Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENDI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň jemleýji ýyly bilen agzybir türkmen halkymyz uly dabara hem şowhun bilen hoşlaşdy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrap birleşmesi tarapyndan Garaşsyzlyk etrabynyň «Iki dogan» toý mekanynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şatlyk-şagalaňa beslenen çäre geçirildi.

Bu dabaraly çärä edara-guramalaryň agzalary, jemgyýetçilik guramalary, il sylagly ýaşulular, mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler tamamlanan Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda tutuş ýurdumyzda, şol sanda uly zähmet ýeňişleriniň gazanylandygyny buýsançly nygtap, Täze ýylda hem külli türkmen iline rowaçlyk, öý-ojaklara rysgal-bereket arzuw etdiler. Soňra etrabyň ussat aýdymçy-sazandalarynyň, folklor, tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly we joşgunly tanslary il agzybirliginiň, eşretli zamanamyzyň, bosagadan ätlän Täze ýylyň waspy bolup ýaňlandy.

Dabara gatnaşanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garaşsyzlyk etrap birleşmesi tarapyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Dinara ROZYBAÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Lebap welaýat Garaşsyzlyk etrap birleşmesiniň hünärmeni.

10.01.2017 ýyl.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.