Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

ERKANA ÇAGALAR ŞADYÝAN ÝAÝNAÝAR

Gözel Gökdere «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň, «Şöhle» dynç alyş we sagaldyş merkezi. Uly girelgedäki derwezeden ätländen ilki bu jelegaýlaryň täsin gözelligi, gelşigi şaglap akyp ýatan, jülgäni parran bölüp geçýän çeşmä nazaryň düşýär. Üsti garly keremli daglaryň durkunda bu täsin tebigy çeşmäniň aýratyn orny bar.

Suw nirede bolsa ýaşaýyş hem şotaýda. Çeşmäniň iki gapdaly bilen saýaly we miweli baglar uzalyp gidýär. Häzir gyş günleri bolansoň ol baglar ak begres geýipdir, üstüni gyraw örten agaçlar, otly meýdançalar juda owadan görünýär. «Şöhläniň» tämiz meýdançalaryny, tebigy we soň ekilen baglaryny arassa dag howasyndan dem alyp synlap durşumyza gyş günleriniň gözelliginm ýaz paslyndakydan pes däldigini duýýarsyň.

Bizi «Şöhle» dynç alyş we sagaldyş merkeziniň müdiri Ýakup Hojagulyýew hormat bilen garşy aldy. Ol bize okuwçylaryň «Şöhlede» örän netijeli we medeniýetli dynç alýandygyny, ähli şowhunly, sport, medeniýet-sungat, sport çäreleriniň meýilnama laýyklykda ýokary derejede guramaçylykly geçirilýändigini, gumaklaryň hereket edýändigini, bäsleşikleriň geçirilýändigini, ýazyjy-şahyrlar, artistler bilen duşuşyklaryň guralýandygyny we olaryň zehinli ýaşlara, maslahat berýändigini gysgaça habar berdi.

Biziň baran günümiz «Şöhlede» «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitçi», «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Çeşme», «Nesil», Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» sagaldyş we dynç alyş merkezleri myhmançylykda eken. Çagalar ilki kinozalda gyzykly çeper filme tomaşa etdiler. Soňra hereketli oýunlaryň bäsleşigi we Täze ýyl arçasynyň töwereginde şowhunly dabaralar dowam etdi. Medeni çäre we sport bäsleşigi Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Ruhabatgurluşyk» ýöriteleşdirilen gurluşyk kompaniýasynyň guramaçylygynda geçirildi.

«Şöhläniň» müdiri mamla. Çagalar juda gowy dynç alýardy. Olar şadyýandy, bigamdy. Daş-töwerek toýhanany ýatladýardy.

Biz Aşgabatdan çykyp Gökderä gaýdanymyzda şäherde howa goýy ümürdi. Ol diýen sowuk bolmasa-da, dumanly howa mahsus ygal çalaja çisňäp durdy. Bärde jülgede welin, «Ýer ala, ýurt ala» diýilşi ýaly parlap Gün çykyp dur.

Dynç alyş merkezlerinde gyş döwründäki aýratynlyk çagalar wagtynyň köpräk bölegini içerde geçirýär. Ähli amatly şertler döredilen merkezlerde dynç alýanlara medeniýet köşgüniň içinde hemme mümkinçilikler bar. Kompýuter, küşt, şaşka, tikinçilik, aýdym saz, tans, folklor, drama gurnaklary ýörite hünärmenleriň we terbiýeçi mugallymlaryň gözegçiliginde işleýär. Sport, kino zallar, kitaphana hemmelere, ýagny körpelere-de, ýetgnjeklere-de elýeterli. Her bir toparyň meşgullanmaly gurnagy, sport türgenleşigi, wagt çägi bilen kesgitlenilen. Bu düzgün çagalar şähere we onuň eteklerine syýahata äkidilende, beýleki dynç alyş merkezlerine duşuşyga, bäsleşige gidenlerinde hem berjaý edilýär. «Şöhlede» çaga dünýäsinden oňat baş çykarýan tejribeli hünärmenler zähmet çekýär. Dynç alyş merkeziniň ýolbaşçysynyň bize beren maglumatyna görä, uly mugallym Röwşen Ataýew, guramaçy Amangözel Kişiýewa, terbiýeçi mugallymlar Züleýha Ataballyýewa, Annabagt Baýhanowa, Ogulbahar Taňrygulyýewa, Güljeren Orazberdiýewa, Öwez Bekdurdyýew dagynyň çekýän asylly zähmeti, hünärine höwesli we yhlasly, janypkeşligi has-da öwgä mynasypdyr.

Çagalaryň gyşky dynç alyş möwsüminiň täze ýylyň şagalaň-şowhuny ýetik dabaralaryna gabat gelmegi olaryň wagtynyň diýseň täsirli geçmegine, ýatda galyjy pursatlara baý bolmagyna getirýär. Beýleki dynç alyş merkezlerinde bolşy ýaly, «Şöhläniň» çagalary Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynyň Aşgabat şäherinde geçirilen täze ýyl baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Olar «Älem» medeni-dynç alyş merkezine, «Aşgabat», «Ylham», «Garaşsyzlyk» seýilgählerinde, muzeýlerde we beýleki gözel ýerlere syýahat etdiler, kinokonsert, drama we beýleki sungat ojaklarynda aýdym-saz çykyşlaryna, çeper filmlere, sahna oýunlaryna tomaşa etdiler.

«Şöhlede» dynç alýan çagalaryň her güni ajaýyp döwrümize mahsus şatlykly pursatlara pürepür. Ýaşlaryň dynç alşy, gurnaklara gatnaşyşy bilen tanyşýan pursatlarymyz dag etegindäki ajaýyp künjekde geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri yglan edildi. Ýaryşlaryň jemleniş tapgyrynda toplumyň kärdeşler arkalaşygynyň (KA-nyň) başlygy S.Ataberdiýew, KA-nyň wekilleri G.Seýtiýew, E.Kurbanberdiýewa, «Ruhabatgurluşyk» ýöriteleşdirilen gurluşyk kompaniýasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy T.Ýazlyýew dagy ýeňijileri gutlap olara üstünlik arzuw etdi. Soňra guramaçylar tarapyndan zehinli ýaşlara Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy, şeýle-de «Şöhläniň» we bu ýere myhmançylyga gelen dynç alyş merkezleriniň ähli çagalaryna täze ýyl süýji-köke nygmatlaryndan doly sowgatlyk bukjalar paýlanyldy.

Günüň ýarymyny netijeli, deň-duşlary bilen gülüp-oýnap, ýaryşyp geçiren çagalar hatar gurap günorta naharyna ugrady. Günüň ilkinji ýarymynda umumy dynç alyşlykdan soňra ýene-de çagalara täsirli döredijilik duşuşyklary, gyzykly oýunlar Gökderäniň gözel agşamynyň aýdym-saz, tans konserti garaşýardy.

Goý, jandan eziz ýurdumyzyň bagtyýar çagalary mydama şadyýan ýaýnasyn!

“Nebit-gaz” gazeti.

10.01.2017 ý.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.