2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

ESASY KANUNYMYZ WE JEMGYÝETÇILIK GATNAŞYKLARY

Türkmen halky öz köpasyrlyk taryhynda ençeme döwlet gurdy. Döwlet gurup, agzybir ýaşamak türkmen milletiniň özboluşly häsiýetleriniň biridir. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda döwlet garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi bilen, türkmen halkynyň häzirki zaman döwletliliginiň syýasy-hukuk şertleri döredildi. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 25 ýyl boldy. Munuň özi taryhy nukdaýnazardan, gysga möhletdir. Bu senäniň ähmiýeti ýurdumyzyň her bir raýaty üçin düşnüklidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň hem-de kämilliginiň hukuk esasy bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklarynyň özgermegini şertlendirdi, döwlet-hukuk institutlarynyň mazmunyna, döwlet häkimiýetiniň guralyşyna üýtgetmeleri girizdi. Döwlet-hukuk institutlarynyň ewolýusiýasy düýpli özgerişlikleri bilen tapawutlanýar. Bu, aýratyn-da, döwlet häkimiýetiniň guralyşyny düzgünleşdirmek, kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet edaralarynyň ulgamyny gurmak we bölmek babatynda has aýdyňdyr. Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşinde we kämilleşmeginde konstitusion esaslar Türkmenistanyň çäginde has netijeli hereket etmegi üçin ykdysady, syýasy we durmuş ulgamlarynda düzülýär.

Türkmenistanda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatlarynyň oňyn netijelerini gazanmakda möhüm şert bolan döwleti dolandyryşynyň kämil ulgamyny döretmek meselesi esasy wezipe bolmagynda galýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi demokratik we hukuk döwletini döretmäge girişilmegine mümkinçilik berdi. Özygtyýarly Türkmenistanyň Konstitusiýasy GDA döwletleriň arasynda ilkinji kabul edilen Konstitusiýadyr. Konstitusiýanyň kabul edilmegi hukuk esasynda demokratiýalaşdyrmak işleriniň giň gerim bilen öňe ilerlemegi üçin binýat boldy. Türkmen halky ata-babalarymyzyň ýoly bilen ýöräp, Konstitusiýada halk häkimiýetliliginiň öz nusgasyny saýlap aldy. Milli demokratiýa dünýä tejribesiniň gazananlaryny hem-de milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemledi.

Konstitusiýa biziň syýasy, ykdysady we medeni durmuşymyzyň baş görkezijisi bolup çykyş etdi. Konstitusiýa döwletliligiň institutlaryny hukuk taýdan resmileşdirdi, şeýle hem onuň ösüşine we kämilleşmegine giň mümkinçiliklerini açdy. Konstitusiýa Türkmenistanda demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmaga giň mümkinçilikleri açdy. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň konsepsiýasynda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň tebigy häsiýetliligi baradaky ideýalary hem-de olaryň aýrybaşgalanmasyzlygy ilkinji gezek göz öňünde tutuldy. Konstitusiýada döwlet häkimiýetiniň kanunçykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlere bölünişi baradaky ýörelgesi hem ykrar edildi. Türkmenistanyň Esasy Kanuny dünýä bileleşiginde öz ornuny tapdy. Konstitusiýa hukugynyň ylmy taglymatyna we tejribesine öz goşandyny goşdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem beýleki döwletleriň Konstitusiýalary ýaly halkara häsiýeti bardyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň diňe bir halkara hukugynyň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde däl-de, eýsem, ýurduň içindäki hukuk gatnaşyklaryny hem düzgünleşdirmekde halkara hukugyny ykrar etmek işinde öňe uly ädim ädendigini aýtmak gerek.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ösüşiniň her tapgyrynyň anyk taryhy şertlerini we aýratynlyklaryny beýan etdi. Bu babatda 25 ýylyň dowamynda bolup geçen konstitusion özgertmeler aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, 1995-nji, 1999-njy, 2003-nji, 2005-nji, 2006-njy ýyllarda Konstitusiýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täzelenen redaksiýasy kabul edildi.

Her bir taryhy döwrüň öz aýratynlygynyň bolşy ýaly, häzirki döwür hem özüniň tutýan orny we ähmiýeti bilen tapawutlanýar. Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam basdy. Jemgyýet gatnaşyklaryň ösmegi bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hem-de halk hojalygynyň pudaklarynda bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerine esaslanmagy, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyndaky täze başlangyçlarynyň öňe sürülmegi, milli syýasy ulgamyň üýtgemegi we onuň esasynda Türkmenistanda köp partiýalylygyň döremegi, halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we durmuş taýdan goraglylygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzda uzak möhletli meýilnamalaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi Konstitusiýamyzyň düzgünlerini kämilleşdirmek, olary döwrüň talabyna laýyk getirmek zerurlygyny ýüze çykardy. Şoňa görä-de, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Ýaşulularyň maslahatynda: «Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen wagtyndan bäri Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny ösdürmek boýunça uzak möhletlere gönükdirilen iri milli maksatnamalar kabul edildi. Häzirki döwürde şol maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. ...Demokratik kadalar durmuşymyza giňden ornaşdyrylýar. ...Bu bolsa ýurdumyzyň mundan beýläk hem öňe gitmegini üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagy we şol özgertmeleri milli kanunçylygymyzda berkitmegi talap edýär. Geçirilýän özgertmeler Konstitusiýanyň aýry-aýry düzgünleriniň ýeterlik derejede durmuşa geçirilendigini görkezýär» diýip nygtap geçdi.

Esasy Kanunyň diňe bir düzgünleri däl-de, eýsem, onuň içerki gurluşy hem kämilleşdirildi. Mysal üçin, häzirki wagtda Konstitusiýa 142 maddadan ybarat. Goşmaçalar türkmen jemgyýetinde we döwletinde häzirki wagtda, şeýle hem опий ykdysadyýetinde, syýasatynda we ideologiýasynda soňky ýyllarda bolup geçen düýpli özgertmeleri aýan etdi. Goşmaçalar adamyň we raýatyň hukuklaryna, azatlyklaryna we borçlaryna degişlidir. Hususan-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 17-nji maddasynda ilkinji gezek: «Döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär» diýlip beýan edilýär. Raýat jemgyýetiniň maksatlary has wajyp meseleleri çözmek üçin raýatlaryň, jemgyýetçilik birleşikleriň, döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň bähbitlerini ylalaşdyrmaga gönükdirilendir. Agzalan maksada ýetmek üçin raýatlar hem-de jemgyýetçilik birleşikleri döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, dürli raýat başlangyçlaryny öňe sürýärler hem-de goldaýarlar. Mundan başga-da, raýatlar Konstitusiýanyň, kanunlaryň taslamalaryny, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki has möhüm meselelerini ählihalk ara alyp maslahatlaşylmagyna gatnaşýarlar. Bu bolsa, öz gezeginde, işleriň dürli çygyrlarynda şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini sazlaşdyrmaga hyzmat edýär.

Konstitusiýanyň 35-nji maddasynda hem ilkinji gezek: «Adam diňe kanunda bellenilen tertipde kazyýet tarapyndan günäli diýlip bilnen we iş kesilen halatynda jenaýat jezasyna sezewar edilip bilner», 36-njy maddasynda: «Hiç kim şol bir jenaýat üçin gaýtadan jenaýat yzarlaýşyna sezewar edilip we oňa iş kesilip bilinmez», 40-njy maddasynda bolsa: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar» diýlip bellenilýär.

Mundan başga-da, Konstitusiýanyň 48-nji maddasyna laýyklykda, hususy eýeçilik hukugy kanun bilen goralýar, şeýle hem miras hukugy kepillendirilýär. Esasy Kanunyň 49-njy maddasynda bolsa ilkinji gezek mejbury zähmet we çaga zähmetiň ýaramaz görnüşleriniň gadagandygy bellenilýär.

Konstitusiýada döwlet häkimiýetiniň bölünişine, onuň institutlaryna, ygtyýarlyklaryna täze mazmun berilýär. Döwlet häkimiýetiň şahalarynyň özara gatnaşyklaryna, olaryň her biriniň hakyky tutýan orny beýan edilýär. Mysal üçin, Konstitusiýanyň «Türkmenistanda döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy» atly III bölüminde kazyýet häkimiýeti baradaky bap «Türkmenistanyň Mejlisi» hem-de «Ministrler Kabineti» baplardan soň ýerleşdirilendir. Munuň özi döwlet häkimiýetiň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlere bölünişiniň hakyky hukuk many-mazmunyna gabat getirilendigini görkezýär. Esasy Kanunyň 66-njy maddasyna görä, Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýarlar. Mundan başga-da, Konstitusiýada ilkinji gezek Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlamak hakynda teklip girizmek ýaly ygtyýarlyklar degişli edildi. Konstitusiýanyň düzgünlerinden ugur alnyp, 2016-njy ýylyň 23-nji noýabrynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi hem-de 2017-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň mejlisinde adalatçy saýlanyldy.

Türkmenistanyň  Konstitusiýasy    durmuşyň, kanunçylygyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýar we adamzat paýhasynyň, şeýle hem dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň ýolunda ädilen möhüm ädimdir. Esasy Kanunymyz döwletimiziň ösüşiniň syýasy-hukuk binýady, şeýle hem adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili bolup çykyş edýär.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary özünde jemleýän özgertmeler syýasaty batly depginde amala aşyrylýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara giňişliginde döredijilikli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmak üçin adam hukuklary, şeýle hem Gender deňhukuklylygy üpjün etmek babatynda Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Konstitusiýa adamyň we raýatyň hukuklarynyň many-mazmunyny çuňlaşdyrýar, olaryň ösmeginde we kämilleşmeginde esasy binýat bolup çykyş edýär.

Döretmek we amala aşyrmak ýoly bilen okgunly öňe barýan türkmen halkynyň her bir güni üstünliklere beslenýär. Esasy Kanunda häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň esaslary beýan edilýär. Şeýle hem Konstitusiýa ýurdumyzyň halkara bileleşigine deňhukukly agzalygyny berkidýär, umumadamzat gymmatlyklaryny we hemmeler tarapyndan ykrar edilen halkara ýörelgelerini ykrar edýär, milli döwlet gurluşynyň hukuk esaslaryny beýan edýär.

Döwlet häkimiýet ulgamynda ýerli häkimiýete wajyp orun berildi. Ýerli häkimiýet demokratiýanyň binýady bolup, halk tarapyndan özüne degişli edilen häkimiýeti özbaşdak amala aşyrýan häkimiýetiň görnüşidir. Konstitusiýada ilkinji gezek halk maslahatlaryň ygtyýarlyklary beýan edildi. Hususan-da, halk maslahaty ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşýar, ýerli býujeti we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklaýar, kanunylygyň berjaý edilmegine we jemgyýetçilik tertibiniň goralyp saklanmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, Konstitusiýa laýyklykda, halk maslahaty ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek çygrynda amala aşyrylýan işler barada ýerli ýerine ýetiriji edaralaryň ýolbaşçylarynyň habarlaryny diňleýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna «Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy» atly täze bölüm girizildi. Bu bölümde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgesine esaslanýandygy beýan edilýär. Döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi bellenilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň milli pul birliginiň manatdygy barada ykrar edilýär.

Türkmenistanyň Esasy Kanuny 25 ýylyň dowamynda durnuklylygyň we milli ylalaşygyň kepili boldy we geljekde-de şeýle bolmagynda galýar. Geçen ýyllarda Türkmenistanda häzirki zaman döwletliligiň, bazar ykdysadyýetiniň kanunçylyk esaslary döredildi. Köp ýyllaryň dowamynda halkara bileleşiginde Türkmenistan özüni demokratik, hukuk, dünýewi we hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar etdi we tanatdy. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna biragyzdan kabul edildi. Şol döwürden başlap, biziň döwletimiz halkara bileleşigiň deňhukukly subýekti bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň diňe bir halkara hukugynyň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde däl, eýsem, ýurduň içindäki hukuk gatnaşyklaryny hem düzgünleşdirmekde halkara hukugyny ykrar etmek işinde öňe uly ädim ädendigini aýtmak gerek. Onuň içinden halkara hukugynyň ençeme kadalary eriş-argaç bolup geçýär. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapynda ykrar edilendigi barada, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Rezolýusiýalarynyň mazmunlary aýratyn maddada beýan edildi (2-nji madda). Konstitusiýanyň 9-njy maddasyna laýyklykda: «Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär». Esasy Kanunyň 25-nji maddasyna görä Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan Bitaraplyk we parahatsöýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz ähli dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary tarapyndan kabul edilýän örän wajyp resminamalarynda berkidilýändigi we ösdürilýändigi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle hem dünýäde energiýa howpsuzlygy we durnukly ulag meseleleri baradaky Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalaryny hem görkezmek bolar. Hut şu ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul edildi. Şoňa görä-de, 2017-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynda 12-nji dekabr «Halkara bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi. 2017-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistan 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji Geňeşine, şeýle hem 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy. Türkmenistanyň abraýly halkara guramalaryň düzümine saýlanylmagynyň özi döwletimiziň ösüp gelýän ýaş nesle, çagalaryň saglygyna, olaryň bilim almaklaryna, çaga we ýetginjek sportunyň ösmegine, döwletimizde çaganyň hukuklarynyň doly we hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine ýardam berýär. Bu wakalar Türkmen döwletiniň dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen daşary syýasatymyzyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz barha ösýär, özgerýär. Munuň şeýledigini halk hojalygynyň pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet we beýleki ugurlarda gazanylýan netijeler, ähli ulgamda ýetilýän sepgitler aýdyň subut edýär. Şoňa görä-de, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ynsanperwer syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýan toplumlaýyn özgertmeleriň çäginde ýurtda Gender deňhukuklylygyny ilerletmek boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmegi esasynda ýurduň ähli raýatlarynyň mynasyp durmuşda-ýaşamagyny üpjün etmek üçin zerur bolan şertler döredilýär.

Konstitusiýa ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda uly hem wajyp wakadyr, şeýle hem onuň döwlet gurluşy üçin uly ähmiýeti bolup, özünde soňky ýyllarda ýurdumyzda bolup geçen üýtgetmeleri jemleýär. Konstitusiýanyň esasy wezipeleri milli döwletliligiň demokratik we hukuk esaslarynyň ösmegini we kämilleşmegini üpjün etmekdir, milli taryhyň, halkyň däp-dessurlarynyň we aňyýetiniň hasaba alynmagy hem-de döwlet gurluşyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge, olaryň görnüşlerine durnukly häsiýet bermek we olary döwrebaplaşdyrmakdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasy biziň jemgyýetimiziň we döwletimiziň kämilleşmegine ýardam berýär. Demokratizasiýa prosesleri biziň ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň ösüşiniň ýagdaýynyň we derejesiniň, döwlet häkimiýetiniň we raýat jemgyýetiniň institutlaryny kämilleşdirmäge hem uly ýardam berýär.

Şeýlelik bilen, öz düýp manysy we mazmuny boýunça Türkmenistanyň Konstitusiýasy diňe bir öňdebaryjy demokratik döwletleriň ösüş tejribesini öz içine alman, eýsem, täze eýýamda Türkmenistanda toplanan tejribäni hem nazara alýar. Konstitusiýa türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň uzak möhletli ösüşiniň esasy ýörelgelerini beýan edýär. Geljekdede Esasy Kanunymyz Türkmenistanyň özygtyýarly we garaşsyz döwlet hökmünde mundan beýläk hasda pugtalanmagyna, möhüm durmuş-ykdysady özgertmeleriň geçirilmegine we tutuş ösüşine ýardam eder. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge yzygiderli üns berilmegi olarda jemgyýetçilik işjeňligine höwes döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy 25 ýylyň dowamynda biziň döwletimiziň ösüşini täze belentliklere göterdi, okgunly öňe barýan Garaşsyz döwletimizde syýasy asudalygy, halk bitewüligini mundan beýläk-de berkitdi. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kanunçylyk-hukuk kepili bolup çykyş edýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Konstitusiýasy ylmy gözlegleri geçirmegi, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň nazary esaslarynyň hem öwrenmegi, konstitusion hukugynyň düzgünlerine we bu babatda hereket edýän tejribelere seljeriş geçirmegini milli alymlardan we hünärmenlerden talap edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilmegi döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işiniň, şeýle hem olaryň iş tejribelerine hukuk ylmynda uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetiň ösüşiniň esasy bolup durýar. Bu gün hukuk we jemgyýetçilik durmuşynyň konstitusion-hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýan çäreler syýasy we ykdysady durmuşy demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetini kemala getirmek we ösdürmek, ýurdumyzy dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen demokratik döwletleriniň hataryna goşmak ýolunda Türkmenistanyň üstünlikli öňe gitmeginiň möhüm alamatyna öwrüldi. Geljek nesillerimiz üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň Esasy Kanuny hökmünde syýasy, jemgyýetçilik we hukuk ulgamlarynyň ösmegine, kämilleşmegine ýardam berjekdigi, şeýle hem kämilleşdirilen döwletiň we jemgyýetiň türkmen nusgasynyň binýady bolup çykyş etjekdigi barada hiç hili şübhe ýok.

Myrat HAITOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Milli merkeziniň baş hukuk gözegçisi,

ýuridik ylymlaryň doktory, professor,

Türkmenistanyň at gazanan ýuristi.

«Adalat» gazeti.

19.05.2017 ýyl.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.