Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

Arhiw

03 ÝANWAR 2017

BAGTYÝAR DIÝARA TÄZE ÝYL GELDI

Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna döredijilikli we yhlasly zähmet çekýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň işewür agzalarynyň gatnaşmagynda Mary şäherindäki «Kenar» dabaralar mekanynda geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi hem göwünleri joşa getirdi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalaryny höweslendirmek we Täze ýylda täze zähmet üstünliklerine galkyndyrmak maksadyna eýerilen çäre boýdan-başa baýramçylyk gutlaglaryna, degişme sahnalaryna, Watan, Arkadag wasply aýdym-sazlara beslendi.

GYZGALAŇLY SPORT ÝARYŞY

Üstümizdäki 2017-nji ýylda Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen şäher birleşmesi hem şäheriň sport türgenleri bilen Aziada — 2017-ni mynasyp garşylamak boýunça çäreleri yzygiderli guraýar.

TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda etrabymyzda gurlup ulanylmaga berlen, ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtanyň çigidini arassalamaga niýetlenen täze döwrebap kärhananyň mejlisler zalynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň guramagynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

FUTZAL BOÝUNÇA ÝARYŞ

Üstümizdäki 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramaçylykly geçirmäge uly taýýarlyk görülýär. Ýakynda Aziada — 2017-niň oýunlar maksatnamasyna girýän sport görnüşlerini wagyz etmek, ildeşlerimiziň sport janköýerligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Görogly etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde Görogly etrap sport komiteti bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Görogly etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda sportuň futzal görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

ARÇA BAÝRAMY GEÇIRILDI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly bolan 2016-njy ýyl üstünlikli, rysgal-döwletli ýyl bolup jemlendi.

TÄZE ÝYLA BAGYŞLANDY

Balkanabat şäherindäki nebitçileriň medeniýet köşgünde geçirilen dabaraly çäre Täze ýyl baýramyna bagyşlandy. Oňa “Türkmennebit” döwlet konserniniň edara-kärhanalarynyň işgärleri we olaryň çagalary gatnaşdylar.

YLYM BILIM ÖZGERTMELERI

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň toýlanan ýylynda ylym, bilim ulgamynda uly öňegidişlikler gazanyldy. Ýurdumyzyň ähli ösüşlerini bilim ulgamy bilen berk baglanyşdyrýan Arkadag Prezidentimiz bu ulgamy has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns berýär. Bilim we terbiýeçilik işleriniň has-da kämilleşdirilmegi, ýaş nesliň döwrebap bilimi üstünlikli özleşdirip bilmegi, ýaşlaryň öz ukyplaryny we zehinlerini artdyrmaklary bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet berilmegi, ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň barha giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär.

GYZYKLY GEZELENÇ

Welaýatymyz taryhy, tebigy we medeni ýadygärliklere örän baýdyr. Olar köplerde janly gyzyklanma döredýär. Şeýle ýadygärliklere gyzykly gezelençler ýygy-ýygydan guralýar. Golaýda taryhy ýerlere we gojaman Köýtendaga guralan gezelenje welaýatymyzyň sport ulgamynda göreldeli zähmet çekýän hünärmenleriň uly topary gatnaşdy.

ILKINJILERIŇ ŞÄGIRDI BOLUPDYM

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje gözleg-burawlaýyş müdirliginiň burawlaýjy ussasy Hajymämmet Nuryýewiň baştutanlyk edýän burawlaýjylar topary Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşen Uzynada meýdançasynda Ýeriň aşaky gyzyl reňkli çökündilerinde nebit-gazyň baý ýatagyny gözläp tapmak maksady bilen, heniz türkmen taryhynda ilkinji gezek taslama çuňlugy 7150 metr bolan gözleg guýusyny burawlamak işini alyp barýarlar.

TÄZE ÝYLYŇYZ BILEN!

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmakda nebitgaz toplumy aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Geçen 2016-njy ýylda hem nebitçiler, gazçylar, geologlar, nebitgaz gurluşykçylary, TNGIZT-niň işgärleri ýadawsyz zähmet çekdiler we olaryň amala aşyran işi az däldir. Toplumyň edara-kärhanalarynyň ençemesi bolsa berlen tabşyryklaryň hötdesinden abraý bilen gelip, täze ýyly mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylady.

BAGTYÝARLYGYŇ SAÝASYNDA

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyny beýik ösüş-özgerişlere beslän halkymyz Täze ýyly — 2017-nji ýyly süýji arzuw-umytlar bilen garşylady. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilmegi ildeşlerimizi bagtyýarlyga besledi. Munuň özi bu ýylyň halkymyza täze üstünlikleri ýaran etjekdigini, ýurdumyzyň şan-şöhratyny belende galdyrjak işleriň durmuşa geçiriljekdigini alamatlandyrýar.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.