Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

FUTBOL BÄSLEŞIGI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, bedenterbiýe we sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Munuň özi ýerlerde yzygiderli çäreler bilen has-da işjeňleşdirilýär.

Ýakynda Altyn asyr etrabynyň sport mekdebinde edara kärhanalaryň hem-de daýhan birleşikleriniň gatnaşmaklarynda «Sport saglygyň açary» diýen at bilen futbol ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşa Sport mekdebiniň «Sport» topary, “Tejen” daýhan birleşiginiň «Bereket» topary, etrap bilim bölüminiň «Ýaşlar» topary, etrap hassahanasynyň «Saglyk» topary we birnäçe höwesjeň toparlar gatnaşdylar.

Ýaryşyň ahyrynda birinji ýeri Sport mekdebiniň «Sport» topary, ikinji ýeri etrap bilim bölüminiň «Ýaşlar» topary, üçünji ýeri Tejen daýhan birleşiginiň «Bereket» toparlary eýelediler. Ýeňiji bolan toparlara Altyn asyr etrap Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ataguly MÄLIKGULYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap birleşmesiniň başlygy.

05.01.2017 ýyl.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.