Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY

Eziz watandaşlar!

Mähriban halkym!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly tamamlanyp barýar. Biz il-ýurt bähbitli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde ýokary netijeler gazanylan 2016-njy ýyl bilen hoşlaşyp, ata Watanymyzy täze belentliklere çykarjak 2017-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýarys.

Täze ýyl Gündogar müçenamasy boýunça takyk ýyly. Towuk türkmenlerde ýedi hazynanyň biri hasaplanýar. Goý, takyk ýyly her bir maşgala abadançylyk we rysgal-döwlet getirsin!

Berkarar Watanymyzy ösdürmekde, milli gymmatlyklarymyz y baýlaşdyrmakda 2016-njy ýylda hem tutumly işler amala aşyryldy. «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasaty alyp barýan berkarar döwletimiziň ykdysadyýetini ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga itergi berjek köpsanly iri desgalar guruldy.

Biz geçen ýyl paýtagtymyz Aşgabatda Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumyny, Halkara howa menzilini, «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň «Paýtagt» dolandyryş merkezini, birnäçe lukmançylyk merkezlerini, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda mebel toplumyny, Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginde Aba Annaýew obasyny, Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini ulanmaga berdik.

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky, Lebap welaýatynyň Garabekewül we Mary welaýatynyň Mary etraplarynda döwrebap obadyr şäherçeleri dabaraly ýagdaýda açdyk. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem täze kottejler toplumyny, ýaht-kluby we bäş ýyldyzly myhmanhanany ulanmaga berdik.

Ýaňy-ýakynda bolsa iri desgalaryň ýene-de birini Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry bolan Atamyrat — Ymamnazar — Akina bölegini işe girizdik. Türkmeniň bereketli topragynda tebigy baýlyklaryň egsilmez gorlary bar. Biz bu baýlyklary halkymyzyň bähbidine, bütin adamzadyň hatyrasyna gönükdirmäge çalyşýarys.

Merdana daýhanlarymyz hem tamamlanyp barýan ýylda gallanyň we pagtanyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý, 1 million 100 müň tonnadan hem köp «ak altyn» tabşyrdylar.

Telekeçiler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşýarlar. Daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan we beýleki döwletlere iberilýän, bäsleşige ukyply önümleriň önümçiligini barha ösdürýärler. Biz geljekde hem ykdysadyýetimiziň bu ulgamyny höweslendirmäge, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly üns bereris.

Eziz watandaşlar!

Mähriban halkym!

Geçip barýan ýylda ýurdumyzyň saglyk ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarjak giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Häzirki zaman hassahanalary we saglyk merkezleri guruldy.

Geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermek, olaryň beden taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerini gazanmak hem örän möhüm wezipeleriň biridir. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzda netijeli işler alnyp barylýar.

Ylmy ösdürmek, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak halk hojalygyny ösdürmegiň netijeli usuly bolup durýar. ХХI asyr — ylym asyry hasaplanýar. Sebäbi, döwleti ösdürmek ylmy ösdürmek bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, biz ylmy-tehniki we innowasion maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris.

Bedenterbiýe we sport ulgamy boýunça hem geçen ýyl ýurdumyzda düýpli işler amala aşyryldy. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri biziň tagallalarymyzyň ýerine düşýändigini aýdyň görkezýär. Biz sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek boýunça geçirýän işlerimizi geljek ýylda has-da giňelderis.

Nesip bolsa, täze ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Bu Oýunlary ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek boýunça alyp barýan işlerimizi hem güýçli depginde dowam ederis.

Geçip barýan ýyl Bitarap döwletimiz üçin halkara hyzmatdaşlygynda hem örän netijeli boldy. Berkarar Watanymyz indi bäşinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlandy. Türkmenistanyň bu abraýly Guramanyň ençeme ýöriteleşdirilen edaralaryna we komissiýalaryna, ýaňy-ýakynda bolsa Energetika Hartiýasynyň Başlyklygyna saýlanmagy halkymyz we döwletimiz üçin örän uly mertebedir.

Bu mysallar bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň, netijeli daşary syýasaty alyp barýandygynyň aýdyň mysalydyr. Biz ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Birleşen Milletler Guramasy bilen hemişe netijeli gatnaşyklary ösdüreris.

Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny ýokary derejede geçirdik. Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasy rejelenen görnüşde kabul edildi. Biz Esasy Kanunymyza laýyklykda, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gideris, il-ýurt bähbitli işlerimizi täze ýylda hem üstünlikli alyp bararys. Raýatlarymyzyň azatlyklaryny we hukuklaryny üpjün ederis.

Hormatly watandaşlar!

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda medeniýeti ösdürmek, milli mirasymyzy baýlaşdyrmak boýunça hem netijeli işler amala aşyryldy. Biz Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirdik. Bu çäreler asyrlardan gözbaş alýan ruhy mirasymyzyň hem-de milli medeniýetimiziň özboluşly baýramyna öwrüldi. Nesip bolsa, täze ýyl Medeniýet hepdeligini gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçireris.

Bitarap döwletimiziň medeni syýasaty dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekden, medeni hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr. Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň, ýurdumyzda dostlukly döwletleriň Medeniýet günleriniň geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türki dilli döwletler bilen doganlyk gatnaşyklarymyzyň gerimi hem barha giňelýär. Şu ýyl ýurdumyzda geçirilen çärelere doganlyk döwletleriň wekilleri, türki dilli ýurtlarda geçirilen çärelere bolsa, sungat ussatlarymyz işjeň gatnaşdylar. Biz bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdüreris.

Hormatly adamlar!

Men ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alýan 2017-nji ýylymyzyň hem uly ösüşleriň, ruhubelentligiň we üstünlikleriň ýyly boljakdygyna berk ynanýaryn. Täze ýylda il-ýurt bähbitli maksatnamalarymyzy, uly tutumlarymyzy amala aşyrmakda mähriban halkymyň yhlasly we tutanýerli zähmetine bil baglaýaryn.

Nesip bolsa, 2017-nji ýylda biz Ýaşulularyň maslahatyny Ahal welaýatynda geçireris. Pähim-paýhasly ýaşulularymyz bilen ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň aýdyň ýoluny görkezjek döwletli maslahat ederis. Öňde duran möhüm wezipelerimizi kesgitläris.

Ýaşulularyň şu ýyl Aşgabatda geçirilen maslahatynda belleýşim ýaly, 2017-nji ýyl uly taryhy wakalara beslener. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary şol wakalaryň arasynda örän möhüm ähmiýete eýe bolar.

Saýlawlara ilkinji gezek syýasy partiýalaryň üçüsiniň, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Agrar partiýasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gatnaşmagy onuň ýokary derejede bäsleşikli geçmegini üpjün eder. Men Prezident saýlawlarynyň biziň raýatlarymyzyň durmuş-syýasy işjeňligini we kämilligini has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn!

Her ýylda bolşy ýaly, biz Täze ýylda hem mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselesine aýratyn üns bereris. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini ýene-de köpelderis.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Şu ýyl biz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny uly dabaralara besläp, giňden belläp geçdik. Ýurdumyz çärýek asyryň içinde müňýyllyklara barabar ýol geçdi. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwletleriň biri hökmünde dünýäde ykrar edildi.

Hormatly watandaşlar!

Ýene sanlyja minutlardan biz Täze ýyla gadam basarys. Goý, 2017-nji ýyl ata Watanymyz we mähriban halkymyz üçin asudalygyň hem-de abadançylygyň, rowaçlyklaryň we üstünlikleriň ýyly bolsun!

Täze ýylda size berk jan saglyk, halal ojaklaryňyza agzybirlik we rysgal-bereket arzuw edýärin!

Täze 2017-nji ýylyňyz gutly bolsun, eziz watandaşlar!

«Watan» gazeti.

01.01.2017 ýyl.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.