Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

Arhiw

10 ÝANWAR 2017

ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENDI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň jemleýji ýyly bilen agzybir türkmen halkymyz uly dabara hem şowhun bilen hoşlaşdy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrap birleşmesi tarapyndan Garaşsyzlyk etrabynyň «Iki dogan» toý mekanynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şatlyk-şagalaňa beslenen çäre geçirildi.

ALKYŞYMYZ ÇÄKSIZDIR

Şanly wakalara baý bolan 2016-njy ýyl ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Paýtagtymyzda we şäherlerimizde täze ýaşaýyş jaýlarynyň, welaýatlarymyzda, etraplarymyzda döwrebap obalaryň, şäherçeleriň açylyp ulanylmaga berilmegi, Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň geçirilmegi, Aziýa Halkara demir ýolunyň Atamyrat — Ymamnazar — Akina böleginiň açylmagy, Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi we beýleki şanly wakalar ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny ýene-de bir mertebe belende göterdi.

SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ ÝURDY

Dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň ýurdy hökmünde giňden tanalýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bu gün syýasy, ykdysady we medeni ösüşleri başdan geçirýär. Ýurdumyzyň saglyk ulgamyna berilýän üns döwlet derejesindäki alada öwrüldi. Berkarar döwletimizde saglygy goraýşy düýpli özgertmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, täze, sagdyn durmuş endiklerini ornaşdyrmak maksady bilen, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarda, häzirki zaman saglygy goraýyş merkezleri gurulýar. Bu işleriň ählisi, halkymyzyň sagdyn, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

TÄZE ÝYLYŇ BATLY GADAMLARY

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýip at alan 2016-njy ýyly uly dabara bilen taryha ugratdyk. Gahryman hem mähriban Arkadagymyz tarapyndan Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýyly-täze ýyly şatlyk-şowhun bilen garşyladyk.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZYŇ SPORT MERKEZLERINDE TÜRGENLEŞIK GEÇDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşleri bilen bilelikde esasy desgalarynyň gurluşygy tamamlanan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde ir bilen türgenleşik geçdi, şeýle hem Awtosport merkezinde sport awtoulagyny ýokary tizlikde sürmegiň ussatlygyny görkezdi.

AZIÝA OÝUNLARY MYNASYBETLI GEÇIRILÝÄN ATLY ÝÖRIŞ LEBAP WELAÝATYNA BARDY

Mundan laýyk 250 gün ozal, 2016-njy 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýanynda Aziada-2017 mynasybetli ýyndam hem-de owadan ahalteke bedewine atlanan 17 çapyksuwaryň gatnaşmagyndaky atly ýörişe badalga berdi. 500 günüň dowamynda atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan geçer hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylýan güni Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde jemleýji pellehanasyna ýeter.

ERKANA ÇAGALAR ŞADYÝAN ÝAÝNAÝAR

Gözel Gökdere «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň, «Şöhle» dynç alyş we sagaldyş merkezi. Uly girelgedäki derwezeden ätländen ilki bu jelegaýlaryň täsin gözelligi, gelşigi şaglap akyp ýatan, jülgäni parran bölüp geçýän çeşmä nazaryň düşýär. Üsti garly keremli daglaryň durkunda bu täsin tebigy çeşmäniň aýratyn orny bar.

BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze ýylyň baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylyp, geçen dekabr aýynyň ortalaryndan tä şu günki güne çenli dowam etdi. Baýramçylyk çäreleriniň birnäçesi ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda hem guramaçylykly geçirildi.

TÄZE ÝYL – ARZUWLARYŇ BAÝRAMY

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýaşaýyş-jemagat hojalyk kärhanasy we onuň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Täze ýyl — ýagşy umytlaryň we arzuwlaryň baýramy» atly çäre geçirildi. Nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda görnükli meýdançada ýerleşdirilen baýramçylyk arçasynyň ýanynda guralan çärä dürli ugurlarda zähmet çekýän nebitgazçylar, ýetginjekler we çagalar hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

DÖWRÜŇ TALAPLARYNDAN UGUR ALYP

Pähim-parasady umumadamzat ykrarnamasyna eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň görkezmelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri bolup durýar.

«SAGDYNLYK BILEN BELENTDIR RUHUM!»

atly şygar bilen «Türkmengaz» döwlet konserni, «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyňýaş nesliň sagdynlygy, ruhubelentligi barada edýän taýsyz tagallalary barada, ýurdumyzda sporty ösdürmekde alnyp barylýan işler, geçirilýän halkara sport bäsleşikleri hakynda ýazylan iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgulardyr hekaýalaryň bäsleşigini yglan edýär.

«NEBIT-GAZ BAÝLYGYM, HAZYNA-GENJIM, WASPYŇ ETSIN DILLER, SAŇA BUÝSANJYM!»

atly şygar bilen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmengaz» döwlet konserni, «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda bu pudakda alnyp barylýan işler, önümçiligiň öňdebaryjylary hakynda ýazylan iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgulardyr hekaýalaryň bäsleşigini yglan edýär.

BAKY BAGTYŇ EÝELERI

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan özgertmeler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda  döwlet tarapyndan uly alada edilýändigine şaýatlyk edýär.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.