Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

TÄZE ÝYL – ARZUWLARYŇ BAÝRAMY

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýaşaýyş-jemagat hojalyk kärhanasy we onuň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Täze ýyl — ýagşy umytlaryň we arzuwlaryň baýramy» atly çäre geçirildi. Nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda görnükli meýdançada ýerleşdirilen baýramçylyk arçasynyň ýanynda guralan çärä dürli ugurlarda zähmet çekýän nebitgazçylar, ýetginjekler we çagalar hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

Nebitgaz toplumynyň her bir dabarasyny gyzykly we şowhunly sowýan «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlary uludan tutulan dabarada baýramçylyk mynasybetli ýörite taýýarlanan konsert bilen çykyş etdiler. Konsertde çykyş eden estrada ýyldyzlary Ogulgerek Gurbanowanyň, Töre Şabasanowyň, Myrat Aşyrowyň, Gözel Annamuhammedowanyň ýerine ýetiren şirin aýdymlary adamlaryň ruhuny galkyndyryp, tans meýdançasynyň şowhunyny artdyrdy.

Aşgabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler köşgüniň ýaş zehinleri hem ol gün nebit-gazçylaryňkyda myhmançylykda boldy. Zehinli ýaşlaryň köşgünden gelen çeper höwesjeňler aýdym-sazlary, çeper okaýyşlary, tanslary gowy ýerine ýetirip diňe çagalaryň däl-de, eýsem, ulularyň hem göwnüni awlamagy başardylar.

Ine-de, çykyş etmek nobaty A.S.Puşkin adyndaky Rus drama teatrynyň sahna ussatlaryna ýetýär. Olar çagalar üçin jadyly ertekiler dünýäsinden parçalary, Aýazbabadyr Garpamygyň durmuşyndan gyzykly hekaýatlary janlandyrdylar we çagalar üçin birnäçe oýunlary sahnada görkezdiler.

Çäräniň ahyrynda guramaçylar tarapyndan hemmeler ýene-de bir gezek Täze ýyl bilen gutlanyldy we çärä gatnaşan ähli çagalara baýramçylyk sowgatlary paýlanyldy.

“Nebit-gaz” gazeti.

10.01.2017 ý.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.