Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

DÖWRÜŇ TALAPLARYNDAN UGUR ALYP

Pähim-parasady umumadamzat ykrarnamasyna eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň görkezmelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri bolup durýar. Çünki hormatly Prezidentimiz mähriban diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynda gazanylýan üstünlikleriň öz mynasyp dowamyny tapmagy üçin taýsyz tagallalary edýär. Bu atalyk alada mynasyp iş bilen jogap bermegi maksat edinýän «Türkmennebitgeofizika» müdirligimiziň hünärmenleri täze-täze sepgitlere ynamly gadam urýarlar.

Milli Liderimiziň taýsyz sahawaty netijesinde häzirki zaman dünýäsiniň öňdebaryjy önümçilikleriniň iň kämil enjamlarydyr tilsimatlaryna eýe bolup, olara başarjaňlyk bilen erk edýän kärhanamyzyň geofizikleri diňe bir şu ýylyň geçen hasabat döwründe bellenilen meýilnama goşmaça 5,7 million manatlykdan hem köp işleri özleşdirmegiň hötdesinden geldiler. Ýeri gelende aýtsak, berkarar Watanymyzyň çäklerindäki ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagy «Türkmennebitgeofizika» müdirligimiziň hünärmenleriniň netijeli zähmetinden üzňe göz öňüne getirmek bolmaz. Nebitgazly ojaklardaky gazylan we burawlaýyş işleri alnyp barylýan guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek, takyklanylan gatlaklarda, zerur bolan halatynda, partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmasyz işleriň onlarçasy hut biziň kärhanamyzyň geofizikleri tarapyndan ýerine ýetirilýär. Has takyk kesgitlemeleri talap edýän bu möhüm işlerde müdirligimiziň Balkanabatdaky laboratoriýalary, şeýle hem milli Liderimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren ýöriteleşdirilen kuwwatly awtoulaglarda oturdylan kämil barlaghanalary talabalaýyk ulanylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz aladasy netijesinde, soňky bäş-alty ýylyň dowamynda müdirligimiz ýurduň nebitgaz toplumynyň iň täze tehnologiýalary ulanyp, möhüm işleri geçirip bilýän häzirki zaman kärhanasynyň derejesine göterildi. Müdirligimiziň garamagyndaky Ekerem we Hazar önümçilik geofiziki ekspedisiýalary, nebitgaz känlerini göni usullarda barlaýan önümçilik geofiziki ekspedisiýasy, nebitgaz känlerinde barlag-gözegçilik boýunça önümçilik geofiziki ekspedisiýasy, ýokary tehnologiýa enjamlary özleşdirýän ekspedisiýa,

geofizika kompýuter tehnologiýasy ekspedisiýasy, karataž tehnikalary we guýy geofiziki enjamlaryny abatlaşdyryş ýaly beýleki gulluklar bu wezipelere hötde gelmeklige doly mümkinçilik berýär.

Gazanylýan üstünlikleriň mynasyp dowamatyny tapmagy üçin öz düzümine müňe golaý dürli wezipedäki işgärleri jemleýän müdirligimiziň Kärdeşler arkalaşygy guramasy hem irginsiz alada edýär. Geofiziklerimiziň arasynda yzygiderli geçirilýän hünär bäsleşiklerimiz, tehniki howpsuzlyk boýunça geçirýän çärelerimiz, wagyz-ündewlerimiz özüniň oňyn netijelerini berýär. Guramamyzyň işjeň agzalary bolan karotažçylar Garberdi Baýramberdiýew, Atageldi Guljanow, topar ýolbaşçylary Mihail Çerkasow, Wladimir Potýomkin, Akjagül Setdarowa, geofiziki maglumatlary teswirleýän ekspedisiýanyň baş geofizigi Maral Täçmämmedowa dagy her bir işde kärdeşlerine görelde bolmagy başarýarlar.

Geçen ýyl özleşdirilen işleriň umumy möçberi 65 million 772 müň manatlyga deň boldy. Bu ajaýyp görkeziji gürrüňi edilýän döwür üçin bellenilen meýilnamanyň 114,1 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Önümçilik tabşyryklarynyň hemişe artygy bilen berjaý edilmeginde Hazar şäherindäki we Ekerem şäherçesindäki senagat-geofizika ekspedisiýalarymyzyň, Balkanabatdaky kompýuter-tehnologiki hem-de ýokary tehnologiki enjamlary ornaşdyryş ekspedisiýalarymyzyň goşantlary has uludyr. Işleriň häzirki depgini zähmet toparlarymyzyň 2017-nji ýylyň meýilnamalaryny hem üstünlikli berjaý etjekdiklerinden habar berýär.

Jennet KAKABAÝEWA,

«Türkmennebit» DK-nyň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň

Kärdeşler arkalaşygynyň guramasynyň başlygy.

“Nebit-gaz” gazeti.

10.01.2017 ý.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.