2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

I. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda, № 4, 76-njy madda; 2014 ý., № 1, 45-nji madda, № 2, 79-njy madda, № 4, 162-nji madda; 2015 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 104-nji madda, № 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., № 1, 6-njy, 29-njy we 62-nji maddalar, № 4, 140-njy we 162-nji maddalar) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 79-njy maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«79-njy madda. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan temmäki önümlerini çekmegiň gadagan edilmegi baradaky talaplaryň bozulmagy»

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan temmäki önümlerini çekmegiň gadagan edilmegi baradaky talaplaryň bozulmagy, ýagny;

1) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň jaýlarynda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda, harby bölümlerde we birikmelerde, söwda binalarynda, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, durmuş hyzmatlary edaralarynda, myhmanhanalarda;

2) medeniýet we bilim edaralarynyň jaýlarynda we çäklerinde, bedenterbiýe we sport, saglygy goraýyş we şypahana toplumlarynyň binalarynda;

3) demir ýol menzilleriniň, awtomenzilleriň, howa menzilleriniň, deňiz we derýa portlarynyň jaýlarynda, ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlary etmek üçin niýetlenen demir ýol menzilleriniň, awtomenzilleriň, howa menzilleriniň, deňiz we derýa portlarynyň jaýlarynyň girelgelerinden azyndan on bäş metr aralykda açyk howada, otlularda, gämilerde, howa gämilerinde we jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde, ýolagçy platformalarynda, awtomobillere ýangyç guýýan beketlerde;

4) seýilgählerde we seýil baglarynda, ýerasty geçelgelerde, plýažlaryň bolan çäkleriniň serhetlerinde we raýatlaryň köpçülikleýin barýan beýleki ýerlerinde;

5) köp öýli jaýlaryň liftlerinde we umumy peýdalanylýan jaýlarynda, çagalar meýdançalarynda temmäki önümleriniň çekilmegi - temmäki önümlerini, olary çekmek üçin niýetlenen gurallary muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.».

2. 328-nji maddanyň adyny we birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«328-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň wagyz edilmegi we bikanun mahabatlandyrylmagy

1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň wagyz edilmegi, şonuň ýaly-da olaryň bikanun mahabatlandyrylmagy - fiziki şahslara binýatlyk mukdarynyň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara — bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.».

3. 328-nji maddadan soň, şu mazmunly maddany goşmaly:

«3281-nji madda. Temmäki önümleriniň mahabatlandyrylmagy, sarp edilmeginiň höweslendirilmegi we olara hemaýatkärlik edilmegi

1. Temmäki önümleriniň sarp edilmegini azaltmak maksady bilen edilýän talaplaryň bozulmagy, ýagny;

1) temmäki önümleriniň islendik görnüşde we islendik keşpde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şeýle hem söwda ýerlerinde mahabatlandyrylmagy;

2) temmäki önümleriniň ilatyň arasynda mugtuna, şol sanda sowgatlar görnüşinde ýaýradylmagy;

3) temmäki önümleriniň bahasyna islendik usullarda indirimleriň ulanylmagy;

4) temmäki önümleriniň aýratynlaşdyrylmagy üçin, şeýle harytlar öndürilende temmäki önümleri bolup durmaýan harytlaryň beýleki görnüşleri üçin hyzmat edýän haryt nyşanynyň peýdalanylmagy, şeýle hem temmäki önümleri bolup durmaýan, ýöne olarda temmäki önümleriniň aýratynlaşdyrylmagy üçin hyzmat edýän haryt nyşanynyň ulanylan harytlarynyň lomaý we bölek söwdasy;

5) harytlaryň lomaý we bölek söwdasynda temmäki önümleri bolup durmaýan harytlaryň başga görnüşleri öndürilende temmäki önüminiň peýdalanylmagy we oňa meňzedilmegi;

6) gatnaşylmagynyň şerti temmäki önümleriniň edinilmegi bolup durýan ýa-da olarda temmäki önümleri baýrak hökmünde bellenilýän çäreleriň (şol sanda lotereýalaryň, bäsleşikleriň, oýunlaryň) guralmagy we geçirilmegi;

7) haýyr-sahawat işi amala aşyrylanda temmäki senagatyna (gurama) degişli firma atlarynyň, haryt nyşanlarynyň we hyzmat ediş nyşanlarynyň, şeýle hem täjirçilik belgileriniň ulanylmagy;

8) temmäki önümleri babatda hemaýatkärlik edilmegi - fiziki şahslara binýatlyk mukdarynyň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara — bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.».

4. 448-nji maddanyň birinji böleginde «328-nji» diýen sandan soň, «, 3281-nji» diýen sany goşmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=8855

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.