Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

«DAÝANÇDA » ÇAGALAR DÖWREBAP DYNÇ ALÝARLAR

Çagalar üçin iň bir hezil döwür bolan tomus pasly dowam edýär. Olara bu sapaly aýlarda kalplara buýsanç, köňüllere rahatlyk paýlaýan gojaman Hazaryň asuda kenarynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezi gujagyny giňden açýar. 2010-njy ýylyň iýun aýynda mähriban Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen açylan bu ajaýyp merkezde şu geçen döwürde güneşe baý diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden çagalaryň müňlerçesi gelip, dynç aldylar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň ýollanmasy bilen bu ýere gelýän çagalaryň döwrebap dynç alyp, her bir gününi şatlykda, peýdaly geçirmekleri üçin merkezde ähli amatlyklar döredilen. Bu ýerde ähli döwrebap enjamlar, sportdur oýun meýdançalary, kompýuter we dynç alyş otaglary, kitaphana, ululy-kiçili howuzlar we beýlekiler bar.

Merkez dowamlylygy 10 günden ybarat bolan her tapgyrda çagalaryň 280-sini kabul edýär.

— Suwy derman, howasy tenekar Hazaryň kenarynda ýerleşýän merkezimizde dynç alýan bagtyýar çagalaryň wagtlaryny gyzykly, manyly geçirmekleri üçin biz dürli bäsleşikleri, çekişmeleri, sport ýaryşlaryny yzygiderli geçirýäris. Kinozalymyzda çagalar üçin niýetlenen filmller we multfilmler görkezilýär. Dürli ugurlara degişli gurnaklaryň 9-sy işleýär, olarda çagalar döredijilik bilen meşgullanýarlar. Biz ýygy-ýygydan körpeleriň çeken suratlaryndan sergileri, aýdym-saz otagymyzda zehinli çagalaryň aýdymdyr saz, tans çykyşlaryny guraýarys. Bu ýaş nesillerimiziň medeniýete, sungata, sporta höwesiniň, ukyp-başarnyklarynyň artmagyna uly mümkinçilik berýär — diýip, bu ýerde hereket edýän medeniýet merkeziniň hünärmeni Ogulgerek Jumageldiýewa gürrüň berdi.

Türkmenbaşy şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri-de muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergileri bilen ýygy-ýygydan bu ýerde myhmançylykda bolýarlar. Muzeý işgärleriniň ülkämiziň taryhyna, tebigatyna, kenarýaka türkmenleriniň gadymy hem müdimi mirasyna degişli sergi esbaplary, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny hemmetaraplaýyn döwrebap ösdürmek boýunça alyp barýan bimöçber işleri barada berýän gyzykly gürrüňleri ýaş nesillerde uly täsir galdyrýar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda guralýan sergiler, dürli temalardaky gürrüňdeşlikler çagalarda milli mirasymyza bolan sarpany, bilesigelijiligi artdyrýar, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine ýardam edýär.

Mahlasy, bagtyýar çagalaryn Hazaryň boýunda rahat, asuda we wagtyhoş dynç almaklary ugrunda «Daýanç» sagaldyş merkeziniň ýolbaşçysy Gahryman Babamyradow, onuň guramaçylyk we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Geňlik Taganowa we beýleki işgärler güýç-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar. Olaryň çekýän yhlasly zähmetleri ýerine-de düşýär.

Biz bu sapaly künjekde dynç alýan çagalar bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar şu ýerde özlerine gyzyklanara zadyň köpdügi, iýmitleriniň oňatdygy, howuzlara suwa düşýändikleri, Awazadaky seýilgählere we beýleki owadan ýerlere gezelençlere gidýändikleri, alýan ýatdan çykmajak täsirleri barada höwes bilen gürrüň berýärler. Bagtyýar oglanjyklar we ' gyzjagazlar özleriniň bilimli, beden taýdan « sagdyn, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladasyny edýän mähriban Arkadagymyza tükenmez alkyşlaryny beýan edýärler.

Güljemal AŞYROWA,

Türkmenbaşy şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgäri.

«Nebit-gaz» gazeti.

23.08.2016 ýyl.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.