Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

I. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda, № 4, 76-njy madda; 2014 ý., № 1,45-nji madda, №2, 79-njy madda, № 4,162-nji madda; 2015 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 104-nji madda, № 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., № 1,6-njy, 29-njy we 62-nji maddalar) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 180-nji maddadan soň şu mazmunly maddalary goşmaly:

«1801-nji madda. Binalar we desgalar gurlanda, durky täzelenende, düýpli abatlananda hem-de bu işleriň taslama-çenlik resminamalary düzülende

gurluşyk kadalarynyň bozulmagy

1. Gurluşyk pudagynda döwlet standartlaryna laýyk gelmeýän gurluşyk materialiarynyň, önümleriniň we gurnawlarynyň ulanylmagy, tehniki şertler, inžener gözlegleri, taslama işleri, gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirilende gurluşykda tassyklanan taslamalaryň we beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň düzgünleriniň bozulmagy bilen, binalaryň we desgalaryň berklik, durnuklylyk, çydamlylyk görkezijileriniň peselmegi, gurluşygyň hiline, daşky keşbine bildirilýän talaplaryň bozulmagy —

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine, wezipeli adamlara — ýigrimisinden otuzysyna, ýuridik şahslara — otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Binalaryň we desgalaryň hem-de gurluşyk işleriniň kabul edilmeginde bellenilen kadalaryň we tertibiň bozulmagy –

wezipeli  adamlara binýatlyk mukdaryň ýigrimisinden otuzysyna çer möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Binalary we desgalary gurmak, durkuny täzelemek we gurluşyk-gurnama işlerini rugsatsyz alyp barmak, şeýle hem gurluşygy tamamlanan binalary we desgalary kabul etmek baradaky resminamalary resmileşdirmezden olaryň ulanylmagy ýa-da işe girizilmegi —

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine, wezipeli adamlara — ýigrimisinden otuzysyna, ýuridik şahslara — otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Binagärlik-meýilleşdiriş tabşyryklaryň talaplarynyň bozulmagy —

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine, wezipeli adamlara — ýigrimisinden otuzysyna, ýuridik şahslara — otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

5. Şu maddanyň birinji, ikinji, üçünji we dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi —

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ýigrimisinden otuzysyna, wezipeli adamlara — otuzysyn­dan ellisine, ýuridik şahslara — ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

1802-nji madda. Paýly gurluşygyň rugsatsyz alnyp barylmagy

1. Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygynyň ygtyýarly edaranyň ýazmaça rugsady bolmazdan alnyp barylmagy —

ýuridik şahslara binýatlyk* mukdaryň otuzy­syndan ellisine çenli möçberde jerime salynma­gyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowa­mynda gaýtadan edilmegi —

ýuridik şahslara binýatlyk mukdaryň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynma­gyna eltýär.».

2. 214-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«214-nji madda. Ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan hereket tizliginiň artdyrylmagy

1. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy —

duýduryş berilmegine eltýär.

2. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10-dan ýokary, ýöne 30 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy —

binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 30-dan ýokary, ýöne 50 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy —

binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 50 kilometrden ýokary artdyrylmagy —

binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aýdan alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

5. Şu maddanyň ikinji-dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin ad­ministratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi —

binýatlyk mukdaryň bäşisinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýdan bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

Bellik

Gaýragoýulmasyz gulluk tabşyryklaryny ýerine ýetirýän tiz kömek, ýangyn howpsuzlygy, beýleki dessin we ýörite gulluklaryň gök-gyzyl reňkli ýylpyldaýan yşyjygy ýakylan ulaglarynyň sürüjileri, şeýle hem döwlet we resmi wekilýetleriň ulaglarynyň guramaçylykly kerwenleriniň düzüminde hereket edýän sürüjiler hereket howpsuzlygyny berjaý etmek şerti bilen Ýol hereketiniň kadalarynyň bellenilen talaplarynyň çäginden çykyp bilerler.».

3. 214-nji maddadan soň şu mazmunly mad­dany goşmaly:

«2141-nji madda. Ýol belgileriniň talaplarynyň berjaý edilmezligi, durmak ýa-da säginmek kadalarynyň bozulmagy

1. Ýol belgileriniň (hereketde artykmaçlygy görkezýän, gadagan ediji, buýruk beriji belgileriň) ýa-da ýollaryň ýörelýän bölegindäki bellikleriň, hereketde artykmaçlyk bermek talaplarynyň berjaý edilmezligi, ozup geçmek, pyýada geçelgelerinden geçmek ýa-da jemgyýetçilik ulagyny duruzmak kadalarynyň bo­zulmagy, şeýle hem garaňkyda ýa-da ýol oňat görünmeýän wagtynda yşyklandyryiy abzallary peýdalanmak kadalarynyň berjaý edilmez­ligi —

duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,1 böleginden 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Ýol yşygyň gadagan ediji duýdurmasyna ýa-da hereketi düzgünleşdirijiniň eli, ala taýagy bilen edýän gadagan ediji üm-hereketine garaman geçilmegi —

binýatlyk mukdaryň birisinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Ulag serişdeleriniň durmak ýa-da säginmek kadalarynyň bozulmagy —

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowa­mynda gaýtadan edilmegi —

binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

5. Ulag serişdeleriň pyýada ýodalarynda sürülmegi, säginmegi ýa-da goýlup gidilmegi, şonuň ýaly-da ulag serişdeleri bilen ýaşaýyş jaýlaryna, binalara, desgalara we gurluşlara barylýan geçelgeleriň, ýollaryň, girelgeleriň ugurlarynyň beklenilmegi —

binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.».

4. 253-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«2531-nji madda. Uçarmansyz uçýan enjamlaryň tehniki ölçegleriniň talaplarynyň bozulmagy

1. Uçarmansyz uçýan enjamlaryň tehniki mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen belleni­len tehniki ölçeglerini üýtgetmek —

duýduryş berilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowa­mynda gaýtadan edilmegi —

uçarmansyz uçýan enjamlary muzdsuz alyp, fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine, ýuridik şahslara — onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.».

5. 3551-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«3552-nji madda. Jemgyýetçilik ýerlerinde sergezdançylyk ýa-da gedaýçylyk bilen meşgullanylmagy

1. Jemgyýetçilik ýerlerinde sergezdançylyk ýa-da gedaýçylyk bilen meşgullanylmagy —

duýduryş berilmegine ýa-da ýigrimi dört sagatdan otuz alty sagada çenli möhlete jemgyýetçilik işleriniň berilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowa­mynda gaýtadan edilmegi —

on bäş gije-gündize çenli möhlete admi­nistratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.».

6. 448-nji maddanyň birinji böleginde «251 -nji,», «3551-nji,» diýen sanlardan soň degişlilikde «2531-nji,», «3552-nji,» diýen sanlary goşmaly.

7. 480-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«4801-nji madda. Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik edaralarynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

1. Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik edaralary şu Kodeksiň 1801-nji, 1802-nji, 272-nji, 274-nji maddalarynda we 365-nji maddasynyň ikinji (gurluşyk kadalarynyň we paýly gurluşyk hakynda kanunçylygyň bo­zulmagy) böleginde göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň adyndan ygtyýarlyklarynyň

çäginde administratiw hukuk bozulmalary ba­rada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge  Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik edaralarynyň şu aşakdaky wezipeli adamlarynyň hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri we onuň orunbasarlary;

2) Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň direktory, onuň orunbasary we baş inženeri;

3) Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Döwlet ygtyýarlylandyryş we hile gözegçilik merkeziniň başlygy we onuň orunba­sary;

4) Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirliginiň başlygy we onuň orunbasarlary.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabry.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

«Türkmenistan» gazeti.

21.10.2016 ýyl.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.