Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!

Arhiw

01 ÝANWAR 2017

BELENTLIKLERI NAZARAÝAN ROWAÇLYKLAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz tanalmaz derejede özgerýär, ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilýär. Bu ajaýyp ösüşler Garaşsyz. hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhratyny barha artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan işler rowaçlyklaryň has belende galýandygyny dünýä ýaýýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly tamamlanyp barýar. Biz il-ýurt bähbitli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde ýokary netijeler gazanylan 2016-njy ýyl bilen hoşlaşyp, ata Watanymyzy täze belentliklere çykarjak 2017-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýarys.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.