi bilen häsiýetlenýär. Bu tapgyrda döwlet dolandyryşynyň milli ulgamynyň döredilmegi döwlet dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklarynyň diňe bir kesgitlenmeginde ýa-da üýtgedilmeginde däl, eýsem olaryň jogapkärçiliginiň artmagy bilenem kesgitleýji ýagdaý bolupdy. Şu döwürde maksatlaryň döwlet  dolandyryş ulgamyny özgertmegiň wezipeleri bilen sazlaşdyrylmagy, olaryň şol  döwrüň talaplaryna laýyk getirilmegi esasy wezipe bolupdy.

Üçünji tapgyr (2007-nji ýyldan häzirki wagta çenli) döwlet dolandyryşynyň has da kämilleşdirilmegi bilen häsiýetlenýär. Döwlet dolandyryşynyň ähli ulgamynyň  üýtgedilip guralmagy, onuň täze şertlere uýgunlaşmagy döwletiň tutuş ykdysady  syýasatyny diwersifikasiýalaşdyrmagy talap etdi. Şu şertlerde milli ykdysadyýetiň hereket etmeginiň we ösdürilmeginiň, onuň döwlet dolandyryşynyň ýörite täze kanunçylyk-hukuk esaslarynyň döredilmegi döwletiň alyp barýan işiniň möhüm ugruna öwrüldi25. Şundan ugur alnyp, ýurtda täze düzümleýin syýasaty kemala  getirmek, ýurduň durmuş we ykdysady ösüşiniň täze maksatnamalaryny hem-de strategiýasyny kabul etmek, sebit syýasatyny kämilleşdirmek, obalary, şäherçeleri,  şäherleri, etraplary we etrap merkezlerini uzak geljek üçin (mysal üçin, 2020-nji ýyla çenli) özgertmek döwlet dolandyryşyny döwrebaplaşdyrmagyň baş maksady boldy.

Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki zaman döwri jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň syýasy, ykdysady, durmuş, ruhy hem-de guramaçylyk esaslarynyň düýpli özgerdilmegi bilen häsiýetlenýär. Şu şertlerde öz jemlenmeginde we birleşmeginde döwlet diwanyny emele getirýän döwlet edaralarynyň üstüne ençeme möhüm wezipeleri, şol sanda raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek, jemgyýetçilik düzgün-tertibini goramak wezipelerini ýerine ýetirmek ýüklenilýär.

Düýpli Konstitusion özgertmeleriň netijesinde, 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşi kabul edildi. Ilkinji gezek Konstitusiýanyň 10-njy maddasynda «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam berýär»26 diýlip yglan edildi. Konstitusion düzgünnamalar ösdürilip, 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda»27 Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň kabul edilmegi bazar ykdysadyýetiniň wajyp halkasy hökmünde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň kanunçylyk-hukuk esaslarynyň kemala gelmegine ýardam etdi. Onuň üstünlikli işi ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine ýardam berýär.

Kiçi we orta telekeçilik hojalyklaryny döwlet tarapyndan goldamagyň netijeli guralyny, telekeçiligi ösdürmegi höweslendirmek, täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň önümleriniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de olaryň mümkinçiligini ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde has doly peýdalanmak üçin amatly maliýe, maýa goýum, maddy enjamlaýyn we beýleki şertleri döretmek häzirki döwrüň esasy wezipesi bolup durýar. Şeýlelikde, döwlet dolandyryşynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de milli ykdysadyýetiň düzümleýin üýtgedilip guralmagy Türkmenistanda telekeçiligiň işjeň ösdürilmegine möhüm itergi berdi.

2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde ilkinji gezek ykdysady, maliýe we karz syýasaty barada «Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy» atly täze VII bölüm (134-139-njy maddalar) göz öňünde tutuldy. Onda milli ykdysadyýet, maliýe we karz ulgamyna hukuk taýdan häsiýetnama berilýär. Galyberse-de, Konstitusiýanyň 139-njy maddasynda «Türkmenistanda milli pul birligi manatdyr» diýlip bellenilýär. Munuň özi Türkmenistanyň milli walýutasyny özygtyýarly döwletiň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagynyň ýokary derejesine göterilendigini aňladýar.

Häzirki döwrüň esasy wezipesi kiçi we orta işewürligiň subýektlerini döwlet tarapyndan goldamagyň, höweslendirmegiň, amatly maliýe, maýa goýum, maddytehniki hem-de telekeçiligi ösdürmegiň beýleki şertleriniň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, milli haryt öndürijileriň bäsleşigini ýokarlandyrmagyň we olaryň kuwwatlylygyny ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde doly peýdalanmagydyr. Şeýlelikde, döwlet dolandyryşyň döwrebaplaşdyrylmagy we milli ykdysadyýetiň düzüminiň üýtgedip gurulmagy Türkmenistanda telekeçiligi işjeň ösdürmäge möhüm hyjuw döretdi.

2008-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy döredildi28. Akademiýa hakynda Düzgünnama laýyklykda, bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, döwlet edaralaryny dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we beýlekiler onuň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlendi29. Akademiýanyň döredilmegi bilen, döwlet dolandyryşy akademiki ylym hökmünde hem kemala geldi. Bularyň hemmesi bilelikde ýurdumyzyň döwlet dolandyryş tejribesinden iş ýüzünde çözgütleri kabul etmäge esaslanylmaly täze anyk ylmy-amaly binýadyň döredilmegine geçmäge ýardam etdi.

Döwlet dolandyryşyny döwrebaplaşdyrmagyň barşynda Türkmenistanda sebit syýasaty hem görnetin özgerdi. Täze sebit syýasaty ýurduň welaýatlarynyň, etraplarynyň we şäherleriniň taryhy, tebigy-howa hem-de ýerleşiş aýratynlyklaryny nazarda tutmak bilen, ol ýa beýleki sebitde öndürijiligiň ýöriteleşenliginden we jemlenilendiginden ugur alyp, umumydöwlet (umumymilli) hem-de ýer çäkleriniň ileri tutulýan taraplarynyň dolandyryş-çäk gurluşlaryny kämilleşdirmek işleri bilen sazlaşykly utgaşyklykda geçirilip başlandy. Alnyp barlan işleriň netijesinde häzirki wagtda sebit syýasaty özüniň durnuklylygy, maksada gönükdirilenligi we yzygiderliligi bilen häsiýetlenýär.

Döwlet dolandyryşynyň wezipelerini dolandyryşy aýratyn ýerine ýetirijiler döwlet edaralary amala aşyrýarlar. Olar döwletiň aýry hem-de belli bir derejede özbaşdak guramaçylyk düzümi bolup, işleri we wezipeleri berjaý etmek üçin döredilendir hem-de munuň üçin olara ýörite ygtyýarlyk berilýär. Olar döwle dolandyryş wezipesini ýerine ýetirýärler, ýolbaşçylygy, dolandyrmagy amala aşyrýarlar, döwlet-häkimiýet ygtyýarlyklaryna eýedirler hem-de daşary işlere ýolbaşçylyk edýärler.

Türkmenistanyň Döwlet edaralaryny dürli alamatlar boýunça toparlara bölüp bolar. Olara: işleriň görnüşleri, häkimiýet bölünişiginiň ýörelgesi, dolandyrmagyň derejeleri, gulluk basgançaklary, ygtyýarlyklaryň möhleti, ygtyýarlygy ýerine; ýetirmegiň tertibi degişlidir. Şeýle-de bolsa, bularyň ählisi birlikde ýurduň döwle edaralarynyň häzirki zaman ulgamyny emele getirýär. Mysal üçin, häkimiýet bölünişiginiň ýörelgesi Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň, Ýokary kazyýetiniň derejesini we ygtyýarlygyny kesgitleýän Konstitusiýanyň kadalarynda ýerine ýetirilýär hem-de anyklaşdyrylýar (III bölüm), Konstitusion kadalaryň mazmunynyň seljerilmegi häkimiýet bölünişiginiň biriniň öz maksadydygyny görkezmän, olaryň netijeli özara hereket etmegi üçin şertleri döredýär. Ine, Mejlise kanunlary kabul etmek wezipesiniň berilmegi hem-de degişli ygtyýarlyklaryň berilmegi Prezidentiň perman çykarmak hukugy, şol sanda kadalaşdyryjy häsiýetli permanlary çykarmak hukugy bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Konstitusiýanyň, kanunlaryň we Prezidentiň kadalaşdyryjy permanlarynyň esasynda hem-de olary ýerine ýetirmek maksady bilen kararlary we buýruklary çykarmak hukugy bilen utgaşýar.

Häkimiýetiň dürli şahalary biri-birini özara sazlaşdyrýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Mejlisi kanunçykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan ýokary wekilçiliki edara bolmak bilen, kanunlary kabul edýär. Mejlisiň kabul eden kanunyna Türkmenistanyň Prezidenti gol çekýär. Türkmenistanyň Prezidenti kanuny tassyklaman biler, oňa gaýry goýmak gadanlylygyny (weto) hukugyny peýdalanyp biler, parlamentiň degişli ugur boýunça ygtyýarly köpçüligi tarapyndan şeýle ýagdaýy  üstün çykyp biler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 66-njy maddasyna laýyklykda» Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bolup durýar. Konstitusiýanyň 68-nji maddasy Türkmenistanyň Prezidentiniň döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň Baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr, Türkmenistanda döwlet garaşsyzlygynyň we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, çäk bitewüliginiň, Konstitusiýany, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmegiň we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýändigini tassyklaýar. Ol döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň sazlaşykly işlemegini we özara hereketini üpjün edýär. 91-nji we 92-nji maddalara laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýerine ýetiriji häkimiýeti amala aşyrýar. Onuň düzümi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan we ministrlerden ybarat.

Ministrler Kabinetiniň agzalaryny bellemek Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn ygtyýarydyr. Şonuň bilen birlikde, Konstitusiýanyň 71-nji maddasynyň 16-njy we 17-nji bentlerine görä Türkmenistanyň Prezidenti Mejlis bilen ylalaşyp, Ýokary kazyýetiň başlygyny, Baş prokurory, Içeri işler ministrini, Adalat ministrini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar; Türkmenistanyň Mejlisine Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlamak hakynda teklip girizýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň harby doktrinasyny tassyklaýar (Konstitusiýanyň 71-nji maddasynyň 5-nji bendi).

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygydyr. Ministrler Kabineti Türkmenistanda ýerine ýetiriji we serenjam beriji edaradyr (91-nji madda).

Mundan başga-da, döwlet dolandyryşynyň düzüminde Konstitusiýa boýunça döredilmegini Türkmenistanyň Prezidentiniň gönüden-göni özi amala aşyrýan edaralary aýratyn orun tutýar. Şol edaralaryň hataryna Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ministrler Kabinetiniň Diwany, Prezidentiň diňe bir döretmän, eýsem oňa baştutanlyk edýän Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi (71-nji maddanyň 3-nji we 7-nji bentleri).

Konstitusiýanyň 77-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi (Parlament) kanun çykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan ýokary wekilçilikli edara hökmünde kesgitlenilýär. Konstitusiýanyň 82-nji maddasyna görä, Mejlis aýry-aýry meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanunlary çykarmak hukugyny berip biler, soňra ol kanunlary tassyklamak baradaky meselä Mejlis tarapyndan hökman garalmalydyr. Mejlis a) Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek; b) jenaýat we administratiw kanunçylygy; ç) kazyýet önümçiligi boýunça kanun çykarmak hukugyny hiç kime berip bilmez.

Hökümetiň şahalaryny barabarlaşdyrýan gurallara Türkmenistanyň Prezidentiniň aýry-aýry şertlerde Mejlisi ýatyrmak (Konstitusiýanyň 79-njy maddasynyň 3-nji bendi), öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi Mejlisiň Başlygyna bermek (Konstitusiýanyň 71 -nji maddasynyň 2-nji, 15-nji, 18-nji bentleri) hukugy degişlidir. Mejlis öz tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýany we kanunlary bozan halatynda, Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirip biler (Konstitusiýanyň 75-nji maddasy). Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirmek hakynda meselä Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden ikisiniň talap etmegi boýunça seredilip bilner. Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirmek hakyndaky çözgüt Mejlisiň deputatlarynyň umumy Sanynyň dörtden üç böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Türkmenistanyň Prezidentini wezipesinden çetleşdirmek hakyndaky mesele ählihalk sala salşygyna goýulýar. Mundan başga-da, konstitusion ygtyýarlyklaryna laýyklykda, Mejlis Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä, Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere, ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň esasy maksatnamalaryna garaýar, döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitleýär.

Kazyýet häkimiýeti döwletiň adalatlylygy üpjün edýän kazyýet edaralarynyň ulgamydyr. Türkmenistanda Kazyýet häkimiýetine Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, welaýatlarda, welaýat hukukly şäherlerde, etraplarda, şäher hukukly etraplarda we şäherlerde döredilen umumy tabynlykdaky kazyýetler degişlidir. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk degişlidir (Konstitusiýanyň 83-nji maddasy).

Kazyýet adamlaryň özlerini alyp barşyna täsir etmegiň, şonuň üsti bilen bolsa jemgyýetde bolup geçýän ýagdaýlara täsir etmegiň diňe özüne häsiýetli bolan mümkinçiliklere we ukyba eýedir. Şuny nazarda tutup, kazyýet häkimiýetini döwlet diwanynda aýratyn derejäni eýeleýän edaralar (kazyýetler) tarapyndan olara mahsus bolan adamlara we durmuş ýagdaýlaryna täsir etmegiň mümkinçiliklerini hem-de ukyplaryny ýerine ýetirýän hökmünde kesgitlemek bolar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 96-98-nji maddalaryna hem-de 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanda adyl kazyýetlilik raýat, arbitraž, administratiw we jenaýat kazyýet önümçiligi arkaly amala aşyrylýar30. Kazylar garaşsyzdyrlar we diňe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hemde kanuna tabyndyrlar. Kazyýetleriň kanun çykaryjy hem-de ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň esasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynda arkaly kesgitlenendir (V bap).

Şeýlelikde, Türkmenistanda döwlet dolandyryşynyň döwrebaplaşdyrylmagy birnäçe ýagdaýlar bilen häsiýetlenýär. Esasy ýagdaýlara: syýasy ulgamy demokratiýalaşdyrmagyň esasynda döwlet edaralarynyň we raýat jemgyýeti institutlarynyň özara hereketleriniň ösdürilmegini; dolandyryş işleriniň merkezleşdirilmegini gowşatmak hem-de dolandyryşyň aşaky basgançaklarynyň özbaşdaklygyny artdyrmak ýoly boýunça merkezi we sebit edaralarynyň özara hereketleriniň kämilleşdirilmegini; deňhukukly gatnaşyklar we durmuş ähmiýetli taslamalar esasynda döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşly gynyň ösdürilmegini degişli etmek bolar.

Häzirki wagtda döwlet dolandyryşynyň kämilleşdirilmegi netijesinde, Türkmenistan döwrebap ýangyç-energetika, obasenagat we gurluşyk toplumlary, amatly maýa goýum ýagdaýy we beýlekileri bolan senagat taýdan ösen kuwwatly döwlete öwrüldi.

Döwlet dolandyryşynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, halkara we sebit guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegine gönükdirilen goşulyşmalary hem aýratyn ähmiýete eýe boldy. Mysal üçin, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasynyň we beýleki düzümleriň işlerine yzygiderli gatnaşýar.

Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki zaman tapgyrynda institusional özgertmeleri geçirmek köp babatda bar bolan mümkinçiligiň bazar institutlarynyň ösmegi, innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, elektron resminama dolanyşygynyň girizilmegi, ýurduň ykdysadyýetiniň durmuş ugruna gönükdirilenligi bilen özara baglanyşygy guramak zerurlygyndan dörän talap boldy.

 

4. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň demokratiýalaşdyrylmagy

Hakykatda demokratiýa halkyň ýa-da jemgyýetiň ähli gatlagynyň döwleti dolandyrmak işlerme gatnaşmaga hukugyny kepillendirýär we raýat jemgyýetiniň kemala gelmegi üçin şertleri döredýär. Bu bolsa öz gezeginde ilatyň öz-özüni dolandyrmagynyň instituallaşmagy we infrastrukturlaşmagy (halk hojalygynyň pudaklarynyň toplumy) üçin zerur düzümleriň döredilmegine ýardam berýär.

Türkmenistan SSR-niň döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnamanyň kabul edilmegi bilen türkmen döwletiniň demokratiýa ýoly bilen ösüşiniň başy başlanyldy, onda respublikada halk özygtyýarlylygynyň eýesi hem-de döwlet häkimiýetiniň gözbaşy diýlip yglan edilýär.

Türkmenistanda ondan soňraky demokratik özgertmeler 1991-nji ýylyň oktýabrynda döwlet Garaşsyzlygynyň yglan edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Döwlet gurluşynyň üýtgedilmeginiň dowamy hususylaşdyrmak we bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, hususy eýeçilik, söz we metbugat azatlygy, bäsleşikli saýlawlar hem-de raýat institutlarynyň döredilmegi ýaly işlere ulaşyp gitdi. Döwletiň we jemgyýetiň demokratiýalaşdyrylmagy prezidentlik institutynyň girizilmegi, özbaşdak hukuklarynyň, Türkmenistanyň halkara ykrarnamasynyň artmagy bilen bile alnyp baryldy.

Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlygyna eýe bolmagy, Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagy we onuň XXI asyrda ösen döwletleriň derejesine goşulmagy demokratik işleriň ösdürilmegi bilen baglydyr. Şol işler «halk häkimiýetini» aňladýan diňe bir syýasy dolandyryş düzgünini däl, eýsem has giň, bütin jemgyýetçilik gurluşyny öz içine aldy. Şeýle arabaglanyşyk, ilkinji nobatda, Garaşsyzlyga eýe bolmagyň özi erkinlige eýe bolmak ýagdaýydygy bilen şertlenýär, demokratiýa bolsa erkinlige kanuny dereje berilmegi bolup, gürrüňsiz suratda, döwlet Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak işleri bilen laýyk gelýär.

Demokratiýalaşdyrma bu sözüň gönüden-göni öz manysynda, adamyň ýaşamaga, azatlyga, eýeçilige, halk häkimiýetini ösdürmäge, şeýle hem dürli guramalarda, partiýalarda we jemgyýetçilik birleşmelerinde ýolbaşçylygyň köpbasgançaklylygyny aradan aýyrmaga gönükdirilen işlere hukuklaryny üpjün etmek esasynda döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň özgerdilmegini aňladýar. Demokratiýalaşdyrmak hukuklaryň we borçlaryň deňliginde köpçüligiň bähbidinden ugur alýan düzgüniň ýola goýulmagy, döwlet we jemgyýetçilik işleri ara alnyp maslahatlaşylanda we çözülende jemgyýetçilik pikiriniň yzygiderli nazara alynmagy, her milletiň we halkyýetiň erkin ösmegi, olaryň dostlugynyň we deňhukukly hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy, saýlaw ulgamynyň we kanun çykaryjylygyň kämilleşdirilmegi arkaly gazanylýar. Şeýlelikde, demokratiýalaşdyrmak işleri jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap alýar, tutuş jemgyýetiň, umumylykda bolşy ýaly, onuň aýry-aýry düzlim bölekleriniň-de özgerdilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Häzirki zaman demokratiýasy taryhy, ykdysady we medeni tapawutlyklara bagly bolmazdan, ýokarda agzalyp geçilen ýagdaýlara eýedir, şoňa görä-de, döwürleriň taryhy arabaglanyşygynyň dikeldilmegi, medeniýetiň galkynmagy hem-de ykdysadyýetiň has netijeli nusgasy bolan bazar, liberal ykdysadyýetiň özgerdilmegi bilen birlikde Türkmenistanda demokratiýalaşdyrmak işjeň ösdürilýär. Ol bolsa, mälim bolşy ýaly, döwlet häkimiýet ulgamynyň özgerdilmeginden başlandy. Munuň özi, ilkinji nobatda, Türkmenistan SSR-niň Prezidentiniň 1990-njy ýylyň 27-nji oktýabryndaky saýlawlarydyr.

Özygtyýarly Türkmenistanyň ilkinji Konstitusiýasynyň kabul edilmegi hukuk esasynda demokratiýalaşdyrmak işleriniň giň gerim bilen öňe ilerlemegi üçin binýat boldy. Hususan-da, Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylmagy netijesinde, Türkmenistan SSR-niň Ýokary Soweti 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda ony kabul etdi. Ol döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda özgertmeleri öňe ilerletmegiň kanunçylyk esasyny döretmek boýunça wezipäni üstünlikli ýerine ýetirdi. Netijede, Türkmenistan häkimiýetiň üç şahasynyň ygtyýarlyklary hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň (Parlamentiň) täze düzümi anyk kesgitlenen prezident respublikasy diýlip yglan edildi.

1992-nji ýylyň Konstitusiýasynda ilkinji gezek adamyň we raýatyň esasy hukuklary hem-de azatlyklary berkidildi. Döwlet gurluşynyň strategiýasy hökmünde demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak kesgitlendi. Esasy Kanunda konstitusion gurluşyň esasy ýörelgeleri: a) halk häkimiýetliligi; b) çäk bölünmezligi we bitewüligi; ç) döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünmegi; d) kanunylyk berkidildi. Türkmen dili döwlet dili hökmünde yglan edildi.

1994-nji ýylda Mejlise geçirilen saýlawlar parlamentiň häkimiýet ygtyýarlyklaryny gutarnykly berkitdi we umuman, häkimiýet ulgamynda demokratik özgertmeler işini tamamlady. Milli parlamentiň alyp baran işiniň ilkinji ýyllarynyň tejribesi onuň ygtyýarlyklaryna laýyklykda, kanun çykaryjylyk işini üstünlikli amala aşyrmak üçin öz omuny örän tiz tapandygyny görkezdi. Mejlis ýeterlik konstitusion ygtyýarlyklaryna eýe bolup, ilkinji nobatda, özgertmeleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilşine esasy üns berdi. Munuň özi ýurdumyzyň demokratik ösüşiniň zerurlyklaryna laýyk geldi.

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň erkinligi gazanmagyň möhüm ugrudygyny bellemek gerek. Demokratiýalaşdyrmak bolsa erkinligi iň oňat derejede üpjün etmäge gönükdirilen esasy ýörelgeleriň, kadalaryň we çäreleriň toplumyna eýedir. Jemgyýetçilik institutlaryny bellenilen ýörelgelere laýyklykda, üýtgedip gurmak demokratiýalaşdyrmagy aňladýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurduň häzirki zaman demokratik ösüşiniň esas goýujy ýörelgelerini berkitdi. Şol ýörelgelere: a) halk häkimiýetliligi; b) häkimiýetleriň bölünişigini; ç) kanunylygy; d) aýanlygy; e) raýatlaryň döwlet häkimiýet edaralarynyň bikanun hereketleri ýa-da ýüz tutmalara biparh garamagy babatynda ýokary döwlet edaralaryna ýa-da kazyýete şikaýat etmek hukugyny; ö) raýatlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerini dolandyrmaga gatnaşmagyny; f) adamyň we raýatyň hukuklarynyň berjaý edilmegi degişlidir.

Agzalan ýörelgeleriň her birini seljermäge geçmezden ozal, olaryn hereket edişini has doly göz öňüne getirmegi nazarda tutmak üçin käbir bellikleri beýan edeliň:

a) gürrüň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň häsiýetini we baş ugruny kesgitleýän hem-de özüniň konstitusion taýdan berkidilmegine eýe bolan umumy ýörelgeler barada barýar. Bu esasy ýörelgelere baglylykda ýörelgeler hem bar. Olary, biziň göz öňüne getirişimiz ýaly, döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň alyp barýan işlerinde nazarda tutmagy talap edilýän ýagdaýlar bolýar. Olar «gurluşyň wajyp sütüni» hökmünde çykyş edýän köp babatda esasy ýörelgelerden dörän görnüşdedir. Eger şunuň ýaly aýdyňlaşdyrylmasa, onda dürli ýörelgeleriň döremegi mümkin, şol ýörelgeleriň köpüsi, esasan, diňe anyk ölçegler bolup durýar. Bu ölçegler bolsa, ilkinji nobatda, ýokarda agzalan düşünjeleri derňemegiň esasynda seljerilmelidir;

b) her bir konstitusion ýörelge üzňe däl-de, ýygjam aragabaglanyşykda hem-de ähli beýleki ýörelgeler bilen özara utgaşykda hereket edýär. Şoňa görä-de, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak meselelerine garalanda, agzalan ýörelgeleriň hiç biri hasaba alynman ýa-da ýeke-täk we esasy hökmünde kabul edilip bilinmez. Olar diňe toplumlaýyn derňelenilende, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýetiň möhüm aýratynlyklaryny hem-de wezipelerini takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Garşylykly ýagdaýda birtaraplaýynlyk hem-de nädogry çözgütlere alyp barýan we jemgyýetiň ösüşiniň hakyky talaplaryna hem-de şertlerine laýyk gelmeýän aýry-aýry pursatlara kembaha garaljagy gutulgysyzdyr;

ç) her ýörelgäniň hereket edişine konstitusion ösüşiň her bir tapgyrynda ulanyp boljak anyk-taryhy şertleri göz öňünde tutup garamak zerurdyr, şunda döwlet gurluşynyň ýörelgeleriniň döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki zaman şertlermde öz ähmiýetini doly saklap galýandygy nazara alynmalydyr;

d) ýörelge — munuň özi döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň hakyky kanunalaýyklyklary, alamatlary, zerurlyklary ýüze çykýan başlangyç (gözükdiriji pikir) bolsa-da, muňa garamazdan, «ýörelgeler», «hakyky kanunlar», «kanunalaýyklyklar» diýen düşünjeleriň arasynda deňlik alamaty goýulmaly däldir. Diňe tebigatyň hemde jemgyýet ösüşiniň kanunlary ýeke-täk hakyky, kanunalaýyk häsiýete eýedir we adamlaryň aň-düşünjesine hem-de erkine bagly däldir. Şunuň bilen baglylykda, ýörelgeler adamzadyň aň-düşünjesiniň önümi we netijesi bolup durýar. Döwlet-hukuk institutlarynyň ulanmagyna degişli bolup, olar döwlet we jemgyýetçilik institutlaryny demokratiýalaşdyrmagyň ýagdaýlaryny onuň jemgyýetçilik we syýasy ösüşiniň her bir tapgyrynda şöhlelendirýär. Olara garap geçeliň.

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda halk häkimiýetlilik ýörelgesi wajyp orun tutýar. Halk häkimiýetliligi häzirki zaman döwlet diwanyny guramagyň hem-de onuň işiniň esasy ýörelgesi bolup durýar. Oňa laýyklykda ýurtda häkimiýetiň ýeke-täk gözbaşy diýilip, onuň raýatlary ykrar edilýär, aýry-aýry döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary bolsa halk häkimiýetliliginden gelip çykýar hemde onuň tabşyrmagy boýunça amala aşyrylýar. Türkmenistan halk häkimiýetlilik ýörelgesini demokratik döwlet hökmünde häsiýetlendirýär (Konstitusiýanyň 1-nji maddasy). Mundan başga-da, Konstitusiýanyň girişinde Türkmenistanyň demokratik esaslarynyň mizemezdigi tassyklanýar. Häzirki zaman jemgyýetde diňe halkyň erk-islegine görä hereket edýän döwlet häkimiýeti kanuny hasaplanýar. Şu ýörelgä laýyklykda, halk ýokary döwlet edaralaryny emele getirmek, olaryň işine gözegçilik etmek, jogapkärli döwlet çözgütlerini özbaşdak kabul etmek hukugyna eýedir.

Halk häkimiýetliligi tutuş häkimiýetiň halka degişlidigini hem-de halk tarapyndan bu häkimiýetiň onuň özbaşdak erkine we bähbitlerine laýyklykda, erkin amala aşyrylmagyny aňladýar. Halk häkimiýetlilik ýörelgesi Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Halkyň hiç bir böleginiň, hiç bir guramanyň ýa-da aýry-aýry adamlaryň döwletde häkimiýeti eýelemäge haky ýokdur»42. Şeýlelik bilen, halkyň häkimiýetiň ýeke-täk gözbaşydygynyň we özygtyýarlylygyna eýediginiň ykrar edilmegi dolandyrmagyň respublika görnüşini alyp barýan demokratik döwletleriň möhüm tapawutlandyryjy aýratynlygy bolup durýar.

Halk häkimiýetliligi dürli görnüşlerde: gönüden-göni hem-de wekilçilikli demokratiýa görnüşinde amala aşyrylýar. Gönüden-göni demokratiýa ýoly arkaly bolanda, ýurduň ilaty ýa-da onuň bölekleri ol ýa-da beýleki döwlet meseleleri boýunça gutarnykly çözgüt kabul edýär. Bu çözgütler haýsydyr bir döwlet edarasy tarapyndan tassyklanmagyny talap etmeýär hem-de olar tarapyndan ýatyrylyp bilinmez. Gönüden-göni demokratiýanyň esasy ýollary sala salşyk (aýry-aýry syýasy meseleler ýa-da kanun taslamalary boýunça ählihalk ses berilişigi), raýatlaryň ýygnaklarynyň (ýygnanyşyklaryň) çözgütleri we beýlekilerdir.

Wekilçilikli demokratiýa ýoly arkaly bolanda, ýurduň ilaty, onuň dürli gatlaklary hem-de toparlar öz bähbitlerini döwlet edaralaryndaky wekilleriniň (deputatlaryň wezipeli adamlaryň) üsti bilen amala aşyrýarlar. Olar ählumumy, deňlik we düzgün bolşy ýaly, göni ses bermek esasynda saýlanýar. Ilat wekillerini diňe bir saýlaman, eýsem olaryň alyp barýan işine halkyň öňünde jemgyýetçilik birleşikleriniň,  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hasabat bermegiň dürli görnüşleriniň üsti bilen gözegçilik edýär.

Halk öz häkimiýetini gönüden-göni (gönüden-göni demokratiýa), şeýle hem döwlet häkimiýetiniň edaralary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary  wekilçilikli demokratiýa) arkaly amala aşyrýar. Gönüden-göni (göni) demokratiýa halkyň ýa-da ilatyň toparlarynyň döwlet ýa-da ýerli ähmiýeti bolan meseleler boýunça  gönüden-göni erkin isleg bildiriş görnüşinde bolýar. Halk häkimiýetiniň gönüden-göni ýokary beýan etmesi sala salşyk we erkin saýlawlardyr. Türkmenistanyň 2013-nji ýylyň 4-nji maýyndaky Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlary  saýlawlara gizlin ses bermek arkaly ählumumy deňlik we göni saýlamak hukugy esasynda gatnaşýarlar43. Saýlawlara gatnaşmak raýatlar üçin erkin we meýletindir. Türkmenistanyň raýatlarynda saýlamak hukugy (saýlamaga bolan hukuk) 18 ýaşdan peýda bolýar. Saýlanmak hukugynyň amala aşyrylmagy (saýlamaga işjeňligi pes bolan . hukuk) saýlawlaryň derejesine baglydyr. Raýat 21 ýaşyna ýetende, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlanmaga hukukly bolýar. Mejlisiň deputatlygyna raýat 25 ýaşyna ýetenden saýlanyp bilýär. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk Türkmenistanyň raýaty saýlanyp bilner (Konstitusiýanyň 69-njy maddasy). Kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýip ykrar edilen raýatlaryň saýlamak, saýlanmak hukugy ýokdur.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ýurtda sala salşygyny — döwlet ähmiýetli meseleler boýunça sala salşygyny geçirmäge hukugy bolan raýatlaryň ählihalk ses bermegi taýýarlamagyň we geçirmegiň tertibini tassyklaýar. Ol gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deňlik, göni hem-de raýatlaryň öz islegini erkin beýan etmeginiň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň raýatlary jynsyna, teniniň reňkine, milletine, diline, gelip çykyşyna, emläk hem-de wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, dine garaýşyna, ynam-ygtykadyna, jemgyýetçilik birleşmelerine degişliligine, şeýle hem beýleki ýagdaýlara garamazdan sala salşygyna deň esaslarda gatnaşmak hukugyna eýedir. Sala salşygyna gatnaşyjynyň hersiniň bir sesi bardyr. Sala salşyk we saýlawlar Türkmenistan, welaýatlar, etraplar, şäherler, şäherçeler, obalar, geňeşlikler derejesinde geçirilýär. Sala salşygynda kabul edilen çözgütleriň parlament ýa-da Geňeşler tarapyndan tassyklanmagynyň zerurlygy ýok hem-de berjaý edilmegi hökmanydyr.

Wekilçilikli demokratiýa halkyň ýa-da aýry-aýry çäkleriň wekilleriniň islegini beýan edýän, mysal üçin, Mejlisiň deputatlarynyň, ýerli halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň islegini beýan edýän saýlanan ygtyýarly wekilleriniň üsti bilen halk tarapyndan häkimiýetiň amala aşyrylmagy. Saýlawlar, öz gezeginde, raýatlaryň bähbitlerine laýyklykda, döwlet häkimiýet edaralarynda ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda halkyň häkimiýeti öz wekillerine ses bermegi arkaly amala aşyrmagydyr.

Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň we degişlilikde, döwlet häkimiýet ulgamynyň esaslarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri häkimiýet bölünişiginiň ýörelgesidir. Häzirki zaman dünýäde häkimiýet bölünişigi hukuk, demokratik döwletiniň häsiýetli tarapydyr, ykrar edilen mahsus alamatydyr. Häkimiýet bölünişigi nazaryýetiniň özi bolsa—döwletliligiň köpasyrlyk ösüşiniň, jemgyýeti hakimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakdan goraýan has oňyn ýollary gözlemegiň netijesidir.

Häkimiýet bölünişigi nazaryýetiniň esasy düzgünleri aşakdakylardyr: a) häkimiýet bölünişigi Konstitusiýa tarapyndan berkidilýär; b) Konstitusiýa laýyklykda, kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji hem-de kazyýet häkimiýetleri dürli adamlara we edaralara berilýär; ç) häkimiýetleriň hemmesi deňdir we özbaşdakdyr, olaryň hiç haýsy beýleki biri tarapyndan aradan aýrylyp bilinmez; d) hiç bir häkimiýet beýleki bir häkimiýetiň Konstitusiýa tarapyndan berlen hukuklaryndan peýdalanyp bilmez; e) kazyýet häkimiýeti syýasy täsirlerden garaşsyz hereket edýär, kazylar wezipede uzak wagtlyk bolmak hukugundan peýdalanýar. Kazyýet häkimiýeti Konstitusiýa ters gelýän kanunlary güýji ýok diýip yglan edip bilýär.

Häkimiýet bölünişigi ýörelgesi ilkinji gezek 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen «Türkmenistan SSR-niň döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky» jarnama arkaly yglan edildi, soňra bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kanunçylyk taýdan berkidildi. Institusional babatda häkimiýetiň şahalarynyň her biriniň öz aýratynlyklary bar. Kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünişigi döwlet häkimiýetini guramagyň hem-de hukuk döwletiniň hereket etmeginiň möhüm ýörelgeleriniň biri bolup durýar.

Häkimiýet bölünişigi ýörelgesi kanun döredijilik işiniň kanun çykaryjy (wekilçilikli) edara tarapyndan, ýerine ýetiriji we serenjam beriji işleri ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary tarapyndan, kazyýet häkimiýeti kazylar tarapyndan amala aşyrylýandygyny aňladýar, şunda häkimiýetiň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet şahalary özbaşdakdyr hem-de köp babatda garaşsyzdyr. Türkmenistanda ýerine ýetiriji häkimiýete Türkmenistanyň Prezidenti, kanun çykaryjy häkimiýete Türkmenistanyň Mejlisi, kazyýet häkimiýetine Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti ýolbaşçylyk edýär.

Şeýlelikde, häkimiýet bölünişigi ýörelgelerine häzirki zamanda düşünilmeginiň üsti, şeýle hem döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen ýerli häkimiýet edaralarynyň arasynda ygtyýarlyklaryň (alnyp barylýan iş) bölünişiginiň zerurlygy bilen ýetirildi. Häkimiýetleriň bölünişigi ýörelgesi ähli ygtyýarlyklaryň ýa-da olaryň aglaba böleginiň ýeke-täk döwlet häkimiýet edarasynyň ýa-da wezipeli adamyň elinde jemlenmegini aradan aýyrmak üçin häkimiýet ygtyýarlyklarynyň dürli döwlet edaralarynyň arasynda bölünmeginden hem-de sazlaşdyrylmagyndan ybaratdyr.

Indiki konstitusion ýörelge kanunylyk ýörelgesidir. Kanunylyk ýörelgesi hukuk ulgamyna degişli iş alyp barýan hemme edaralaryň işleriniň ähli görnüşlerine degişli bolan hem-de onuň mazmunyny ýüze çykarýan has giň ýörelgedir. Kanunylygyň dört ýörelgesi tapawutlandyrylýar: kanunyň hökmürowanlygy, jebislik, kanunylygyň maksadalaýyklygy we hakykylygy. Kanunyň hökmürowanlyk ýörelgesi kadalaşdyryjy namalar ulgamynda kanunyň başda durmalydygy hökmünde beýan edilýär. Munuň özi kadalaşdyryjy we aýry-aýry namalaryň ählisiniň hereket edýän kanunlara, hemme kanunlaryň we döwlet edaralarynyň beýleki namalarynyň bolsa Konstitusiýa tabyndygyny aňladýar. Ýöne, bu ýörelge has giň kanuna we ähli kadalaşdyryjy namalara hem-de hukuklaryň (ulanmak, berjaý etmek, ýerine ýetirmek, peýdalanmak) ýerine ýetirilişiniň ähli namalaryna tabynlyk hökmünde düşünilmelidir. Diňe şeýle şertlerde kanunyň hökmürowanlyk ýörelgesi bütin jemgyýeti gurşap alýar.

Ählumumylyk kanunylygyň wajyp alamaty hökmünde kanunçylyk tabşyryklaryny pugta berjaý etmegiň hemme döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik we hojalyk guramalarynyň, şeýle hem raýatlaryň işleriniň esasy, umumy ýörelgesi bolup durýandygyny aňladýar. Kanunylygyň maksada laýyklygy kanuna pugta eýermegiň çäklerinde jemgyýetiň maksatlaryna hem-de wezipelerine gabat gelýän has amatly hukuk-dörediş hem-de hukuk-ýerine ýetiriş işlerini (alyp baryş) amala aşyrmagyň görnüşlerini saýlamagyň zerurlygyny aňladýar.

Giň manyda kanunylyk düşünjesi jemgyýetçilik durmuşynda kanunlara belent sarpa goýulýandygyny, ýagny kadalaşdyryjy görkezmeleriň hukuk babatda gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan berjaý edilýän halatyndaky hukuk tertibini görkezýär. Mundan tapawutlylykda, kanunylyk sözüň dar manysynda — bu döwlet edaralarynyň kanun bilen ylalaşyklyk ýörelgelerine laýyk gelýän hukuk işidir. Ahyrda-da bellemeli zat kanunylygyň düýp esasy kanunlaryň hem-de kanundan gelip çykýan namalaryň hukuk ulgamyna degişlileriň ählisi: raýatlar, wezipeli adamlar, döwlet we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan takyk we gyşarnyksyz berjaý edilmeginde, ýerine ýetirilmeginde we ulanylmagynda jemlenýär.

Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde we döwletinde kanunylyk ýörelgesiniň, döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň ýokary edaralary öz maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçireninde kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy namalary takyk we gyşarnyksyz ýerine ýetirmeginiň orny we ähmiýeti has-da artýar. Hususan-da, Konstitusiýanyň 8-nji maddasynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanunydyr. Onda berkidilen kadalaryň we düzgünleriň gös-göni hereketi bardyr. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlaryň we gaýry hukuk namalarynyň ýuridik güýji ýokdur. Kadalaşdyryjy hukuk namalary kanunda göz öňünde tutulan tertipde döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär ýa-da gaýry usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär. Adamyň we raýatyň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna täsir edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary hemmeleriň dykgatyna ýetirilmese, olar kabul edilen pursadyndan hereket etmeýärler»44 diýilip yglan edildi Döwletiň hukuk namalary ulgamynda Konstitusiýanyň hökmürowanlygy Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň 140-njy maddasynda hem nygtaldy, şonda «Kanunlar, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň gaýry hukuk namalary Konstitusiýanyň esasynda we şoňa laýyklykda kabul edilýär. Konstitusiýada we kanunlarda görkezilýän düzgünler biri-birine gabat gelmedik halatynda Konstitusiýanyň düzgünleri hereket edýär»45 diýlip bellenildi.

Kanunylyk ýörelgesiniň esasy talabynyň kanunlaryň hemme kärhanalar, edaralar, guramalar, wezipeli adamlar we raýatlar tarapyndan takyk hem-de gyşarnyksyz berjaý edilmegini we ýerine ýetirilmegini gazanmakdan ybaratdygyny bellemek gerek. Döwlet, onuň ähli edaralary kanuny esasda hereket edýär, hukuk düzgüniniň, jemgyýetiň bähbitleriniň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny üpjün edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 129-njy maddasynda Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem-de oňa tabyn prokurorlara ýüklenilýändigi46 yglan edilýär.

Şeýlelikde, konstitusion kadalardan ugur alnyp, kanunylyk ýörelgesi, ilkinji nobatda, ähli döwlet edaralarynyň hem-de wezipeli adamlaryň döwletiň kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalaryna, döwlet edaralarynyň kadalaşdyryjy häsiýete eýe bolan kanundan gelip çykýan beýleki namalaryna goldanmalydygynda ýüze çykýar. Mundan başga-da, kanunçylyk ýörelgesi döwlet edaralarynyň hem-de wezipeli adamlaryň öz işlerinde Konstitusiýanyň we kanunlaryň talaplaryny berjaý etmegini, kanunçylyk kadalaryny gyşarnyksyz durmuşa geçirmegini, Konstitusiýa we häzirki kanunçylyk tarapyndan kesgitlenen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny berjaý etmegini üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Soňky ýyllarda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak nukdaýnazaryndan, aýratyn wajyplyga eýe bolýar. Onuň wajyplygy aýanlyk ýörelgesi berjaý edilýän ýokary döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýan ýolbaşçylygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga bolan artýan düşünje, şeýle hem kanun çykaryjylyk we ýerine ýetirijilik işinde kabul edilen halkara ülňülerine laýyk gelmäge bolan ymtylyş bilen şertlenendir.

Aýanlyk ýörelgesi diýen düşünjäni kesgitlemäge dürli nukdaýnazardan çemeleşmek mümkin. Kähalatlarda, bu düşünje jemgyýetçilik bilen özara hereket etmek boýunça mümkinçilikleri giňeldýän hem-de döwlet dolandyryşynyň netijeliligini artdyrmaga ýardam berýän ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň häsiýeti hökmünde kesgitlenilýär. Aýanlyk ýörelgesine düşünmegiň beýleki bir çemeleşmesi onuň raýatlaryň maglumat almaga hukugyny üpjün etmegiň, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işine gözegçilik etmäge gatnaşmagynyň, raýat jemgyýetini ösdürmegiň usuly hökmünde kesgitlemegi göz öňünde tutýar. Şol bir wagtda aýanlyk ýörelgesi-munuň özi ýerine ýetiriji häkimiýetm we döwlet dolandyryşynyň zerur häsiýetidir. Başgaça aýdylanda, eger şeýle häsiýet mahsus bolmasa, ösen döwlet-häkimiýet we edara ediş-hukuk gatnaşyklary barada gürrüň etmek çetin bolardy. Bu ýörelge raýatlaryň jemgyýetçilik syýasy durmuşa, häkimiýet edaralarynyň işiniň jemgyýetçilik gözegçiligine gatnaşmagyny üpjün edýän döwletiň we raýatyň özara hereketiniň görnüşidir.

Aýanlyk ýörelgesi öz kanunçylyk taýdan berkidilmegini maglumatlara elýeterlilik hukugy hökmünde tapýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 42-nji maddasynda «Her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär. Hiç kimiň adama öz pikirini erkin beýan etmegini gadagan etmäge, şonuň ýaly-da ony kanuna laýyklykda ýaýratmaga päsgel bermäge hukugy ýokdur. Hiç kim özüniň pikirini we ynam-ygtykadyny beýan etmegine ýa-da olardan ýüz döndermegine mejbur edilip bilinmez. Her bir adamyň döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary kanunda gadagan edilmedik usulda erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga hukugy bardyr»47 diýlip nygtalýar.

Aýanlyk ýörelgesi döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň ýokary edaralary tarapyndan ähli ulgamlar hakynda maglumatlaryň berilmegi ýa-da olara kanun tarapyndan maglumatlaryň berilmegine çäklendirme bellenilenlerinden başgalaryna elýeterli ligi üpjün etmek görnüşinde döwlet bilen raýatlaryň özara gatnaşygyny üpjün edýän döwlet häkimiýetine mahsus häsiýetinde bolýar. Munuň özi jemgyýetçiligiň anyk döwlet edaralarynyň takyk işleri hakynda habarly bolmagynda-da ýüze çykýar, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işlerininiň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini, ilatyň giň gatlagyna bu edaralaryň işleri, olaryň öňünde durýan meseleler barada yzygiderli habar berilmegini göz öňünde tutýar. Ahyrda-da, bu ýörelge döwlet häkimiýet edaralarynyň ilat bilen ýygjam özara hereket etmegini, jemgyýetçiligiň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň döreýiş we iş tertibine gözegçilik etmegini göz öňünde tutýar.

Şeýlelikde, aýanlyk ýörelgesiniň düýp esasy iki görnüşli häsiýete eýedir: bir tarapdan, bu—döwlet häkimiýetine zerur hukuk ýagdaýyny berýän onuň zerur bolan häsiýetnamasydyr, beýleki tarapdan bolsa — raýatlary ýokary döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrmagy hem-de olaryň bolup geçýän wakalara döwlet dolandyryşy arkaly gatnaşmak mümkinçiligini üpjün edýän kanunçylyk düzgünidir.

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ösüş derejesini kesgitleýän alamatlaryň biri raýatlaryň öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda bolşy ýaly, beýleki meseleler boýunça-da döwlet edaralaryna erkin ýüz tutup bilmek mümkinçiligi bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 60-njy maddasyna laýyklykda, her bir adamyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň çözgütleri we hereketleri barada kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr48. Döwlet häkimiýet edaralarynyň hem-de wezipeli adamlaryň hereketlerini raýatlaryň şikaýat etmäge bolan bu konstitision hukugy döwlet häkimiýet edaralarynyň işleriniň kanuna laýyklygyny we netijeliligini, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň goraglylygyny hem-de Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň goraglylygyny güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň raýatlary döwlet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna göni ýüzlenmek, şeýle hem aýratynlykdaky we köpçülikleýin hatlary ibermek hukugyna eýedir. Şeýle hukuk islendik edara hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çenli wezipeli adamlaryň islendigine haýyş, arz we teklip bilen ýüzlenmek mümkinçiligini hem-de wezipeli adamyň şol ýüz tutulma hökmany jogap bermegini göz öňünde tutýar. Ýüz tutmak şahsy mazmunly bolşy ýaly, jemgyýetçilik häsiýetli meseleleri-de özünde jemläp biler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 61-nji maddasyna laýyklykda, her bir adamyň döwlet edaralarynyň, gaýry guramalaryň, olaryň işgärleriniň, şeýle hem aýry-aýry adamlaryň bikanun hereketleri bilen özüne maddy ýa-da ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny kazyýet tertibinde talap etmäge hukugy bardyr49.

Türkmenistanyň kanunçylygy döwlet edaralarynyň çözgütlerini hem-de wezipeli adamlaryň hereketlerini kazyýete şikaýat etmek üçin ýeterlik binýadyň esasyny emele getirýär. Hereketlere we çözgütlere şikaýat etmegiň bar bolan hukuk düzgünleşdirmesi raýatlara aýratynlykda bolşy ýaly, umumykadalaýyn häsiýetde hem olaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny bozýan islendik ýagdaýlara şikaýat etmek mümkinçiligini berýär. 1998-nji ýylyň 6-njy fewralynda kabul edilen «Graždanlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny bozýan döwlet organlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş organlarynyň we wezipeli adamlaryň hereketlerini suda şikaýat etmek hakynda»50 Türkmenistanyň Kanuny bu kadanyň hukuk binýadyny düzýär.

Raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny bozýan hereketler ýa-da çözgütler sebäpli, raýat ýokary edara, ýokary wezipeli adama, prokurora ýa-da gönüden-göni kazyýete ýüz tutmaga haklydyr. Şikaýat konstitusion hukuklary we azatlyklary bozulan raýat ýa-da onuň wekili tarapyndan berlip bilner. Şikaýat raýatyň islegine görä onuň ýaşaýan ýeri boýunça kazyýete ýa-da hereketlerine ýa Çözgütlerine arz edilýän edaranyň ýerleşýän ýeri boýunça ýa-da wezipeli adamyň işleýän ýeri boýunça kazyýete berilýär. Şikaýata garalmagy bilen baglanyşykly kazyýet çykdajylary eger kazyýet edaranyň ýa-da wezipeli adamyň hereketleriniň ýa-da çözgütleriniň bikanundygyny, raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny bozýandygyny, kemsidýändigini ýa-da amala aşyrmaga bökdençlik döredýändigini tassyklasa, olaryň üstüne ýüklenýär.

Her bir raýat eger-de döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň bikanun hereketleri (çözgütleri) arkaly özümň hukuklary we azatlyklary bozulandyr hasap etse, şikaýat bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 10-njy maddasyna laýyklykda, raýatlaryň bozulan ýa-da talap edilýän hukuklaryny goramagy Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygy ýa-da şertnama bilen kesgitlenen işleriň edara degişliligine laýyklykda kazyýet, arbitraž kazyýeti, eminiň gatnaşmagynda geçirilýän kazyýet amala aşyrýar.

Raýatlaryň hukuklarynyň goralmagy administratiw ýol bilen diňe kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda amala aşyrylýar. Administratiw ýol bilen kabul edilen çözgüt kazyýete şikaýat edilip bilner. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 11-nji maddasyna laýyklykda, raýatlaryň hukuklarynyň goralmagy: a) hukugyň tassyklanmak; b) hukugyň bozulmagyna we hukugy bozýan ýa-da onuň bozulmagyna howp döredýän hereketleriň öňüniň alynmagyna çenli bar bolan ýagdaýlary dikeltmek; ç) geleşigi hakyky däl diýip tassyklamak we onuň hakyky däldiginiň netijelerini peýdalanmak; d) döwlet edarasynyň ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň çözgüdini hakyky däl diýip hasap etmek; e) olary öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge mejbur etmek; ä) raýat hukuklaryny özbaşdak goramak; f) zeleliň öwezini dolmak; g) jerime töletmek; h) ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak; i) hukuk gatnaşyklaryny bes etmek ýa-da üýtgetmek; j) kazyýet tarapyndan döwlet edarasynyň ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň kanuna garşy gelýän namasyny ulanmazlyk; ž) kanunda göz öňünde tutulan beýleki ýollar arkaly amala aşyrylýar.

Şeýlelikde. döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de wezipeli adamlaryň çözgütlerini we hereketlerini kazyýete şikaýat etmek ýörelgesi döwlet institutlarynyň demokratiýalaşdyrylmagynyň möhüm aýrylmaz bölegi, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goraýyş ulgamynyň bir bölegidir. Ol ýüz tutmalaryň gelip gowuşmagynyň görnüşi boýunça bolşy ýaly, olara garamagyň tertibi boýunça hem toplumlaýyn häsiýete eýedir. Ýüz tutmak we şikaýat etmek gönüden-göni demokratiýanyň, häkimiýet we dolandyryş edaralary tarapyndan jemgyýetçilik ähmiýetli meseleleri çözmäge täsir etmegiň görnüşleriniň birine öwrülýär. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen dürli teklipleri girizip. öz hukuklarynyň amala aşyrylmagyny gazanyp, döwlet edaralarynyň, guramalaryň hem-de wezipeli adamlaryň işlerinde kemçilikler barada mälim etmek bilen, raýatlar milli döwletliligi pugtalandyrmaga, kanunylyk düzgüniniň üpjün edilmegine işjeň gatnaşýarlar.

Raýatlaryň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga hukugy döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratik işleriň aýrylmaz ýörelgesi bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 45-nji maddasyna laýyklykda, «Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr»51. Häzirki döwürde döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň ýokary edaralarynyň döredilmegine raýatlaryň giňden gatnaşmagyna döwlet dolandyryşynyň wajyp ýörelgeleriniň biri hökmünde garalýandygyny hem-de türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň zerurlygy bolup durýandygyny bellemek gerek. Ýurduň raýatlarynyň döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni bolşy ýaly, öz wekilleriniň üsti bilen hem gatnaşmak hukugy halkyň özygtyýarlylygynyň konstitusion ýörelgesine esaslanýar we oňa laýyklykda Türkmenistanda häkimiýetiň ýeke-täk gözbaşy halk bolup durýar. Bu hukugyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen raýatlaryň beýleki hukuklarynyň toplumy arkaly amala aşyrylýar. Konstitusiýanyň 46-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ukyplaryna we hünär taýýarlygyna laýyklykda döwlet gullugynyň elýeterliligine deň hukugy bardyr52.

Raýatlaryň döwlet işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga bolan konstitusion hukugyna gündelik işiň kesgitli derejesi, ýagny döwleti dolandyrmaga raýatlaryň we olaryň toparlarynyň gatnaşmaklarynyň görnüşleriniň hem-de usullarynyň toplumy hökmünde garalýar. Ol aýratyn şahslaryň we toparlaryň özüni alyp barşyna keseden täsir edýän anyk düzümleýin we iş alamatlaryna eýe bolan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ulgamyny kemala getirýär. Döwlet işlerini dolandyrmak babatda oňa gatnaşyjylaryň hukuk derejesini kesgitleýän dürli konstitusion gurallaryň peýdalanylmagy ulgamyň guramaçylyk düzümleriniň şahalary bolup durýan düzümleriniň belli bir topary tarapyndan çäklendirilip bilner.

Şahsyýetiň konstitusion hukuklarynyň dürli guramaçylyk-hukuk görnüşlerinde döwlet işlerini dolandyrmaga gatnaşmagy arkaly durmuşa geçirilmegi raýatlardan diňe bir öz hukuk mümkinçiliklerini hem-de çäklendirmelerini bilmegi däl, eýsem ol ýa-da beýleki guramaçylyk-hukuk görnüşini peýdalanmagy başarmagy-da talap edýär. Şahsyýetiň döwlet işlerini dolandyrmaga gatnaşmagynyň bu görnüşleriniň özeninde hukuk esaslary jemlemelidir, demokratiýanyň konstitusion ýörelgelerine, Türkmenistanda raýat jemgyýetini guramak ýörelgelerine gönükdirilmelidir.

Raýatlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga giňden gatnaşmak ýörelgesini ösdürip, Türkmen döwleti şol bir wagtda onuň görnüşleriniň has-da ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini üpjün edýär. Raýatlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerini dolandyrmaga gatnaşmagy milli demokratiýanyň görnüşleriniň has-da kämilleşdirilmeginiň we ýaýbaňlandyrylmagynyň wajyp ugry hökmünde häsiýetlendirilýär. Konstitusiýa raýatlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerini dolandyrmaga gatnaşmak hukugyny diňe bir resmi taýdan yglan etmän, eýsem bu hukugyň, şol sanda ählihalk we ýerli sala salşyk (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 124-nji maddasy), döwlet edaralaryna hem-de jemgyýetçilik birleşiklerme olaryň işini gowulandyrmak hakynda teklipleri girizmek, işlerdäki kemçilikleri tankytlamak ýoly arkaly berjaý edilmeginiň dürli guramaçylyk görnüşlerini berkidýär. Sala salşyk geçirilende, hut saýlawlar geçirilendäki ýaly, olary taýýarlamagyň ähli tapgyrlaryna, ses berilişige hem-de sesleri sanamak işlerine işjeň gatnaşmaklary üçin raýatlara hemme mümkinçiliker berilýär. Saýlawlar mahaly gös-göni saýlawçylar arkaly dalaşgärleriň görkezilmegi, öz-özüňi teklip etmek, milli synçylary hödürlemek, saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz ediş çärelerini erkin geçirmek, kanun tarapyndan tassyklanan görnüşde saýlaw toparlarynyň döredilmegine, sesleriň sanalmagyna gatnaşmak üpjün edilýär. Raýatlar sala salşyk geçirilende-de, degişli hukuklardan peýdalanýarlar.

Raýatlar hemişelik komitetleriň hem-de ähli derejedäki toparlaryň işlerine gatnaşýarlar. Mejlise girizilýän meselelere deslapky garamagyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň hemişelik komitetleri we toparlary bu işe hojalyk edaralarynyň wekillerini, esasy hünärmenleri, alymlary we beýlekileri çekýärler.

Raýatlaryň döwlet işlerini dolandyrmaga gatnaşmagy, şeýle bem olaryn ähli derejelerdäki wekilçilikli edaralaryň — halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň işine täsir etmegi arkaly, döwlet işlerine ýolbaşçylyk edilişi barada, döwlet syýasatynyň ugurlary barada, onuň jemgyýetiň durmuş zerurlyklaryny kanagatlandyrmagy boýunça işleri barada jemgyýetçilik pikirini beýan etmegiň dürli görnüşleriniň üsti bilen amala aşyrylýar.

Döwlet gullugy — bu döwlet häkimiýetiniň hem-de döwlet dolandyryşynyň wezipeleriniň we işleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ygtyýarlyklary ýerine ýetirmek boýunça hünär işidir. 2016-njy ýylyň 26-njy martynda «Döwlet gullugy hakynda»53 kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, durmuş we maddy ýagdaýyna, teniniň reňkine we milletine, jynsyna, dine garaýşyna, syýasy dünýägaraýşyna garamazdan Türkmenistanyň 18 ýaşa ýeten raýatlary döwlet diwanynda gulluk etmek hukugyna eýedir. Daşary ýurtly raýatlar we raýatlygy bolmadyk adamlar döwlet edaralarynyň diwanynda işlemäge hünärmenler, geňeşçiler we bilermenler hökmünde kabul edilip bilner.

Döwlet gullugyna kabul edilmek döwlet edaralarynyň diwanynda wezipelere bellemäge açyk bäsleşik geçirmek ýoly bilen hem amala aşyrylyp bilner. Bäsleşik Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýan bäsleşik hakyndaky Düzgünnamanyň esasynda geçirilýär. Bäsleşikden geçen adamlar zähmet kanunçylygyna laýyklykda, döwlet edaralarynyň diwanynda gulluk etmäge kabul edilýär.

20l6-njy ýylyň 26-njy martynda «Döwlet gullugy hakynda» kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurduň raýatlary döwlet gullugyna özleriniň gös-göni bellenilmegi ýa-da saýlanylmagy bilen girýärler54. Döwlet gullukçylarynyň wezipä bellenilmegi Türkmenistanyň Konstitusiýasy, zähmet kanunçylygy hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalary bilen göz öňünde tutulan bellenilen ýaşa ýetmegi boýunça olaryň döwlet dilini bilýän, hünär taýdan bilimi bolan we bu Kanunda bellenilen talaplara laýyk gelýän şertinde amala aşyrylýar. Mundan başga-da, döwlet gullugy ulgamynda ýakyn garyndaşlykda bolan (ata-eneler, är-aýallar, doganlar, uýalar, ogullar, gyzlar, şeýle hem är-aýalyň doganlary, uýalary, ata-eneleri we olaryň çagalary) adamlaryň, eger olaryň gullugy ýa-da işi biriniň beýleki birine gönüden-göni tabynlygynda ýa-da gözegçiliginde bolsa, bilelikde gulluk etmegine ýa-da işlemegine ýol berilmeýär.

Döwlet edaralarynyň işleri bilen şertlenilmedik we pikirdeş adamlaryň jemgyýetiniň öz-özüni guramagynyň hakyky derejesini alamatlandyrýan ilatyň durmuşy işjeňliginiň dürli görnüşleriniň jemi hökmünde häsiýetlenýän raýat jemgyýeti demokratik we hukuk döwletiniň syýasy ulgamynyň wajyp başlangyjy we şol bir wagtda-da kemala gelmeginiň şerti bolup durýar. Başgaça aýdylanda, raýat jemgyýeti munuň özi adam iň ýokary gymmatlyk bolup, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ykrar edilmegindäki, goralmagyndaky, döwletiň ykdysadyýetiň okgunly ösmegine hem-de syýasy erkinlige ýardam bermegindäki, jemgyýetiň gözegçiliginde bolmagyndaky, döwletiň we jemgyýetçilik durmuşynyň hak-hukuga, demokratik maksatlara hem-de adalata esaslanmagyndaky jemgyýetiň ýagdaýydyr. Şoňa görä-de, raýat jemgyýetinde möhüm orun jemgyýetçilik häkimiýetiniň institutlaryna degişlidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 44-nji maddasynda raýatlaryň Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge bolan hukugy nygtalýar55.

Türkmenistanyň köpçülikleýin jemgyýetçilik birleşikleri — syýasy partiýalar, kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmeleri, Zenanlar birleşigi, Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, kooperatiw we beýleki guramalar, zähmet toparlary ilaty döwlet häkimiýet edaralarynyň işlerine çekmekde uly orun tutýarlar.

Zähmetkeşleri döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga çekmekde syýasy partiýalar uly orun eýeleýärler. Olar döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň hereketlendiriji güýjidir. Häzirki wagtda Türkmenistanda köppartiýalylyk ulgamy hereket edýär. Hususan-da, 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 2012-nji ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 2014-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda bolsa Türkmenistanyň Agrar partiýasy döredildi. 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndaky «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, syýasy partiýalar meýletinlik esasynda döredilen jemgyýetçilik birleşikleri görnüşindedir56. Olaryň esasy maksady — raýatlaryň syýasy erkiniň kemala getirilmegi hem-de azat beýan edilmegi, saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmagy, şeýle hem döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda olaryň bähbidini göz öňünde tutmak arkaly ýurduň raýatlarynyň jemgyýetiň syýasy durmuşyna gatnaşmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Raýatlaryň toparlaýyn birleşikleri konstitusion gatnaşyklaryna aýry-aýry gatnaşyjylar hasap edilýär. Köpçülikleýin birleşikleriň iň giňden ýaýran görnüşi jemgyýetçilik guramalarydyr. Jemgyýetçilik birleşiklerini guramak we olaryň işlemeginiň meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulandyr, şeýle hem olaryň tertipnamalarynda we düzgünnamalarynda beýan edilendir. Mysal üçin, raýatlaryň jemgyýetçilik guramalaryny döretmäge bolan kostitusion hukugy 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tarapyndan berjaý edilýär. Ol jemgyýetçilik birleşikleri döretmegiň, onuň işlemeginiň, täzeden döredilmeginiň we ýatyrylmagynyň hukuk guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, şeýle hem bu ulgamda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Bu Kanuna laýyklykda, jemgyýetçilik birleşigi – bu raýatlaryň başlangyjy boýunça döredilen, jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynda beýan edilen umumy maksatlary durmuşa geçirmek üçin bähbitleriniň umumylygy esasynda birleşen meýletin, öz-özüni dolandyrýan, täjirçilik däl düzümidir57.

Türkmenistanda iň köpçülikleýin jemgyýetçilik birleşmesi kärdeşler arkalaşygynyň birleşigidir. Olaryň iş alyp barmagy 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny58, şeýle hem ýurduň kärdeşler arkalaşygy birleşiginiň Tertipnamasy arkaly kesgitlenendir. Kärdeşler arkalaşygy birleşiginiň esasy maksatlary hem-de wezipeleri önümçilikde zähmet çekýän raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan, iş öndürijiligini artdyrmakdan, zähmeti goramakdan we beýlekilerden ybaratdyr59.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy köpçülikleýln jemgyýetçilik guramasy bolup durýar. Ýaşlar guramasynyň işiniň, şeýle hem bu ulgamda döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri 2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda60 kesgitlenendir. Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasynda onuň işiniň esasy ugurlary beýan edilendir.

Beýleki jemgyýetçilik birleşikleri. Zähmetkeşleri döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga çekmegiň ýokarda agzalan görnüşlerinden başga, şonuň ýaly möhüm işi, şeýle hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti alyp barýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Tertipnamasyna laýyklykda, bu jemgyýetçilik gurama zenanlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagy amala aşyrýar, maşgalalara, çagalara ýardam berýär, şeýle hem aýallara zerur bolan maslahatlary hem-de beýleki kömekleri berýär, Zenanlar birleşiginiň işleriniň çäklerinde zenan-alymlar, zenan-telekeçiler we ş. m. ýaly dürli toparlar hereket edýär.

2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky «Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu jemgyýetçilik gurama öz işlerini ýurduň kanunçylygyna hem-de Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrýar. Türkmenistanyň raýatlary haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişliligine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan, jemgyýetiň agzalary bolup bilerler. Bu hukuk erkin, haýsy-da bolsa bir deslapky rugsat almazdan, amala aşyrylýar61.

Şeýlelikde, jemgyýetçilik birleşikleri kanunçylyga hem-de özleriniň Tertipnamalarynda görkezilen wezipelerine laýyklykda, döwlet we jemgyýetçilik işlerini dolandyrmaga, syýasy, hojalyk hem-de durmuş-medeni meselelerini çözmäge gatnaşýarlar.

Raýat jemgyýeti döwlete bagly bolman we onuň goşulmazlygynda ösdürilýän şahsyýetara gatnaşyklarynyň ähli jemini, şeýle hem aýry-aýry we köpçülikleýin zerurlyklary amal edýän döwlete garaşly bolmadyk jemgyýetçilik institutlarynyň ýaýbaňlandyrylan ulgamyny birleşdirýär. Ykdysadyýet we syýasat raýat jemgyýetiniň esasy işlerini emele getirýär. Ykdysady we syýasy erkinlik jemgyýetiň agzasy hökmünde, asyl gymmatly şahsyýet hökmünde adamyň has düýpli azatlygynyň ýüze çykmagynyň görnüşleri bolup durýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 17-nji maddasynda ilkinji gezek «Döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär» diýlip beýan edilýär. Raýat jemgyýetiniň maksatlary has wajyp meseleleri çözmek üçin raýatlaryň, jemgyýetçilik birleşikleriň, döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň bähbitlerini ylalaşdyrmaga gönükdirilendir. Agzalan maksada ýetmek üçin raýatlar hem-de jemgyýetçilik birleşikleri döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, dürli raýat başlangyçlaryny öňe sürýärler hem-de goldaýarlar. Mundan başga-da, raýatlar Konstitusiýanyň, kanunlaryň taslamalaryny, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki has möhüm meselelerini ählihalk ara alyp maslahatlaşylmagyna gatnaşýarlar. Bu bolsa öz gezeginde, işleriň dürli çygyrlarynda şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini sazlaşdyrmaga hyzmat edýär.

Raýat jemgyýeti, ilkinji nobatda, adam hukuklarynyň ileri tutulmagyny göz öňünde tutýar hem-de kepillendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary, olaryň goraglylygy halkara ülňülere laýyk getirildi. Adamyň esasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň eldegirilmesizligi kepillendirilýär. Adamyň jynsyna, teniniň reňkine, milletine, diline, gelip çykyşyna, maddy hem-de wezipe ýagdaýyna, dine garaýşyna, dünýägaraýşyna, jemgyýetçilik birleşiklerine degişliligine, şeýle hem beýleki alamatlara garamazdan hukuklaryň deňligi yglan edilýär. «Adam» diýen düşünje bilen birlikde Türkmenistanyň Konstitusiýasynda köplenç «her kim» diýen söz ulanylýar. Bu bolsa ýurduň Çäklerindäki adamlaryň hemmesine olaryň raýatlygyna garamazdan, kesgitlenen hukuklaryň we azatlyklaryň berkidilendigini aňladýar. Syýasy durmuşda şonuň ýaly jemgyýet hemme raýatlara döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmaga elýeterlilik berýär. Şunda döwlet hem-de raýatlar demokratik taýdan kabul edilen kanunlaryň hökmürowanlygyna özara jogapkärçilik bilen baglanyşyklydyr.

Raýat jemgyýetiniň kemala getirilmegi eýeçiligiň ähli görnüşlerini ykrar etmegiň hem-de ýerine ýetirmegiň mümkinçiliklerini iş ýüzünde üpjün etmekden başlanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 12-nji maddasy eýeçiligiň hususy, döwlet we beýlekiler ýaly görnüşleriniň köpdürliligini yglan edýär. Hususy eýeçilik döwlet eýeçiligi bilen deň hatarda ykrar edilýär, eýeçilik eldegirilmesizdir, kanun arkaly goralýar62.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2014-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Mejlisiň V çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşykda «Hukuk döwletiniň we raýat jemgyýetiniň ýörelgelerine laýyklykda, kanunlaryň gyşarnyksyz we doly berjaý edilmegine hemmetaraplaýyn we netijeli gözegçilik edilmelidir. Şeýle çemeleşme Garaşsyz döwletimiziň has ýokary depginler bilen ösmegini gazanmaga, halkymyzyň bolelin, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny mundan beýläk-de berjaý etmäge bize mümkinçilik berer»63 diýip nygtady. Şeýlelikde, häzirki zaman raýat jemgyýeti çylşyrymly düzümi bolan bitewi durmuş ulgamy bolmak bilen, uly ähmiýete eýedir.

Raýat jemgyýeti döwlete bagly bolman we onuň goşulmazlygynda ösdürilýän şahsyýetara gatnaşyklarynyň ähli jemini özünde birleşdirýär. Raýat jemgyýetiniň binýatlyk düzümleýin alamatlary adamlaryň döwlete garaşly bolmadyk aýry-aýry we köpçülikleýin zerurlyklaryny amal edýän jemgyýetçilik institutlarydyr. Şunda döwlet utgaşdyryjy wezipäni ýerine ýetirýär, raýatlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerini dolandyrmaga gatnaşmagynyň görnüşlerini giňeldip, raýat jemgyýetiniň institutlaryny ösdürmegiň kepilliklerini üpjün edýär.

Türkmenistanyň raýat jemgyýetiniň möhüm bölegi ýerli öz-özüňi dolandyryşdyr. Garaşsyz Türkmenistanda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň, häkimiýet bölünişiginiň ýörelgesiniň girizilmegi bilen, ýerli öz-özüňi dolandyrmagyň täze ulgamynyň emele gelmegi mümkin boldy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda wekilçilikli edaralaryň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hukuklary görnetin giňeldildi64.

Ýerli öz-özüňi dolandyryş Türkmenistanyň döwlet-hukuk gurluşynyň möhüm demokratik esaslarynyň birini emele getirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň IV bölüminiň 115-118-nji maddalary ýörite ýerli öz-özüňi dolandyryşa bagyşlanandyr65. Munuň özi halk häkimiýetiniň netijeli demokratik guraly hökmünde garalýan ýerli öz-özüňi dolandyryş meselelerine uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär, çünki milli döwletliligiň taryhynyň görkezişi ýaly, ýerli öz-özüňi dolandyryş — türkmen halkynyň demokratiýasynyň däp bolan görnüşleriniň biri.

Raýatlaryň döwlet işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga kontitusion hukugy ýerli öz-özüňi dolandyryş arkaly amala aşyrylýar hem-de türkmen jemgyýetiniň baş döwlet-hukuk esaslarynyň biri bolup durýar. Ýerli öz-özüňi dolandyryşyň esasy maksady döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde, beýleki guramalarda ilatyň bähbitlerine wekilçilik etmekden hem-de şol bähbitleri goramakdan ybaratdyr. Ýerli öz-özüňi dolandyryş ilatyň bähbitleri ugrunda hereket edýär we özüni emele getiren ilatyň öňünde jogapkärçilik çekýär.

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda adamyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny berjaý etmek ýörelgesi uly ähmiýete eýedir. Bu ýörelge döwlet edaralarynyň hem-de wezipeli adamlaryň her biriniň adatnyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny ilkinji orunda goýmalydyklaryny aňladýar. Munuň özi demokratiýanyň möhüm alamaty bolup durýar. Bu ýörelgäniň manysy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň adamy, onuň hukuklaryny we azatlyklaryny iň ýokary gymmatlygy (4-nji madda66) diýip ykrar edýändigi bilen şertlenendir. Mundan başga-da, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmegi bilen, 1995-nji ýylyň 28-nji dekabrynda adam hukuklary ulgamynda halkara borçnamalary hakynda Bitarap Türkmenistanyň Jarnamasy kabul edildi67. Raýatyň hukuklary we azatlyklary umumymilli derejede bolşy ýaly, ýerli derejede-de, ýagny zähmet çekip, syýasy we beýleki işleri amala aşyryp, öz ýaşaýan ýerinde berjaý edilýär we şol işleriň amala aşyrylmagy köp babatda döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň ýokary edaralarynyň hem-de ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň özara hereketlerine baglydyr.

Şoňa görä-de, 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky «Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny «Häkimiň kadalaşdyryjy häsiýetli, şeýle hem raýatlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna degip geçýän namalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp kabul edilýär. Ol namalar Türkmenistanyň Adalat ministrliginde bellige alnyp, ilatyň dykgatyna ýetirilen mahalyndan güýje girýär» diýip belleýär68.

Bu ýörelgäniň durmuşa geçirilmegi ýerli edaralar tarapyndan ilatyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi meseleleriniň çözülişiniň barşynda üpjün edilýär. öz gezeginde, bu meseleler ýerli durmuşyň esasy ulgamlaryny: bilim, saglygy goraýyş, ýaşaýyş jaý-jemagat, ýerden peýdalanmak, ilata söwda, durmuş, ulag we hyzmat etmegiň beýleki görnüşleriniň ulgamyny öz içine alýar. Ýerli häkimiýet edaralarynyň garamagyna degişli edilen agzalan ugurlarda raýatlaryň esasy durmuş-ykdysady hukuklary we azatlyklary berjaý edilýär. Bu ulgamlarda öz wezipelerini ýerine ýetirmek bilen, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary raýatlaryň wajyp durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine ýardam berýärler.

2011-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topar döredildi. Bu toparyň üstüne Türkmenistanyň halkara-hukuk borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň işlerini utgaşdyrmak wezipesi ýüklenildi. Bu topar halkara guramalary üçin adam hukuklary babatda hem-de halkara ynsanperwer hukugyny durmuşa geçirmekde halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada milli hasabatlary taýýarlaýar, şeýle hem adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda, beýlekilerde Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň halkara hukugynyň kadalaryna laýyklygyna gözegçiligi amala aşyrýar69.

Durmuş ulgamyndaky özgertmeler hem demokratiýalaşdyrmak işleri bilen ýakyn baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ýaly durmuş institutlary ýurduň ilatynyň zerurlyklaryna laýyklykda gurnalandyr we düzülendir. Garaşsyzlyk şertlerinde döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertleri bilim ulgamynyň demokratik häsiýetde bolmagydyr. Bu bolsa onuň umumy elýeterliligini, ýagny hemme raýatlaryň bilim almaga bolan hukugynyň deňligini aňladýar (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasy).

Medeniýetiň ösdürilmegi hem demokratiýalaşdyrmak bilen baglydyr. Bu ilatyň medeni işlere has giň köpçüliginiň gurşalyp alynmagyny hem-de köpçülikleýin medeniýetiň ösdürilmegini, oňa bolan islegiň artmagyny nazarda tutýar. Hususanda, Konstitusiýanyň 56-njy maddasynda «Her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugy bardyr. Adamyň ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklary we bähbitleri kanun bilen goralýar. Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär»70 diýlip berkidildi. Şundan döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň demokratiýalaşdyrylmagynyň döwletiň, jemgyýetiň hem-de adamyň özara hereketinde emele gelýän gatnaşyklar bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy gelip çykýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň seredilip geçilen ýörelgeleri olaryň biri-birinden üzňelikde däl-de, berk özara baglanyşyklykda hereket edýändigine şaýatlyk edýär. Diňe şunuň ýaly jebislikde mundan beýläkki demokratik işler amala aşyrylyp bilner. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen ýörelgeler ýokary kanuny güýje eýe bolan hukuk düzgünleri hökmünde hereket edýär. Şu ýörelgeleriň esasynda ýokary döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işleri guralýar, onuň görnüşleri we usullary kämilleşdirilýär.

Beýan edilen ýörelgeler Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň syýasy, ykdysady, ideologik we ahlak ulgamlarynyň has wajyp hem-de ösýän taraplaryny şöhlelendirýär. Belli bir derejede olary döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň kanunalaýyklygyny, esasy durmuşy gymmatlyklary beýan edýän hukuk taýdan nusgalyk diýip atlandyryp bolar. Olar şeýle hem bu kanunalaýyklyklar bilen hereket edýän hukugyň arasynda baglanyşdyryjy halka bolup, onuň aýratynlyklaryny hem-de ugrukdyryjy mümkinçiliklerini ýüze çykarýar. Beýleki tarapdan, olar milli hukuk ulgamynyň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Bilelikde bolsa olar milli hukugyň diňe bir tebigatyny hem-de düýp manysyny açman, eýsem Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň aýratynlygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigi yglan edildi71. Şonuň bilen birlikde, demokratik we hukuk döwleti jemgyýet tarapyndan hukugyň gymmatyna düşünilmegi, raýatlaryň hukuk medeniýetiniň ýokarlanmagy arkaly tebigy-taryhy, kem-kemden ösüş ýoly bilen kemala getirilýär. Demokratiýalaşdyrmak işlerinde möhüm özara baglanyşygy türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanda ýaşaýan beýleki milletleriň milli, taryhy, ruhy we medeni aýratynlyklaryny hem-de däplerini hökmany suratda nazarda tutup, kanunçykaryjylykda we kanunlaryň ýerine ýetirilmeginde umumadamzat hukuk kadalaryna daýanýan hukuk döwleti üpjün edýär.

Mundan başga-da, hukuk döwleti kanunyň hökmürowanlygyny, onuň hemme raýatlar tarapyndan durmuşda tutýan ornuna garamazdan, hemme wezipeli adamlar, häkimiýet institutlary tarapyndan berk berjaý edilmeginiň hökmanylygyny üpjün edýär. Hukuk döwletinde kanunlaryň işlenilip taýýarlanylmagy aýanlygy, jemgyýetçilik pikiriniň nazara alynmagyny göz öňünde tutýan demokratik tärler esasynda amala aşyrylýar. Kanunlary ýerine ýetirmegiň gurallary-da demokratik hukuk edaralarynyň (gulluklaryň) ulgamyna daýanýar hem-de düşündiriş geçmek, maslahat bermek, barlamak, duýduryş bermek we ş.m. usullaryny öňünden kesgitleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşiniň we kämilleşmeginiň demokratik esaslaryny berkidýän milli kanunçylyk bu talaplaryň hem-de ýörelgeleriň ählisine laýyk gelýär.

Şeýlelik bilen, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň demokratiýalaşdyrylmagy hemişe ösdürilýär hem-de ýurtda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady ýagdaýlaryň ösüşine, syýasy, ahlak, hukuk medeniýetiniň ýokarlanyşyna, ilatyň jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň artyşyna görä çuňlaşýar. Elbetde, bu hemme özgertmeler kanunlarda, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilýär. Kanunçylyk binýadynyň, döwlet dolandyryş ulgamynyň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ösdürilişiniň derejesine laýyk gelmegi rowaçlygyň, durnukly ösüşiň, demokratik özgertmeleriň üstünlikli geçirilmeginiň iň möhüm şertidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2014-nji ýylyň 6-njy awgustynda Konstitusion toparyň 1-nji mejlisinde çykyş edip, «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda syýasy durnuklylyk we agzybirlik höküm sürýär. Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar, dünýäniň syýasy giňişligindäki tutýan orny pugtalanýar. Mähriban halkymyzyň medeni-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti güýçli depginler bilen ösýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän hukuk binýady bolmalydyr, döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny demokratik ýol bilen ösdürmäge ýardam bermelidir. Esasy Kanunymyz ösen raýat jemgyýetiniň kemala gelmegini, netijede, halkymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmelidir!»72 diýip nygtady. Şundan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipesiniň döwlet we jemgyýetçilik durmuşy ulgamynda milli kanunçylygy, şeýle hem bu ugurda hukuk ulanyş ýagdaýyny has-da kämilleşdirmegi talap edýändigi gelip çykýar. Bu gün hukuk we jemgyýetçilik durmuşynyň konstitusion hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreler syýasy we ykdysady durmuşy demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetini kemala getirmek we ösdürmek, ýurdumyzy dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen demokratik döwletleriniň hataryna goşmak ýolunda Türkmenistanyň üstünlikli öňe gitmeginiň möhüm alamatyna öwrüler.

13.06.2017 ýyl.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.