Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

Arhiw

05 ÝANWAR 2017

ÝAGŞY ARZUWLARYŇ BAÝRAMY

Ýakynda ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Birata etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda, Täze ýyl baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabara boldy. Etrabyň mekdepleriniň, çagalar baglarynyň körpeleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu dabarada ýaňlanan aýdym-sazlarda ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýan mähriban Diýarymyzyň waspy ýetirildi.

FUTBOL BÄSLEŞIGI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, bedenterbiýe we sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Munuň özi ýerlerde yzygiderli çäreler bilen has-da işjeňleşdirilýär.

BERKARAR DIÝARA TÄZE ÝYL GELDI

Täze ýyl baýramynyň şanyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň guramagynda «Nurlandyryp älemi, şatlandyryp ilimi» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy ýatda galyjy pursatlara baý boldy.

BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyny beýik ösüşlere beslän mähriban halkymyz Täze — 2017-nji ýyly süýji arzuw-umytlar bilen garşylady. Ýurdumyzda Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar ýurdumyzyň çar künjünde giň gerim aldy. Täze ýylyň şanyna geçirilýän dabaralar şu günler hem uly ruhubelentlige gurşalýar. Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynda ýerleşýän Türkmenbaşy Jins toplumynda toplumyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň hem-de ilkinji ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Täze ýylda täze bolsun badyňyz, bereketden doly bolsun badyňyz» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy hem bu aýdylýanlaryň üstüni ýetirdi.

ÖZGERIŞLI AK ÝOLLARYŇ RÖWŞENI

Garaşsyz Diýarymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalar, şanly seneler bilen bezelýär. Munuň özi agzybirlikden döwlet tapan, halallyga, adalata, dost-doganlyga gol ýapan merdana halkymyzyň eşretli zamanda ýaşaýandygynyň kepilidir.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.