Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

«SAGDYNLYK BILEN BELENTDIR RUHUM!»

atly şygar bilen «Türkmengaz» döwlet konserni, «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyňýaş nesliň sagdynlygy, ruhubelentligi barada edýän taýsyz tagallalary barada, ýurdumyzda sporty ösdürmekde alnyp barylýan işler, geçirilýän halkara sport bäsleşikleri hakynda ýazylan iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgulardyr hekaýalaryň bäsleşigini yglan edýär.

BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY

I.Bäsleşigiň maksady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyza peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň geljekki ýaş neslini berk bedenli, sagdyn ruhly, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar edip terbiýeläp ýetişdirmekden, ýaşlaryň ýaramaz, zyýanly endiklerden daşda durmaklary üçin edilýän aladalaryň Watany özgertmekdäki täsirini, dünýä jemgyýetinde tutýan omy, abraýy barada halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmekden, dünýäniň progressiw jemgyýetini özüne çekýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer, adyl syýasatyň netijelerini dabaralandyrmakdan, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmekden ybarat.

II.Bäsleşige gatnaşmagyň şerti

Bäsleşige Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärler gataaşýarlar we ýazan makalalaryny, oçerklerini, goşgularyny, hekaýalaryny, fotoreportažlaryny «Sagdynlyk bilen belentdir ruhum!» atly şygar bilen «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasyna iberýärler. Iberilen işlerde awtorlaryň öý salgysy, işleýän ýeri, wezipesi, telefon belgisi takyk görkezilmelidir.

III.Bäsleşigi geçirmegiň tertibi

«Sagdynlyk bilen belentdir ruhum!» atly şygar bilen geçirilýän döredijilik bäsleşigi 2017-nji ýylyň dowamynda geçirilip, onuň jemi Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda jemlenilýär. Bäsleşige gelen çykyşlar bäsleşigiň jemi jemlenýänçä «Nebit-gaz» gazetinde «Sagdynlyk bilen belentdir ruhum!» atly şygar bilen yzygiderli çap edilýär. Çap edilip ýetişilmedik işler hem bäsleşigiň jemi jemlenende, çap edilen materiallar bilen bir hatarda hasaba alynýar.

«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 56-njy jaýy, tel: (99312) 44-08-40. Faks: (99312) 44-19-13.

IV.Bäsleşige gatnaşýanlaryň işlerine baha bermek

Bäsleşige iberilip, çap edilen we çap edilip ýetişilmedik makalalara, oçerklere, fotoreportažlara, goşgulara we hekaýalara baha bermek hem-de orunlary kesgitlemek Türkmenistanyň nebitgaz toplumyndan düzülen eminler topary tarapyndan çykarylan çözgüde laýyklykda amala aşyrylýar.

Eminler toparynyň çykaran çözgüdine laýyklykda bäsleşikde oňat netije gazananlar aşakdaky tertipde sylaglanýarlar:

I.1-nji orna mynasyp bolan üç adamyň her birine gymmat bahaly sowgat, Hormat haty, gül dessesi.

II.2-nji oma mynasyp bolan üç adamyň her birine gymmat bahaly sowgat, Hormat haty, gül dessesi.

III.3-nji oma mynasyp bolan üç adamyň her birine gymmat bahaly sowgat, Hormat haty, gül dessesi.

Bäsleşikde 5 (bäş) sany höweslendiriji baýrak göz öňünde tutulyp, oňa mynasyp bolanlar 2018-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Nebit-gaz» gazetine muzdsuz abuna ýazylarlar.

Ýeňijileri sylaglamak bilen baglanyşykly çykdajylar Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hasabyna amala aşyrylýar.

“Nebit-gaz” gazeti.

10.01.2017 ý.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.