2018-nji "Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýyly!

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda»

I. 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda kabul edilen «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 70-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1. 1-nji maddada «raýatlaryň başlangyjy boýunça» diýen sözleri «Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan» diýen sözlere çalşyrmaly.

2. 3-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan döredilen jemgyýetçilik birleşiklerine degişlidir, dini guramalar, syýasy partiýalar, kärdeşler arkalaşyklary, şeýle hem döredilmeginiň we işlemeginiň tertibi ýörite kanunlar bilen kesgitlenýän täjirçilik guramalary tarapyndan döredilýän täjirçilik däl birleşmeleri we beýleki jemgyýetçilik birleşikleri muňa girmeýär.».

3. 4-nji maddada:

ikinji bölegi aýyrmaly;

üçünji we dördünji bölekleri degişlilikde ikinji we üçünji bölekler diýip hasap etmeli.

4. 5-nji maddanyň ikinji böleginde «Şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga ýagdaýlarda» diýen sözleri aýyrmaly.

5. 6-njy maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«1) raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa geçirmek we goramak;»

6. 8-nji maddanyň dördünji böleginde «we maksatnamalaýyn» diýen sözleri aýyrmaly.

7. 9-njy maddada:

bäşinji bölekde «dolandyryş-çäk birlikleriniň» diýen sözleri «welaýatlarynyň we welaýat hukukly şäherleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

altynjy bölekde «dolandyryş-çäk birlikleriň biriniň» diýen sözleri «welaýatlarynyň ýa-da welaýat hukukly şäherleriniň biriniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

8. 10-njy maddada:

adynda we birinji bölekde degişlilikde «we daşary ýurt döwletleriniň» we «we daşary ýurt» diýen sözleri aýyrmaly.

ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Halkara jemgyýetçilik birleşikleriniň gurluş düzüm birlikleri — guramalary, bölümleri (şahamçalary) we wekillikleri özleriniň işinde olaryň şu Kanunyň 19-njy maddasyna laýyklykda kabul edilen tertipnamalaryny gollanýarlar.».

9. 13-nji maddanyň ikinji böleginde «şeýle hem ýuridik şahslar — jemgyýetçilik birleşikleri» diýen sözlerden soň, «onuň agzalary» diýen sözleri goşmaly.

10. 14-nji maddanyň birinji böleginde «, syýasy» diýen sözi aýyrmaly.

11. 16-njy maddada:

birinji bölekde «we maksatnamalaryny» diýen sözleri aýyrmaly;

ikinji bölekde «raýatlaryň başlangyjy boýunça» diýen sözleri «Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan» diýen sözlere çalşyrmaly.

12. 20-nji maddada:

dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Halkara jemgyýetçilik birleşigini bellige almak üçin şu maddanyň üçünji böleginde sanalyp geçilen resminamalardan başga-da, onuň tertipnamasyna laýyklykda gurluş düzüm birliginiň — guramasynyň, bölüminiň (şahamçasynyň), wekilliginiň daşary ýurt döwletlerinde döredilenligini tassyklaýan resminama zerurdyr.»;

bäşinji bölegi aýyrmaly;

altynjy, ýedinji, sekizinji, dokuzynjy we onunjy bölekleri degişlilikde bäşinji, altynjy, ýedinji, sekizinji we dokuzynjy bölekler diýip hasap etmeli.

13. 26-njy maddada:

birinji bölekde:

5-nji bentde «, şeýle hem beýleki raýatlaryň» diýen sözleri aýyrmaly;

8-nji bendi aýyrmaly;

ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylyp bilner.».

14. 29-njy maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinde «we býujet» diýen sözleri aýyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=8860

 

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.