Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

ALKYŞYMYZ ÇÄKSIZDIR

Şanly wakalara baý bolan 2016-njy ýyl ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Paýtagtymyzda we şäherlerimizde täze ýaşaýyş jaýlarynyň, welaýatlarymyzda, etraplarymyzda döwrebap obalaryň, şäherçeleriň açylyp ulanylmaga berilmegi, Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň geçirilmegi, Aziýa Halkara demir ýolunyň Atamyrat — Ymamnazar — Akina böleginiň açylmagy, Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi we beýleki şanly wakalar ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny ýene-de bir mertebe belende göterdi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylyň hem şeýle şanly günlere baý boljakdygyny ynam bilen aýdyp bileris. Paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak sport baýramçylygyna öwrüler.

Maliýe ulgamynda guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Ähli görnüşlerdäki hasaplaşyklaryň kart ulgamyna geçilmegi esasy özgertmeleriň biridir. Plastik kartlar raýatlarymyza dürli görnüşlerdäki hasaplaşyklarda mümkinçilikleriň uly toplumuny hödürleýär. Onuň artykmaçlyklary häzirki wagtdan başlap aýdyň ýüze çykyp başlady. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, dekabr aýynda ilat bilen hasaplaşyklar doly geçirildi. Üstümizdäki aýdan başlap, raýatlarymyz aýlyk we talyp haklaryny, pensiýalary we kömek pullaryny 10 göterim artdyrylan görnüşde alyp başlarlar. Aýlyk zähmet haklarynyň, talyp haklarynyň we kömek pullarynyň her ýylda 10 göterim artmagy ýurdumyzyň durnukly ykdysady kuwwatyndan habar berýär.

Döwletli Diýarymyzda alnyp barylýan şeýle işler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň durmuşa geçýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ildeşlerimiziň Gahryman Arkadagymyza alkyşy çäksizdir. Berkarar Diýarymyzyň bedew batly ösüşleriniň dowamat-dowam, Arkadag Prezidentimiziň jany sag, işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Jennet GULMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň

Ahal welaýat şahamçasynyň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.

10.01.2017 ýyl.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.