Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-nji madda; 2014 ý., № 3, 116-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 6-njy maddanyň 9-njy böleginiň birinji tesimin­de, 45-nji maddada, 50-nji we 66-njy maddalaryň 1-nji böleklerinde «jemgyýetçilik birleşikleri», «jemgyýetçilik birleşikleriniň» diýen sözleri aýyrmaly.

2. 19-njy maddanyň 6-njy bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen ýagdaýlarda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, esasy iş ýerinde önümçilik ýa-da gulluk wezipelerini ýerine ýetirmekden wagtlaýyn boşadylan saýlaw toparynyň agzasynyň iş ýeri (wezipesi) we ortaça zähmet haky saklanýar.».

3. 22-nji maddanyň 3-nji böleginde «syýasy maksat tutýan» diýen sözleri aýyrmaly.

4. 32-nji maddanyň 1-nji böleginde:

üçünji tesimde «altmyş gün» diýen sözleri «altmyş bäş gün» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

bäşinji tesimi şu mazmunda beýan etmeli:

«Uçastok saýlaw toparlary degişli etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan 5-15 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Zerur bolan halatlarda uçastok saýlaw toparlary iň az sanda — üç agzadan ybarat düzümde dörediiip bilner.».

5. 38-nji maddanyň 6-njy böleginde «altmyş bäş gün» diýen sözleri «altmyş gün» diýen sözler bilen çalşyrmaly.

6. 44-nji maddada:

1-nji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.».

2-nji bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan et­meli:

«Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenilip bilner.».

7. 46-njy maddanyň 3-nji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Teklipçi toparyň bellige almak baradaky arzasy saýlawlar gününe çenli ýetmiş gün galandan başlap berilýär.».

8. 70-nji maddanyň 2-nji böleginiň ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«Saýlaw býulletenleriniň jemi sany saýlawçylaryň sanawlaryna girizilen saýlawçylaryň sanyna deň bolmalydyr. Ätiýaçlyk üçin çap edilýän saýlaw býulletenleriniň sany býulletenleriň umumy sanynyň iki göteriminden köp bolmaly däldir.».

9. 85-nji maddanyň 3-nji böleginde «onuň düzümini degişli Geňeş tassyklaýar» diýen sözleri aýyrmaly.

10. 88-nji maddanyň 3-nji böleginiň 5-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«5) saýlaw okruglarynyň we saýlaw uçastoklarynyň sanawlaryny, olaryň çäklerini, ýerleşýän ýerlerini, saýlaw toparlarynyň düzümini görkezmek bilen çap etmek;».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabry

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

"Türkmenistan" gazeti.

21.10.2016 ýyl.

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.