2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

TÜRKMENISTANYŇ KАNUNY

I. 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 52-nji madda) 16-njy maddasynyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«1. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly Türkmenistanda zähmet ýa-da raýat-hukuk häsiýetli şertnama baglaşan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanda işlemäge rugsatnamasy bolmazdan, Türkmenistanyň çäginde zähmet işini amala aşyrýarlar, olara iş berijide işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gatnaşygy degişli edilmeýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=8866

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.