Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

BELENTLIKLERI NAZARAÝAN ROWAÇLYKLAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz tanalmaz derejede özgerýär, ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilýär. Bu ajaýyp ösüşler Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhratyny barha artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan işler rowaçlyklaryň has belende galýandygyny dünýä ýaýýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hünärmenleri hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen yhlasly zähmet çekýärler. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, iş berijiler bilen kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň arasynda baglaşylýan köpçülikleýin şertnamalar wajyp kadalaşdyryjy resminama bolup hyzmat edýär. Köpçülikleýin şertnamalarda zähmetkeşleriň ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda durmuş taýdan goragly bolmagy, olar üçin goşmaça ýeňillikleri, kepillikleri, öwezini dolmalary, işgärler üçin sagdyn we howpsuz iş hem-de dynç alyş şertlerini göz öňünde tutýan durmuş-ykdysady häsiýetli ikitaraplaýyn borçnamalar kabul edildi. Ýurdumyzyň zähmet köpçüliklerinde köpçülikleýin şertnamanyň talaplarynyň berjaý edilişi gözegçilikde saklanylýar.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bölümleriniň, pudaklaýyn Geňeşleriň işgärlerini, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek maksady .bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň çäk birleşmelerine usuly kömek bermek we wagyz-nesihat çärelerini geçirmek maksady bilen gulluk iş saparlaryna ugradyldy. Bu çäre ýerlerde kärdeşler arkalaşyklarynyň işini talabalaýyk ýola goýmakda oňat netijesini berendigi bilen aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen geljek nesiller üçin taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleriň aýawly saklanylmagyny wagyz edilmäge gönükdirilen uly işler geçirildi. Ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynda, okuw mekdeplerinde ýaşlaryň arasynda geçirilen medeni çärelerde baý milli mirasymyz, özboluşly däp-dessurlarymyz giňden wagyz edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de degişli ministrlikler bilen bilelikde dürli sport çärelerini, hünär bäsleşiklerini we baýramçylyk dabaralaryny gurady. Bu çäreleriň ählisi ýaşlaryň gadymy mirasymyzy has ýakyndan öwrenmeklerine, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň baş hukuk gözegçisi 2016-njy ýylyň 29-njy maý — 11-nji iýuny aralygynda Halkara Zähmet Guramasynyň Ženewa şäherinde bolup geçen 105-nji sessiýasyna hökümet wekiliýetiniň agzasy hökmünde gatnaşdy. Onda Halkara Zähmet Guramasynyň «Mejbury işi gadagan etmek hakynda» Konwensiýasynyň ýerine ýetirilişi barada ilkinji gezek Türkmenistanyň Hökümetiniň hasabaty diňlenildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Halkara Zähmet Guramasynyň iki Konwensiýasy: Assosiasiýalaryň erkinligi we olary guramaga bolan hukugy goramak barada 87 belgili (1948 ý.) we Kollektiw şertnamalary guramaga we baglaşmaga bolan hukuk hakynda 89 belgili (1949 ý.) Konwensiýalary boýunça Milli hasabaty ýazmakda görkezilen ministrlige kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklarynyň, ilkinji guramalaryň we olaryň agzalarynyň sany, baglaşylan köpçülikleýin şertnamalaryň we ylalaşyklaryň sany, kärdeşler arkalaşyklarynyň kanunçylyk-hukuk binýady, olaryň gündelik hem-de tertipnamalaýyn alyp barýan işleri baradaky maglumatlary goşmak bilen ýardam berýär.

Häzirki wagtda Kärdeşler arkalaşyklarynyň düzümindäki ähli guramalaryň işgärlerini gaýtadan okatmak meselesine uly üns berýäris we okuw-maslahatlaryny geçirmek boýunça Geňeşiň kararyna laýyklykda, 2016-njy ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň dowamynda pudaklaýyn Geňeşleriň we çäk birleşmeleriniň işgärleriniň, hukuk we tehniki gözegçileriň ählisiniň okuw-maslahatlary geçirildi. Onuň ýurdumyzdaky ähli edara-kärhanalarda hereket edýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň dogry we dürs ýola goýulmagyna ýardam berýändigini tejribeler görkezýär.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Gahryman Arkadagymyz halkymyza ajaýyp eserleri sowgat etdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitaby ildeşlerimiziň ýakyn gollanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy «Çaý — melhem hem ylham», «Gadamy batly bedew», «Arşyň nepisligi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan» atly eserleri bilen serpaýlamagy başyňy gök diredýär. Bu kitaplar milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda möhüm orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilmegi hem buýsandyryjy wakalaryň biridir. 2017-nji ýylda ýurdumyzyň şan-şöhratyny belende göterjek beýik işler amala aşyrylar. Bu ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Ýurdumyzda bu möhüm çärä görülýän taýýarlyk işleri türkmen türgenleriniň ajaýyp üstünlikler bilen halkymyzy ruhlandyrjakdygyna şaýatlyk edýär. Uly sport baýramçylygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.

2016-njy ýylyň 13 — 14-nji dekabrynda türkmen zenanlaryndan ybarat wekiliýetiň Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäherinde geçirilen Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşmagy Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň ýakymly wakasy boldy. Dabaranyň geçýän ýerinde bu maslahata gatnaşýan döwletleriň baýdaklarynyň arasynda ýaşyl Tugumyzyň bolmagy bizi diýseň buýsandyrdy. «Geljegiň hatyrasyna jebisleşmek» atly şygar astynda geçen maslahatyň dowamynda biz dürli döwletlerden gelen zenan ýolbaşçylaryň çykyşlaryny diňledik. Zenanlaryň bütin dünýädäki orny baradaky gyzykly çykyşlar maslahata gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dünýäniň dürli döwletlerinden gelen zenanlaryň Türkmenistanyň ösüş-özgerişleri, türkmen zenanlarynyň nepis el hünärleri, olaryň jemgyýetde eýeleýän mynasyp orunlary baradaky gürrüňlerini diňleýärkäň, hormatly Prezidentimiziň bu babatda durmuşa geçirýän işleri kalbyňa dolýar. Şol pursat mährem enelere we zenanlara sarpasy belent Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyň has belende galýar.

Goý, Arkadag Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Göwher BAÝRAMOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň,

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy.

01.01.2017 ýyl.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.