Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ ÝURDY

Dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň ýurdy hökmünde giňden tanalýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bu gün syýasy, ykdysady we medeni ösüşleri başdan geçirýär. Ýurdumyzyň saglyk ulgamyna berilýän üns döwlet derejesindäki alada öwrüldi. Berkarar döwletimizde saglygy goraýşy düýpli özgertmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, täze, sagdyn durmuş endiklerini ornaşdyrmak maksady bilen, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarda, häzirki zaman saglygy goraýyş merkezleri gurulýar. Bu işleriň ählisi, halkymyzyň sagdyn, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Türkmen gadymdan bäri sagdynlygyň gadyryny bilýän, sagdyn durmuşa sarpa goýýan halkdyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Diňe ruhy we beden taýdan sagdyn millet kuwwatly, gülläp ösýän döwleti gurmak ýolundaky ägirt uly işleri üstünlikli berjaý etmäge ukyplydyr». Döwletiň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakda aladalar döwlet Baştutanymyzyň «Döwlet adam üçindir» diýen baş ýörelgesiniň esasyny düzýär.

2015-nji ýylyň 16-njy iýulynda täze «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi halkymyzyň durmuşynda çäksiz guwandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen, 2016-njy ýylda Halkara Kardiologiýa Merkeziniň durky üýtgedilip, Halkara newrologiýa merkezi, Morfologiýa merkezi, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş ýaly merkezleriň täze binalary gurlup ulanylmaga berildi. Bu saglygy goraýyş edaralarynyň giňeldilmegi we kämilleşdirilmegi netijesinde, olarda edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işlerine hem uly ähmiýet berýär. Olaryň jemgyýetimizde bitirýän wajyp hyzmatlaryny nazara alyp, oňaýly şertlerde zähmet çekmekleri üçin ähli amatly bilen üpjün edýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň guramalary hem özleri üçin döredilýän şertlerden peýdalanyp, ýurdumyzda bellenilýän milli baýramçylyklar mynasybetli medeni-köpçülik we sport çärelerini yzygiderli guraýarlar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde guramagynda, Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen çäreleri, sport ýaryşlaryny we «Iň göreldeli lukman», «Şepagat uýasy» atly bäsleşikleri mysal getirmek bolar.

Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy döwletimizde hereket edýän kanunlaryň ähli saglygy goraýyş edaralarynda, kärhanalarynda we guramalarynda gyşarnyksyz berjaý edilişine, raýatlaryň hukuk medeniýetni ýokarlandyrmak boýunça düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini geçirmäge öz goşandyny goşýar. Pudagyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň agzalarynyň we olaryň çagalarynyň medeniýetli dynç almagy hem-de saglyklaryny berkitmegi üçin ýurdumyzyň şypahanalaryna, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gökderedäki we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky ulular hem-de çagalar üçin niýetlenen sagaldyş merkezlerine ýeňillikli ýollamanamalar bilen üpjün edýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň hukuk goraýjylyk hereketiniň ugurlarynyň biri hem hukuk biliminiň köpçülige ýaýradylmagy we kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriň işjeňleriniň okadylmagy bolup durýar. Şonuň üçin hem kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklaryny we saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenlerini kärdeşler arkalaşyklarynyň okuw-maslahatlarynda hukuk meseleleri boýunça okatmak işi alnyp barylýar. Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinde hereket edýän kärdeşler arkalaşygynyň hünärmenleri we işjeňleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwyny guramagy meýilleşdirýär. Şol okuwda kärdeşler arkalaşyklarynyň maliýe, hukuk, zähmet howpsuzlygy, guramaçylyk we beýleki işleri öz içine alýan okuw maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, täze 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilmegi hem halkymyz üçin buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şu ýylda ýurdumyzyň şan-şöhratyny belende göterjek beýik işler amala aşyrylar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Bu möhüm sport wakasyna ýurdumyzda görülýän taýýarlyk işleri türkmenistanly türgenleriniň ajaýyp üstünlikler bilen halkymyzy begendirjekdigine bolan ynamyňy artdyrýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ählitaraplaýyn üstünlikler gazanylýar. Mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, gözel ýurdumyzyň gülläp ösüşleriniň dowamaty dowam bolsun!

Mamajan GARLYÝEWA,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň

kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

10.01.2017 ýyl.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.